flowers_
09.01.2024 09:36
Bir günüň resepti

Gerekli önümler:


Bir çümmük
«Ertiriňiz haýyrly bolsun!»;
Bir çaý çemçe
«Günüňi gowy geçirmäge isleg»;
Birazajyk
«Geçirimlilik»;
Az-owlak
«Mylakatlylyk»…
Bellik:
Hemme önümler arassa, täze bolmaly.

Taýýarlanyşy:

Ýokarkylary köňül tabagyňyzda gowy edip ýugruň;
Akyl pejiňize salyp, doly bişýänçä – ysy üstüňize ornaýança saklaň;
Içine duýgy şerbetini goşup, bir salym goýuň;
Soňra ony durmuşyňyzyň üstünden az-azdan guýuň;
Üstüni söýgi hem mähir süýjülikleri bilen bezäň;
Älemgoşar owuntyklaryny sepeläň;
Tagamymyz taýýar.

NOŞ BOLSUN!!!

Bu tagamy günde işdämenlik bilen iýiň. Diňe özüňiz däl, hemmelere hödürläň. Ýene bir zat: şu tagamy günde iýseňizem, berçigmersiňiz.



Taýýarlan, terjime eden Mekan Annaberdiýew.
52
130
Tayler
9 Yanwar 2024
@flowers_, bu tagama berhizli bolmaklaram ahmal😁
amanmyradowna_
9 Yanwar 2024
Mena gùnnede bişirýàn ýaman sùýjù😁😊😊😊
Tayler
9 Yanwar 2024
Bu önümler köp adamlarda ýok😁
manolya
9 Yanwar 2024
😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.