flowers_
12.01.2024 15:39
GÖKDEPE GALASY

Gökdepe galasy... Ah bilen gussa,
Gala-gala däl-de, tot-tozan, tüsse.

Bu ne aýylganç bela... Gümmürdi...
Eý, Hudaýjan galamyzy ýumurdy.

Gümmürdi, gümmürdi... Tot-tozan ýalyn,
Ahy-nala bilen hem sansyz ölüm.

Kişñeýär bedewler, galýar çarpaýa,
Agyp gaýdýar ärler, misli bir gaýa.

Goja toñkataryn öñe uzadyp,
Aram-aram silkmesini düzedip.

Barýar ol ajalyñ gözüne garap...
Gyzgyn gülle... Gany gitdi syçyrap.

Gojañ ätlemäge bolmansoñ taby,
Gyş şemalyna ykjap gitdi sakgaly.

Meger gojañ ak sakgaly howada,
Bir yşarat etdi... sözledi ýa-da.

-Ýaşasañ şir bolup, Garaşsyz ýaşa,
Irde-giçde ölüm bardyr bir başa.

Meñ ýaly öl. Topragyñy guçup öl,
Watan üçin şirin jandan geç ogul.

Bu Gala türkmeniñ ojagy ogul,
Bu gala Türkmeniñ gujagy ogul.

Galanyñ bar süññi eýlenen dere,
Galany goraman ýer ýok gidere.

Ojagyñda özge ýaksa oduny,
Türkmen diýip, kim tutar Señ adyñy. -

- Atasy...
Gygyrdy ýaşmakly gelin,

Goja tarap batly ätledi telim.
Birdenem - Ah-diýip saklandy gelin,

Döşüne ýetirip näzijek golun.
Akja barmaklary boýalýar gana,

Asman-zemin oñ daşynda aýlanýar.
Ol kimedir etmekçidi hemaýat,

Gaýyn atasyna... Bilýär ol magat.
Gözler ýumulara pursat az galdy,

Gyşam galdy, indi geljek ýaz galdy.
Görmekçidi o jeñdäki ýaryny.

Aýtmakçydy ýürekdäkiñ baryny.
Aýdylmadyk aýdym galdy ýürekde,

-Ogla garaşýardym... Ogul gerekdi -
- Diýýän ýaly, çynar gelin epildi.

Ýaşmak sypyp göwresine ýapyldy.
Döşden aşak syran geliniñ goly,

Sypap gaýtdy göwredäki oguly,
Ogulmy, gyzmy ol... Kim bilsin ýeri.

Ogul küýseýärdi gelniñ ýüregi...
Gelniñ göwresinde düýrükdi çaga,

Gelin pyşyrdady. - Jan-a-a-a.
Şo halat eşdildi täsin jägildi.

Gelniñ küýseýşi dek... Ogul doguldy,
Çagañ jägildisi gamsyz mukamdy.

Galañ içi bolsa hesretdi-gamdy,
O jägildi ýaýrap gitdi çar ýana,

Diýýän ýaly ondan, ondan... barýana.
- Aýdyñ, aýdyñ öñde bolmaly Kakam,

Bärde dünýä indi täze bir adam... -
Çagañ jägildisi eşdilýär hälem,

- Türkmen dyza çökmez. Eşitsin Älem. -
Aý geçdi, ýyl geçdi, dolandy asyr,

Şo çagañ aýdany hak boldy ahyr.
Baknalyk zynjyry syryldy gyra,

Garaşsyz güneşim doldy Diýara.
Türkmen öz dyzyny göterdi ýerden,

Eseldi başlary. Ýazyldy gerden.
Gökdepe galasy - öñki haraba,

Bu gün äşgär boldy ýakyn - yraga.
Synlap durun bu galanyñ mermerin,

Synlap durun bu galanyñ zerlerin.
Eşdilýär gulagma-hezil ýaşamak,

Watan üçin ölmek, baky ýaşamak. -
- Ölüm aýylgançdy. Ölmezlik aýpdy,

- Watan üçin ölmeseñ doglanyñ haýpdy.
- Ölmänem men ogul dogrup bererdim,

A ölmän galany niçik gorardym -
- Ölübem ýeñip bor. Ýeñip bor ölüp.

Sen niçik ýaşarsyñ Watansyz galyp. -
Gelniñ pyşyrdysy: Ja-na-a-a-a... -
- Türkmen dyza çökmez...
Gürleýär çaga.

Şehitleñ ruhlary gürleýär dynman.
Olar söweşipdi, aman dilemän...


Rejepgeldi BAÝRAMOW .
32
43
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.