flowers_
11.01.2024 11:44
Düşünýäň, ýöne gürläp bileňokmy?


Daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki döwrüň iň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Emma öňler kyn bolan bolsa hem, indi islendik dilleri öwrenmäge mümkinçiligimiz bar. Emma indi uly mesele gürläp bilmek. Bir dili doly bilmek, şol dilde arkaýyn gürläp, ýazyp bilmekdir. Gürlän wagtyň sakynman, owadan gürlemek aňsat iş däl. Hem gürlenýän zada 99 göterim düşünmeli, hem-de gürleýän zatlaryňyz düşnükli bolmaly. Käbirlerimiz bir dilde dertlerimizi aýdyp bilsek, şol dili gowy bilýändir öýdýär. Emma Fransiýada fransuzça kofe soramagy başarmak, şol dili doly bilmek bilen deň däl. Eger islendik duýgularymyzy, isleglerimizi bir dilde beýan edip bilýän bolsak, onda şol dili doly bilýänligimizdir. Eýsem daşary ýurt dillerinde suwara gürlemek üçin nämeler etmeli?

1. Esasy zat tejribedir.
Bir dilde suwara gürlemek isleýän bolsaňyz, onda şol dili köp ulanyň. Täze öwrenen diliňizde ýalňyşam bolsa gürläň. Gündelik durmuşda şol dili ulanyň. Öwrenen täze sözleriňizi ýygy-ýygydan sesli gürläp gaýtalaň. Hat-da pikirleriňizi hem şol dile geçiriň.

2. Gürleşmek üçin hökman ikinji adam gerek däl.
Öwrenýän diliňizde gürlemegi güýçlendirmek üçin, öz-özüňiz gürleşiň. Gündelik gyzyklanmalaryňyzy, etjek zatlaryňyzy şol dilde gaýtalaň. Şeýlelikde, gündelik gürrüňleri aňsatlyk bilen öwrenersiňiz.

3. Dowamly öwreniň!
Endik edinmegiň açary dowamlylykdyr. Günde azyndan 30 minut öwrenýän diliňizde gürläň. Näçe köp gaýtalasaňyz, gürlemek ukybyňyz hem şonça artar. Özüňize gürleşmek üçin dost ediniň. Dowamly gürleşmäge dowam etseňiz, täze dile tiz öwrenişersiňiz.

4. Dili eýesinden öwreniň!
Näçe zähmet çekseňiz hem suwara gürlemek üçin şol dili gürleýän ýurtlara gidiň. Olar bilen gürleşip, dili nädip suwara gürläp başlandygyňyzy duýman galarsyňyz.

 

Taýýarlan: Merjen ÝAZLYÝEWA.

“TÜRKMENgazet”.
39
134
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
@flowers_, hawa umuman R harp aydylanok, R harpy yazylsada r dp okalmayar
0401
11 Yanwar 2024
@flowers_, szem hytay dili bilyanizmi
0401
11 Yanwar 2024
@atakulyyewa_humay, hva seyle ekn hytay dili kynrak diyaler
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
@flowers_, rus dilinde Hytayda bilim ishgarlerinin gurlap bilyanleri bar, hawa olar ucin hem rus dili kyn hasaplanyar, olar rus dilinde calt gurlenyar diyip bilyalet
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
oz durmusymda gabat geldim, bazara baryp tonyny yalnys aydyp dusundirip bilmedik yerimem boldy, dusundirjek bolup 1 sagadym gidipdi😁
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
tonlara gezek gelende, hytay dilinde.tonlar in esasy zat hasaplanyar, sebabi sen bir sozun tonuny uytgedip aytsan eyyam ol basga manyny beryar
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
@flowers_, dogry hytay dili dunyade owrenmesi in kyn dil hasaplanyar, yone ol basarmarsyn diydigi dal, seredip gorun dunyade 1mlrddan gowrak adam hytay dilinde gurleyar, oz halkyndan dasary nace dasary yurtlylar hem hytay dilini owrenyar
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
@flowers_, elbetde, sen hazir okap owrenersin, owrenmersin diyjek dal, yone olan gurleysh tonlaram sen okanyn bn den gelmeyan yerleri bolyada
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
shon ucin ya gark bolmaly suwda yada yasamak ucin goresmeli bolyar)
atakulyyewa_humay
11 Yanwar 2024
taze dili owrenmegin yenede bir yoly, owrenjek bolyan dilin yurduna gitmek, mumkincilik bar bolsa gidip owrenmeli, sebabi yuzup bilmeyan balygy hem suwa goybersen yuzmek ucin jan eder, dil bilmeyan adam hem yuzup bilmeyan balyga calymdash bolyar...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.