flowers_
14.01.2024 17:40
@beghanym agzaň gurnan konkursynyň 2nji we 3nji şerti üçin.

Goňşy Azerbaýjan döwleti barada.

 
Azerbaýjan döwleti barada
Azerbaýjan Respublikasy Günorta Kawkazyň gündogar böleginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. Ol günortada Eýran, günbatarda Türkiýe we Ermenistan, demirgazykda Russiýa we Gürjüstan bilen araçäkleşýär. Ýurduň kenarýaka uzynlygy 713 kilometre barabardyr. 2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, Azerbaýjanyň ilaty 10,14 million adam. Azerbaýjan dili ýurduň resmi döwlet dili hasaplanýar. Ýurtda yslam dininden başga-da hristian dininiň mezheplerine uýýanlar hem bar.

Azerbaýjan Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa geňeşiniň, Demokratiýa we Ykdysady ösüş Guramasynyň (GUAM), Yslam Konferensiýasy Guramasynyň, Gara deňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Şeýle hem, Azerbaýjan Ýewropa Bileleşigi, NATO, Halkara Pul Gaznasy, Ýewropanyň Ösüş we Döwrebaplaşdyryş banky we Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Azerbaýjan - şöhleler ýurdy «Azerbaýjan» sözüniň gadymy taryhy bar. Bizin eýýamymyzdan öň, Azerbaýjan topraklarynda ýaşaýan ilatyň agramly bölegi otparazlar eken. Bu ýurduň ady «Azer» ot, alaw sözünden gelip çykandyr diýlip hem çaklanylýar.

Konstitusiýa laýyklykda, Azerbaýjan döwleti demokratik, kanuny, dünýewi, bitewi respublikadyr. Azerbaýjan Respublikasyndaky döwlet häkimiýeti ygtyýarlyklary bölmek ýörelgesine esaslanýar: kanun çykaryjylyk güýji Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlis tarapyndan amala aşyrylýar; ýerine ýetiriji häkimiýet Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine degişlidir. Kazyýet häkimiýeti Azerbaýjan Respublikasynyň kazyýetleri tarapyndan amala aşyrylýar. Konstitusiýanyň düzgünlerine laýyklykda kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet ygtyýarlyklary özara täsir edýär we öz ygtyýarlyklarynyň çäginde garaşsyzdyr.

Azerbaýjan Respublikasynda ýerine ýetiriji häkimiýet Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine degişlidir. Azerbaýjan Respublikasynyň raýaty, 35 ýaşdan kiçi bolmadyk, 10 ýyldan gowrak wagt bäri Azerbaýjan Respublikasynyň çäginde hemişelik ýaşaýan, ses bermek hukugyna eýe, şol sanda agyr jenaýat üçin günäkärlenmedik, ýok ýokary bilimli, goşa raýatlygy bolmadyk beýleki döwletler üçin borçlary bolmadyk adam bolup bilýär.

Döwlet baştutany Prezidentdir. Azerbaýjan prezident respublikasydyr. Prezident 7 ýyllyk möhletde halk köpçüliginiň ses bermegi bilen saýlanýar we ähli döwlet işgärlerini belleýär. Azerbaýjan Respublikasyndaky kazyýet häkimiýetleri kazyýetler tarapyndan adalat arkaly amala aşyrylýar. Adalat kanunyň we kazyýetiň öňünde her kimiň kanuny deňligi esasynda amala aşyrylýar. 

 

Gülälek ABDULLAÝEWA.



3nji şert:

1)"çöwürip ber men tikip bereýin"

2)17.5.
30
65
amanmyradowna_
14 Yanwar 2024
Ustùnlik!👍 gowy goryan yurdum. Aydymlary has gowy
ATOMIC
14 Yanwar 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
gunesh_
14 Yanwar 2024
Üstünlik 🙂👍
nabat_
14 Yanwar 2024
ÜSDINLIK ⚘💐💐💐🌺!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.