flowers_
11.01.2024 01:46
Kitaplaryň gatlaryny sermeseň,
Tapyp bolýar näçe diýseň pelsepe.
Ýöne durmuşyňdan orun bermeseň,
Akylyňam paýlap ýörseň her kese,
Her kesden garaşsaň akyl almaga
Ýetişmersiň hiç bir zady öwrenip.
Guran pikirlerňe bakna bolmaga,
Barýaňmy buýsanjaň başyňy egip?!
Sen dälmi ol agşam düýşüme giren,
Sahawatly kitabyňy sahaplap…
Ýorgudyna düşmez düýşlermiň birem,
Bozulyp otyryn bolşuňy ýatlap…

***

Bir sen

Ýene müň sowalyň üstünden ätläp,
Tapylmadyk jogaplara gynanman.
Diňe söýgiň lezzetinden ganmaga,
Seniň ýanyňa barýan.

Ýene edilmedik işlem dag boldy,
Ýyldyzlardan köpdür entek gözleglem.
Köňli huzuryňa atmaga barýan,
Isleglerme döz gelmän.

Ömrümi bir gyra süýşürip bu gün,
Hiç zat etmesemem bolşuma kaýyl.
Indi ahli zada gözümi ýumýan,
Bir saňa maýyl.

Çünki senden başga howandarym ýok,
Çünki senden başga ýok meniň arkam.
Özümi tümde-de bagtly duýaryn,
Kalbymda barkaň.

***

Ýok, men mundan yza dönmen,
Gün şöhlesi güýjäninde.
Setirlerim ili-hä däl,
Ýalňyz meni güýmände-de,
Men barybir yza dönmen.
Dönmek üçin gelmedim men.
Bilýän, bolşum juda gülkünç,
Ýazjak bolup ýeldirgeýşim.
Kem-käsleýin çyrşasam-da,
Ýazsam welin, gülme dymman,
Dymmak üçin gelmedim men!


Aýjahan ANNABAÝEWA.
43
206
manolya
12 Yanwar 2024
@flowers_, 😁haýdajakla ýöne o käre däl !!
orazow96
11 Yanwar 2024
@mawy, aý bolýa mary ili gowmy gezelençmi aga
orazow96
11 Yanwar 2024
@flowers_, arada Gulmahremin ady name diydin
susom
11 Yanwar 2024
gutlys trend
orazow96
11 Yanwar 2024
@mawy, haabu wagyt Marydadami ozuñ
manolya
11 Yanwar 2024
@flowers_, 😄 günde bir käri saýlaýan menem şu progda iň gowusy nämekä 🤔
manolya
11 Yanwar 2024
@orazow96, arada baryp gaýtdym)
orazow96
11 Yanwar 2024
@flowers_, howwa 😀
manolya
11 Yanwar 2024
@orazow96, indi hem gorkunç hem detektiwli kinolar görýän
orazow96
11 Yanwar 2024
@mawy, mawy sen aga geldinmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.