flowers_
15.01.2024 13:47
Salam öwrenmeliñ, öwrenmek hem-de öwretmek üçin programma girýän mähriban agzalary!
Men bu postymy @beghanym agzamyzyñ arman-irmän bizi gyzykdyrmak üçin geçirýän konkursynyň 3nji şerti üçin açdym.
Şertiň maksady öz bileniňi başgalary bilen paýlaşmak. Men hem soňky 10 ýyllykda biş-düş edip başlap özüme hobbi edinip iň köp gyzyklanýan zatlarymy siz bilen paýlaşmakçy. Elbetde bu ýigitlerimizi gyzyklandyrman biler, ýöne aýal-gyzlarymyzy gyzyklandyrar, bir zatlar öwrederin diýip umyt edýän! :)

1nji surat: keks.

Gerekli önümler:
Ýumurtga-3 sany,
Şeker- 1bulgur ( 200ml)
Süýt ýa-da gatyk- 1 bulgur ( 200ml)
Ösümlik ýagy- 0,5 bulgur (100ml)
Un- 2 bulgur (ýumurtgañ ululygyna bagly köpeldip hem azaldyp bolar)
Wanilin- 1sany,
Gabartma tozy- 1sany.
Islege görä gury iýmişler,künji, käşir,hoz, şokolad bölejikleri goşup bileris.
Galyby ýaglamak üçin mesge.

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen howur pejimizi 180° işledýäris.

Ilki bilen ýumurtgany çyrpyjy(wençik,ýada wilka, mikser ulansañ hem bolýar) bilen ak köpük bolýança çyrpaýarys. Soňra şekeri guýup ereýänçä ýene çyrpýarys. Soň süýt ýa-da gatyk tapwdy ýok guýýarys we çyrpýarys, soňra ýagy guýýarys we çyrpýarys. Uny, wanilini we gabartma tozuny aýry bir gaba eläp soňra ýaňky ýumurtgaly garyndymyza az-azdan goşup çyrpýarys. Gowy ýaýylyp un bölejikleri galmaz ýaly gowy edip çyrpýarys, garyndy ne suwuk, ne goýy bolmaly. Soňra islegiňize görä goşjak zatlarymyzy salyp çemçe bilen garyşdyrýarys. Soň galybymyzy ýaglap
azjyk hem un sepip, şu ýerde islege görä künji sepmek hem bolýar galyba. Soň garyndymyzy guýýarys we howur peje salýarys. 40-45 minut goýýarys, şu wagtyň dowmynda howur pejiň gapagyny hiç hili açmak bolmaýar keksiň çişmegi üçin bir tempraturada bolmagy hökman. Soňra çykaryp sowanyndan soň üstüne şeker tozuny(saharny pudra) ýa-da islegiňize görä şololad eredip guýup bilersiňiz.

2nji surat: bulka.

Gerekli önümler:

Süýt- 1.5 bulgur ( 300ml ),
Şeker- 0,5 bulgur,
Drož- 1nahar çemçe,
Un- 6 bulgur,
Mesge- 50g
Duz- ýarty çaý çemçe,
Ýumurtga- 2 sany
Wanilin (islege görä)

Taýýarlanşy:

Ilki unymyzyň 5 bulguryny eläp bir hamyr ýugurma gabyna salýarys we üstüne 1 nahar çemçe drožymyzy, 0,5 çaý çemçe duzumyzy, 0,5 bulgur şekerimizi, wanilinimizi guýup çemçe bilen garyşdyrýarys. Soňra süýdi ýylatmaly (gaty gyzgyn bolsa drožyň ýanar, sowuk bolsa-da hamyryň sowuk bolup çişmez), mesgäni eretmeli, ýaňky unly garyndymyza ikisinem guýmaly, soň ýumurgaň biriniň sarysyny bir käsä alyp galyp galanyny hem başga käsede çyrpyp, ýaňky unly, süýtli garyndymyzyň üstüne guýýarys we hemmesini çemçe bilen garyşdyrmaga başlaýarys. Birsalym garyşdyranymyzdan soň ýaňky 6njy bulgur unumyzyň ýarysyny bir hamyr ýaýýan gapagymyzyň üstüne sepip garyndymyzy dökýäris we elimiziň aýasy bilen ýugurmaga başlaýarys. Eger hamyryňyz gaty suwuk bolsa galan ýarym vulgur unumyzam ulanyp ýugurmagy dowam edýaris, hamyr näçe suwuk hemem ýumşak boldygyça gowy. Toparlanandan soňra ýaňky boşadan gabymyzy çalaja ösümlik ýagy bilen çalaja ýaglap hamyrymyzy salýarys we agzyna streç tutup ýa-da gabyň daşyna paket geýdirip howa girmez ýaly edýäris we ýene saçak ýa-da pakorawal bilen dolap ýyly ýerde(menä pejiň ýanynda) 1.5 sagat basyryp goýmaly. Hälki aýyran bir ýumurtgaň sarysyna bir nahar çemçe süýt guýup çyrpyp agzyny ýapyp goýýarys. Soň açyp hamyry 14- 16 bölege bölmeli we öz islän şekiliňizde ýa-da togolap bişirjek gabymyza arasyny iki barmagyrak ýer goýup düzüp başlaýas, (meňkä pejiň bir demirine sygýar) ýasap bolanymyzdan soň bulkalaň ýüzüni aşhana süpürgüji bilen örtüp ýyly ýerde 45 minut goýmaly. Hamyrymyz alýança howur pejimizi 180° gyzgynlykda açyp goýýarys. Wagty dolansoň hamyrynyzy alyp ýüzüne hälki ýumurtgaly süýtli garyndymyzy çalýarys we islegiňize görä şeker sepýäris we howur peje salyp 15-20 minut aralykda bişirýäris.

Noş bolsun!

Ýene şu ugurdan islän zadyňyzy arkaýyn sorap bilersiňiz. Bildigimden öwredeýin. Minnetdar!🙂
35
234
manolya
16 Yanwar 2024
😋
gunesh_
15 Yanwar 2024
@beghanym, göwnüňize ýarandyr diýip umyt edýän 😊
gunesh_
15 Yanwar 2024
@beghanym, ilki şony görmegi maslahat berýän, size bagyşlap ýazypdyr:)
gunesh_
15 Yanwar 2024
@beghanym, mandariniň soňky postuny gördüňizmi?)
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, saol
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, dykyz dal yeniljek gowy çişip bişe
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, çaldym. Ýasaýşymlaý
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, sùyji yone sypaty o diyen dal😊 senki owadan tuweleme
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, hana gelli. Yok meñki kiçisa duhowkañ
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, 2 njimi yañy sallym🥴
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.