flowers_
14.01.2024 21:43
Awtory: Hojaberdi APBAÝEW.

 

«Ömür merdiwany» atly kyssalar toplumyndan parçalar:


KITAP

Seniň halaýan kitabyňy kän göterip gezdim. Ol ýantorbanyň esasy hemrasyna öwrüldi. Soňabaka halys lapym keç bolup, ony ýantorbadan çykaryp, bir dostuma sowgat etdim. Şondan soňra ýantorbamyňam «içi gysyp başlady», ol-a seniň halaýan kitabyňy, menem seniň özüňi küýsäp, dertdeş bolduk.

 

MÖWSÜM

Tebigatda gyş bilen tomus öz orunlaryny çalşyp durýar. Ýaz bilen güýz ilki tomsa, soňam gyşa öwrenişmäge maý berýär. Ýazyň ahyrynyň yssysy, güýzüň soňunyň çigregi muny ýatlatmaýarmy? Emma magşuk öz aşygyna ýazsyz-güýzsüz bir möwsümi peşgeş berýär. Onuň diňe gyşy bilen tomsy bar.

 

SÖZLER

Höwesjeň aýdymçylaryň we ýaş «şahyrlaryň» döredijiligindäki biri beýlekisini gaýtalaýan jümleler soňabaka halys irizýär. «Ýanýan, köýýän, bişýän» diýen jümleler hatda Mollanepesiň «Ýanyp men ataşlaryňa» diýen ajaýyp goşgysynyňam mazasyny alyp barýar. Onsoň oturyp, «Megerem, «ýandy, köýdi» diýen jümleler ýangyn söndüriji gullugyň hasabatynda-da şonça köp ulanylmaýan bolsa gerek» diýip oýlanýarsyň.
40
673
gunesh_
15 Yanwar 2024
Hemmeleň gijesi rahat bolsun, diliňiz ýaly düýşler görüň (süýji bolsa süýji düýş, ajy bolsa ajy düýş)))
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@Kmg gurt, ýylannnn🐍
gunesh_
15 Yanwar 2024
@flowers_, sag boluň, sizem:)
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, bolya 😉ertir turañda duyniñi yatlama😁
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@Kmg gurt, senneen
gunesh_
15 Yanwar 2024
Menem Mb gutaranyna garaşyp oturman çykaýyn gowusy, biraz kitap okaryn uklap bilmesemem:)
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, inni beýtmeda men name etdim😔
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@gunesh_, 🥰
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, ýatar ýaly etmediñ. Name bolly🤔
gunesh_
15 Yanwar 2024
@amanmyradowna_, Alla giňlik we rahat uky bersin gelnejemjan, aladalaryňyza derman taparsyňyz diýip umyt edýän:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.