flowers_
11.01.2024 19:18
Ezizowyň emri bilen…
Şahyr hakdaky ýatlamalardan.


Gurbannazar Ezizow ýyly geýinmegi gowy görüpdir. Halypa ýazyjylar bu barada şeýle degişmäni gürrüň berýärler:

Bir gezek Gurbannazar Ezizow gyşyň güni Kerim Gurbannepesowlara baranda içerik girip, plaşyny çykarypdyr, soň penjegini, soň žemperini, soň ýeňsizini, garaz, ýöne çykaryp durmuşyn…

Şonda Kerim şahyr:

— Boldy-how, Gurbannazar, deriňe ýetýäň beýdip – diýip, oňa degipdir.

***

Krossword çözmek Gurbannazar Ezizowyň iň söýgüli güýmenjesi bolupdyr.

***

Gurbannazar Ezizow dutardyr pianino çalmaga hem ezber eken. Şahyr käte: “Şu sazy çalmagy menden öwren!” diýip, türkmen mukamynyň ägirdi Nury Halmämmedowyň ýanynda öwnüpdir.

***

Gurbannazar Ezizow bilen Nury Halmämmedow sähel sypynyp bilseler küşt oýnar ekenler. Her gezegem sazyň läheňi sözüň läheňini utupdyr.

***

Gurbannazar Ezizow Samarkant şäherinde tankçy batalýonda gulluk edipdir.

***

Bir gün Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda Atageldi Garýagdyýew Nury Halmämmedowyň bir aýdymyny aýdanda zal joşup el çarpypdyr. Aýdym tamamlanansoň, Atageldi aga bir künjekde ýygrylyp oturan Nury Halmämmedowa elini uzadyp, ony sahna çagyrypdyr. Meşhur kompazitor sypaýy ýöräp sahna çykypdyr weli, el çarpmalar has güýçlenipdir. Soň Nury Halmämmedow hem zaldan bir ýigidi çagyrypdyr. O ýigit ýerinden turup, halaýyga baş egipdir-de ýene oturyberipdir. El çarpyşlyk gutarmandyr. Kompazitor ýene elini bulap: “Bäri gel” diýen yşarat edipdir. Ahyry o kişi sahna çykypdyr. Gök gözli, ýagty ýüzli, saçlary owadan bejerilen, syratly ýigit aýdymçynyň we kompazitoryň elini gysypdyr. Ol Gurbannazar Ezizow eken. Atageldi Garýagdyýew şonda aýdan aýdymynyň sözleriniň awtory bilen ilkinji gezek salamlaşyp görýän eken.

«TürkmenGazet».
39
130
sazsoft
12 Yanwar 2024
🥺
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, howa olam yorap başlady saghamanja
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, oglum 1 yaşan guni ol 2 ýyl mundan òñ😁. O wagt ot açanok eken😂
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, oñ adynymy bilyana
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, howala😄😄😄
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, tùrkde bir kinoda " òldùnmù" dp ozunnen sorayara😆😆
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, 😂😂😂
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, taze yyldan gepi taslajak diyip yordi welin gep edip otyrka tarpa taýyn taşlady oza😂
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, toba toba😂
amanmyradowna_
11 Yanwar 2024
@flowers_, kim diyjegmem blmk😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.