flowers_
15.01.2024 23:02
Dünýäniň ýedi täsinligi.



Mugallym şol günki sapakda okuwçylardan “Häzirki döwürde dünýäde ýedi täsinligiň näme bolup biljekdigi” barada  pikirlerini ýazmagy tabşyrypdy. Kagyz we galamlar çykaryldy, pikirler ýuwaş- ýuwaşdan kagyzda öz beýanyny tapmaga başlady, synpyň agramly böleginiň taýýarlan sanawynyň şu şekildedigi belli boldy:

1.Beýik Hytaý diwary;  2.Täçmahal;  3.Rimdäki Kolizeý;  4.Perudaky Maçu-Pikçu;  5.Iordaniýanyň Petra şäheri;  6. Isa Mesihiň heýkeli;  7.Meksikadaky Çiçen-Isa;

Emma mugallym okuwçylaryň kagyzlaryny ýygnaýarka, yzky setirde oturan gyzjagazyň heniz hem kagyzyny bermändigini gördi. Ýanyna baryp mähirli ýagdaýda: “Ýumuş bilen baglanşykly kynçylyk ýüz çykdymy?” diýip sorady. Gyzjagaz: “Hawa. Şeýle ajaýyp we täsin zat kän welin, arasynda haýsylaryny saýlajagymy bilemok” diýip jogap berdi. Mugallym gyzjagaza seredip: “Hany, aýt bakaly, seniň sanawyňda nämeler bar, belki biz hem saňa kömek ederis” diýip goldaw berdi. Gyzjagaz synpda ümsümlik aralaşandan soňra okamaga başlady: “Meniň pikirimçe, dünýäniň ýedi täsinligi şular: 1.Görmek;  2.Eşitmek;  3.Ellemek;  4.Duýmak;  5.Datmak;  6.Ýylgyrmak; we 7.Söýmek…”

Synpda dym-dyrslyk höküm sürdi. Gyzjagaz örän möhüm durmuş sapagyny beripdi: Şertli garaýyşlarymyz sebäpli, ýönekeý, adaty hasaplaýan we şonuň üçin-de gözden salýan zatlarymyz hakykatda hiç bir zat bilen deňäp bolmajak derejede täsindir.

 

Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA.
34
110
flowers_
15.01.2024 13:47
Salam öwrenmeliñ, öwrenmek hem-de öwretmek üçin programma girýän mähriban agzalary!
Men bu postymy
@beghanym agzamyzyñ arman-irmän bizi gyzykdyrmak üçin geçirýän konkursynyň 3nji şerti üçin açdym.
Şertiň maksady öz bileniňi başgalary bilen paýlaşmak. Men hem soňky 10 ýyllykda biş-düş edip başlap özüme hobbi edinip iň köp gyzyklanýan zatlarymy siz bilen paýlaşmakçy. Elbetde bu ýigitlerimizi gyzyklandyrman biler, ýöne aýal-gyzlarymyzy gyzyklandyrar, bir zatlar öwrederin diýip umyt edýän! :)

1nji surat: keks.

Gerekli önümler:
Ýumurtga-3 sany,
Şeker- 1bulgur ( 200ml)
Süýt ýa-da gatyk- 1 bulgur ( 200ml)
Ösümlik ýagy- 0,5 bulgur (100ml)
Un- 2 bulgur (ýumurtgañ ululygyna bagly köpeldip hem azaldyp bolar)
Wanilin- 1sany,
Gabartma tozy- 1sany.
Islege görä gury iýmişler,künji, käşir,hoz, şokolad bölejikleri goşup bileris.
Galyby ýaglamak üçin mesge.

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen howur pejimizi 180° işledýäris.

Ilki bilen ýumurtgany çyrpyjy(wençik,ýada wilka, mikser ulansañ hem bolýar) bilen ak köpük bolýança çyrpaýarys. Soňra şekeri guýup ereýänçä ýene çyrpýarys. Soň süýt ýa-da gatyk tapwdy ýok guýýarys we çyrpýarys, soňra ýagy guýýarys we çyrpýarys. Uny, wanilini we gabartma tozuny aýry bir gaba eläp soňra ýaňky ýumurtgaly garyndymyza az-azdan goşup çyrpýarys. Gowy ýaýylyp un bölejikleri galmaz ýaly gowy edip çyrpýarys, garyndy ne suwuk, ne goýy bolmaly. Soňra islegiňize görä goşjak zatlarymyzy salyp çemçe bilen garyşdyrýarys. Soň galybymyzy ýaglap
azjyk hem un sepip, şu ýerde islege görä künji sepmek hem bolýar galyba. Soň garyndymyzy guýýarys we howur peje salýarys. 40-45 minut goýýarys, şu wagtyň dowmynda howur pejiň gapagyny hiç hili açmak bolmaýar keksiň çişmegi üçin bir tempraturada bolmagy hökman. Soňra çykaryp sowanyndan soň üstüne şeker tozuny(saharny pudra) ýa-da islegiňize görä şololad eredip guýup bilersiňiz.

2nji surat: bulka.

Gerekli önümler:

Süýt- 1.5 bulgur ( 300ml ),
Şeker- 0,5 bulgur,
Drož- 1nahar çemçe,
Un- 6 bulgur,
Mesge- 50g
Duz- ýarty çaý çemçe,
Ýumurtga- 2 sany
Wanilin (islege görä)

Taýýarlanşy:

Ilki unymyzyň 5 bulguryny eläp bir hamyr ýugurma gabyna salýarys we üstüne 1 nahar çemçe drožymyzy, 0,5 çaý çemçe duzumyzy, 0,5 bulgur şekerimizi, wanilinimizi guýup çemçe bilen garyşdyrýarys. Soňra süýdi ýylatmaly (gaty gyzgyn bolsa drožyň ýanar, sowuk bolsa-da hamyryň sowuk bolup çişmez), mesgäni eretmeli, ýaňky unly garyndymyza ikisinem guýmaly, soň ýumurgaň biriniň sarysyny bir käsä alyp galyp galanyny hem başga käsede çyrpyp, ýaňky unly, süýtli garyndymyzyň üstüne guýýarys we hemmesini çemçe bilen garyşdyrmaga başlaýarys. Birsalym garyşdyranymyzdan soň ýaňky 6njy bulgur unumyzyň ýarysyny bir hamyr ýaýýan gapagymyzyň üstüne sepip garyndymyzy dökýäris we elimiziň aýasy bilen ýugurmaga başlaýarys. Eger hamyryňyz gaty suwuk bolsa galan ýarym vulgur unumyzam ulanyp ýugurmagy dowam edýaris, hamyr näçe suwuk hemem ýumşak boldygyça gowy. Toparlanandan soňra ýaňky boşadan gabymyzy çalaja ösümlik ýagy bilen çalaja ýaglap hamyrymyzy salýarys we agzyna streç tutup ýa-da gabyň daşyna paket geýdirip howa girmez ýaly edýäris we ýene saçak ýa-da pakorawal bilen dolap ýyly ýerde(menä pejiň ýanynda) 1.5 sagat basyryp goýmaly. Hälki aýyran bir ýumurtgaň sarysyna bir nahar çemçe süýt guýup çyrpyp agzyny ýapyp goýýarys. Soň açyp hamyry 14- 16 bölege bölmeli we öz islän şekiliňizde ýa-da togolap bişirjek gabymyza arasyny iki barmagyrak ýer goýup düzüp başlaýas, (meňkä pejiň bir demirine sygýar) ýasap bolanymyzdan soň bulkalaň ýüzüni aşhana süpürgüji bilen örtüp ýyly ýerde 45 minut goýmaly. Hamyrymyz alýança howur pejimizi 180° gyzgynlykda açyp goýýarys. Wagty dolansoň hamyrynyzy alyp ýüzüne hälki ýumurtgaly süýtli garyndymyzy çalýarys we islegiňize görä şeker sepýäris we howur peje salyp 15-20 minut aralykda bişirýäris.

Noş bolsun!

Ýene şu ugurdan islän zadyňyzy arkaýyn sorap bilersiňiz. Bildigimden öwredeýin. Minnetdar!🙂
35
234
flowers_
15.01.2024 01:18
Ýüregime.

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Atyldymy ýene şo köne kesek?!
Neçüýn beýle ses-sedasyz aglaýaň,
Indi dar bolýarmy öňki giň ketek?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýeňişlerden köpelýärmi, ýeňlişiň?!
Özüň-ä mydama ýazgaryp gelýäň,
Käbirlerniň çybyk kimin eglişin.

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Birden-birden eýläk-beýläk urunýaň,
Öňler aglan oglan emýärdi emmek,
Indi agladygyň derrew urulýaň.

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Şükür, hiç zatdanam däl sen hantama!
Tamaly döwürden göçdi obalar,
Indi tama etseň daňylýaň tala…

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Hersi birýan çekýä, çep hem sag gözüň,
Nije dostum, ýakynlarmy ýitirdim,
Kim doldurar indi olaň öwezin?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýa, dilsiz galdymy dil beren dilber?!
Öz göbek ganymyň daman ýerinde,
Ýa gülsüz galdymy üzümli dalbar?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýeterlikdi bize sähelçe ümler.
Ýa-da bir zatlary ýaşyrýaň menden,
Ömri gysgalýarmy, sanalgy günleň?

Öňem dodakdaky uçuklarymyň,
Dişimi gysýany ýetikdi, ahyr!
Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Döretjek bolýaňmy ýa menden şahyr?!

Sädi SÄDIÝEW.
34
132
flowers_
14.01.2024 21:43
Awtory: Hojaberdi APBAÝEW.

 

«Ömür merdiwany» atly kyssalar toplumyndan parçalar:


KITAP

Seniň halaýan kitabyňy kän göterip gezdim. Ol ýantorbanyň esasy hemrasyna öwrüldi. Soňabaka halys lapym keç bolup, ony ýantorbadan çykaryp, bir dostuma sowgat etdim. Şondan soňra ýantorbamyňam «içi gysyp başlady», ol-a seniň halaýan kitabyňy, menem seniň özüňi küýsäp, dertdeş bolduk.

 

MÖWSÜM

Tebigatda gyş bilen tomus öz orunlaryny çalşyp durýar. Ýaz bilen güýz ilki tomsa, soňam gyşa öwrenişmäge maý berýär. Ýazyň ahyrynyň yssysy, güýzüň soňunyň çigregi muny ýatlatmaýarmy? Emma magşuk öz aşygyna ýazsyz-güýzsüz bir möwsümi peşgeş berýär. Onuň diňe gyşy bilen tomsy bar.

 

SÖZLER

Höwesjeň aýdymçylaryň we ýaş «şahyrlaryň» döredijiligindäki biri beýlekisini gaýtalaýan jümleler soňabaka halys irizýär. «Ýanýan, köýýän, bişýän» diýen jümleler hatda Mollanepesiň «Ýanyp men ataşlaryňa» diýen ajaýyp goşgysynyňam mazasyny alyp barýar. Onsoň oturyp, «Megerem, «ýandy, köýdi» diýen jümleler ýangyn söndüriji gullugyň hasabatynda-da şonça köp ulanylmaýan bolsa gerek» diýip oýlanýarsyň.
40
673
flowers_
14.01.2024 17:40
@beghanym agzaň gurnan konkursynyň 2nji we 3nji şerti üçin.

Goňşy Azerbaýjan döwleti barada.

 
Azerbaýjan döwleti barada
Azerbaýjan Respublikasy Günorta Kawkazyň gündogar böleginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. Ol günortada Eýran, günbatarda Türkiýe we Ermenistan, demirgazykda Russiýa we Gürjüstan bilen araçäkleşýär. Ýurduň kenarýaka uzynlygy 713 kilometre barabardyr. 2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, Azerbaýjanyň ilaty 10,14 million adam. Azerbaýjan dili ýurduň resmi döwlet dili hasaplanýar. Ýurtda yslam dininden başga-da hristian dininiň mezheplerine uýýanlar hem bar.

Azerbaýjan Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa geňeşiniň, Demokratiýa we Ykdysady ösüş Guramasynyň (GUAM), Yslam Konferensiýasy Guramasynyň, Gara deňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Şeýle hem, Azerbaýjan Ýewropa Bileleşigi, NATO, Halkara Pul Gaznasy, Ýewropanyň Ösüş we Döwrebaplaşdyryş banky we Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Azerbaýjan - şöhleler ýurdy «Azerbaýjan» sözüniň gadymy taryhy bar. Bizin eýýamymyzdan öň, Azerbaýjan topraklarynda ýaşaýan ilatyň agramly bölegi otparazlar eken. Bu ýurduň ady «Azer» ot, alaw sözünden gelip çykandyr diýlip hem çaklanylýar.

Konstitusiýa laýyklykda, Azerbaýjan döwleti demokratik, kanuny, dünýewi, bitewi respublikadyr. Azerbaýjan Respublikasyndaky döwlet häkimiýeti ygtyýarlyklary bölmek ýörelgesine esaslanýar: kanun çykaryjylyk güýji Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlis tarapyndan amala aşyrylýar; ýerine ýetiriji häkimiýet Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine degişlidir. Kazyýet häkimiýeti Azerbaýjan Respublikasynyň kazyýetleri tarapyndan amala aşyrylýar. Konstitusiýanyň düzgünlerine laýyklykda kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet ygtyýarlyklary özara täsir edýär we öz ygtyýarlyklarynyň çäginde garaşsyzdyr.

Azerbaýjan Respublikasynda ýerine ýetiriji häkimiýet Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine degişlidir. Azerbaýjan Respublikasynyň raýaty, 35 ýaşdan kiçi bolmadyk, 10 ýyldan gowrak wagt bäri Azerbaýjan Respublikasynyň çäginde hemişelik ýaşaýan, ses bermek hukugyna eýe, şol sanda agyr jenaýat üçin günäkärlenmedik, ýok ýokary bilimli, goşa raýatlygy bolmadyk beýleki döwletler üçin borçlary bolmadyk adam bolup bilýär.

Döwlet baştutany Prezidentdir. Azerbaýjan prezident respublikasydyr. Prezident 7 ýyllyk möhletde halk köpçüliginiň ses bermegi bilen saýlanýar we ähli döwlet işgärlerini belleýär. Azerbaýjan Respublikasyndaky kazyýet häkimiýetleri kazyýetler tarapyndan adalat arkaly amala aşyrylýar. Adalat kanunyň we kazyýetiň öňünde her kimiň kanuny deňligi esasynda amala aşyrylýar. 

 

Gülälek ABDULLAÝEWA.



3nji şert:

1)"çöwürip ber men tikip bereýin"

2)17.5.
30
65
flowers_
14.01.2024 12:41
Sarkazmlar.


Ukudan oýananyňda: -_-, о_-, о_о, О_о, О_О…

***

Iň romantiki sms-ler: «Men sen hakda pikir edýän…», «Seni söýýän», «Siziň hasabyňyz 10.00 manat köpeldi. Hasabyňyz 10.02 manat».

***

Adam bilen gürleşende akylly we agras ýüz etmek isleseňiz, içiňizden 2654-ä 6851-i köpeldiň.

***

«Loading 99%» diýen ýazgy diñe ilkinji 10 minut begendirýär.

***

— Ezizim, günortana näme taýýarladyň?

— Hiç zat.

— Ýöne düýnem hiç zat iýdigä.

— Howa, iki günlük taýýarladym.

***

Psihologiki test:

Lýustra serediň.
Siz lýustra seretdiňizmi?
Näme üçin?
***

Diňe haty zordan harplap okaýanlar harp ýalňyşyňy tapýar.

***

Biz üçem bolup dogulduk. Ýaltalyk, men we ynsap. Soňkymyz dogulýarka ýogaldy.

***

Aslynda adam tutuş janly-jandarlaryň içinde iň görmeksizi. Ýöne biz halys bir-birege gözümiz öwrenşensoň, ony duýup bilemzok…

(c) Anonim ýaşulynyň gürrüňinden

****

— Tüweleme, tutuş synpyň dokumentasiýa işi meň elimden geçýä diýsene.

— Howwa, her kim düşündiriş ýazandan soň maňa barladýa…

****

— Erdal Demirkıran kitabynyň başynda «Dünyanin en akıllı insani» diýip tanyşdyrýa özüni. Gaty geň gördüm-aý…

— Bäh. Kitaby nähili? Çalaja baglanyşýamy diýýän zady bilen?

— Aý, howwa, menden-ä akylly eken…😂

****

Ömür bäş gün başyňyzda jygadyr,

Hemem soňy aýan bir pajygadyr…

(c) Atamyrat Atabaýew

****

— Murik, gowja telefonlaň bahasy näç-aý?

— Men näbileýin-aý, meň nä telefon satýan magazinim barmy?

— Aý hemme zadyň gadyryny bilmän, bahasyny bilensoň, soraýdym-da…

— …

****

Her kes özgeden akylly,

Hiç kimde-de akyl ýok,

Akyllylaň içinde bir-birege ýakym ýok.

(c) Çary Ataýew

****

Kola çörekden gymmat, emma çörek koladan gymmatly.

Diýjek bolýanym, ýegen, ýol saýlaňda gaty seresap bolgun.

Çünki gymmat bolmak bilen gymmatly bolmagyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

(c) Daýym

****

— Oňa hiç kimem gepini düşündirip bilmez.

— O näme üçin?

— Sebäbi ol pikirlenenok…

****

Näme üstüme gygyrýaň?! Diýen zadyňy getirdim-dä! Men näbileýin gelinbarmagyň üzümdigini…

(c) Garagüjük

Aşyr SAPAR.
42
295
flowers_
13.01.2024 22:35
Salam öwrenmeliň hormatly agzalary men bu posty @beghanym agzañ gurnan konkursynyň 2nji şerti üçin açdym. Şertiň maksady boýunça okap teswir galdyrmagyňyz.



Bir gün, Peygamber (aleyhissalatü vesselam) Efendimiz kızı Hz. Fatıma’nın(r.anha) evine gelir. Evde görür ki, Hz. Fatıma oturmuş, elinde Hz. Ali’nin(radıyallahu anhüma) elbisesinin söküğünü dikiyor. Ayağıyla da, Hz. Hasan’ın beşiğini sallıyor, ağzıyla da Kur’ân-ı Kerim okuyor. Bu haldeyken Peygamberimiz içeri girince, Hz. Fatıma:
- “Buyur babacığım” diye ayağa kalkar.
Peygamberimiz:
- “Kalkma kızım, otur otur” diye ısrar eder, ama Hz. Fatıma yine de ayağa kalkar.
Peygamberimiz (s.a.v.):
- “Keşke otursaydın” diye ısrar edince, Hz. Fatıma merak eder:
- “Babacığım sen gelirsin de, ben ayağa kalkmaz olur muyum? Niye otursaydım ki?” der.
Peygamberimiz:
- “Kızım, hanımlar çok bahtiyardır, kazançlıdırlar. Ben kapıdan içeri girdiğim zaman, buranın meleklerle dolu olduğunu gördüm.” buyurur. Hz Fatıma:
- “Babacığım, bu kadar melek niçin gelmiş buraya, diye sorar. Rasulullah:
- “Her birisi, bir başka sebepten gelmişti. Sen elinle kocanın elbisesinin yırtığını dikiyorsun, hizmet ediyorsun, işte meleklerin bir kısmı, senin kocana hizmet edişinden dolayı gelmişlerdi. Bir hanımın gönül rızasıyla kocasına hizmet etmesi, meleklerin tebrik edeceği bir ibadettir. Diğer bir kısmı da elinle kocanın elbisesini dikerken, ayağınla da oğlunun beşiğini sallıyordun, bir hanımın çocuğuna bakması, isteyerek, severek, şefkatle, sevgiyle hizmet etmesi, meleklerin gelip seyredebileceği bir hizmettir. Meleklerin bir kısmı da, oğlun Hasan’ın beşiğini salladığın için gelmişlerdi. Sen ağzınla da boş durmuyor, Kur’ân-ı Kerim okuyordun, işte büyük bir kısmı da senin okuduğun Kur’ân-ı Kerim’i dinlemek için gelmişlerdi. Kızım, hanımlar çok şanslıdırlar, eğer niyetlerini düzeltirlerse, eğer duygularını düzeltirlerse, eğer bu saydığım hizmetleri bilinçle, ibadet kastıyla yaparlarsa, onların yaptığı bütün işler, ibadet yerine geçer.


Kaynak: (Ahmed b. Hanbel, Müsned, İ, 191)

https://islam-aski.blogspot.com

Türk dilinde goýmaly boldum halanym üçin, düşünersiňiz diýip umyt edýän!
36
258
flowers_
13.01.2024 16:50
Gülki — durmuşyň sazy.


Lukmanlar gülkiniň tebigatyna we täsirine bireýýämden bäri gözegçilik edip gelýärler. Halkyň arasynda «15 sekunt gülki 5 minut ömrüňi uzaldýar» diýen ýaly gürrüňler ýöne ýere däl ahyryn. Emma gülkiniň gutarnykly peýdasyny görkezýän takyk hasaplamalary heniz hiç kim geçirmedi, ýöne alymlar her niçik-de bolsa, örän gyzykly we peýdaly käbir gözegçiligi geçirdiler.

Haçan-da adam deň iki epilip, örän gaty we jak-jaklap gülende, gülýäniň bedeni bir sagat gülküden azyndan ýarym kilogram horlanýar. Ýöne belläp geçmeli zatlaryň biri, adam azyndan bir sagatlap üznüksiz gülüp bilýär. Emma 10-15 minutlyk gülki hem ortaça plitka şokoladyňka barabar koloriýany köýdürmek üçin ýeterlikdir. Şeýle hem Wanderbilta uniwersitetiniň alymlarynyň barlaglaryna görä, günüň dowamynda 15 minut gülýän adam ýylda iki kilogram ýagyny köýdürýärler.

Gülki demgysmany we bronhiti bejermekde kömek edýär, ýagny gülýän wagtyň öýkenden sagatda 100 km tizlik bilen çykýan howa nemli bardalarda toplanan bronhlary çykarýar we dem alşy ýeňilleşdirýär.

Gülki döredijilik ukybyny we dürli meseleleri çözmek başarnygyňy artdyrýar. Ol beýniniň çep we sag ýarym togalagyny birikdirip, limb ulgamyny işjeňleşdirýär. Adaty ýylgyryşda ýüzde 17 muskul işleýär, ýüzümizi çytmak üçin biz 43 myşsamyzy herekete getirýäris.

Angliýaly filosof we lukman Uilýam Osler gülkini durmuşyň sazy hasaplapdyr we günde azynda 10 minut töweregi gülmegi maslahat beripdir. Eger-de adam gije-gündiziň dowamynda 17 minut çemesi gülse, ol azyndan bir ýyl ömrüni uzaldýar.

Wäşi adamlar agras we salykatly adamlara garanyňda akylly ýaly bolup görünýärler. Wäşilik duýgusy aýallara garanyňda, erkeklere mahsus hasaplanylýar.

Alty ýaşyndaky çaga günde çen bilen 300 gezek gülýän bolsa, munuň tersine ulular gije-gündiziň dowamynda ortaça, diňe 15 gezek gülýärler.



Owadan SEÝTINÝAZOWA.
31
116
flowers_
13.01.2024 09:18
Damjajyklar.


Gözüňizi açan wagtyňyz ýylgyryň. Bu ýylgyryş bilen başlan günüňiz gör näçe adamyň ýylgyrmagyna sebäp bolar.
***
Adamyň söýenleri ýanynda bolmasa-da, kalbyndadyr.
***
Kimdir birine ýagşylyk etmek, ynsanyň ömrüne ýagtylyk getirer.
***
Güldüň. Şol gülkiň kalbyma aýdym bolup girdi.
***
Kagyza ýazylanlar kalplary gözlär.
***
Güller adamyň ömrüne meňzeş.
***
Çagalyk ömrüň säheri, onda gunçalar gülleýär.
***
«Bagyşla» diýmek bagyşlanmagyň alamatydyr.
***
Gün – gülçyra bolup dünýäni öz nury bilen gujaklaýar. Täsin gerek?!


Gülzar GULOWA.
30
81
flowers_
12.01.2024 23:14
"Söýgi — gorkudan ýaňa titräp duran bagt"
Jebran Halyl Jebrandan jümleler.


▪︎Zenanlaryň kiçijik kemçiliklerini bagyşlap bilmeýän erkekler, hiç haçan olaryň uly hormatyna hem mynasyp bolup bilmezler.

▪︎Söýgi we şübhe hiç haçan biri-birine golaýlaşýan däldir.

▪︎Isleg ömrüň, biperwaýlyk bolsa ölümiň ýarydyr.

▪︎Diňe ýüreginde derdi bolanlar başga ýürekleriň hem derdine düşünip biler.

▪︎Jomartlyk  özüňde bar bolanyndan köpräk zady eçilmekdir.

▪︎Her gün täzelenmeýän söýgi  endige we adaty birsydyrgynlyga öwrülip gidýär.

▪︎Biz ýylgyrşymyza sebäp bolan ynsanlary aňsatjak unudyp, gözýaşlarymyza sebäp bolanlary ömürlik ýatda saklaýarys.

▪︎Köplenç, biziň şu günki tukatlygymyza düýnki şatlygymyz hakdaky gamgyn ýatlama sebäp bolýar.

▪︎Özüňe kömek etmegiň ýeke-täk ýoly başgalara hemaýat etmekdir.

▪︎Söýginiň nähili çuňlugy diňe aýrylan wagtyňda mälim bolýar.

▪︎Söýgi — gorkudan ýaňa titräp duran bagtdyr.

▪︎Gözýaşlar bilen ýuwulan söýgi päkize, owadan we ebedi bolýandyr.

▪︎Adamyň derejesi onuň gazanan zatlary bilen däl, gazanmagy öňünde maksat edip goýan zatlary bilen kesgitlenýär.

▪︎Dünýädäki ähli soraglara özümçe jogap tapdym, diňe iň soňkusy galdy: «Men kim?»

Taýýarlan: Nabat BAÝRAMMÄMEDOWA.
45
550