flowers_
12.01.2024 23:14
"Söýgi — gorkudan ýaňa titräp duran bagt"
Jebran Halyl Jebrandan jümleler.


▪︎Zenanlaryň kiçijik kemçiliklerini bagyşlap bilmeýän erkekler, hiç haçan olaryň uly hormatyna hem mynasyp bolup bilmezler.

▪︎Söýgi we şübhe hiç haçan biri-birine golaýlaşýan däldir.

▪︎Isleg ömrüň, biperwaýlyk bolsa ölümiň ýarydyr.

▪︎Diňe ýüreginde derdi bolanlar başga ýürekleriň hem derdine düşünip biler.

▪︎Jomartlyk  özüňde bar bolanyndan köpräk zady eçilmekdir.

▪︎Her gün täzelenmeýän söýgi  endige we adaty birsydyrgynlyga öwrülip gidýär.

▪︎Biz ýylgyrşymyza sebäp bolan ynsanlary aňsatjak unudyp, gözýaşlarymyza sebäp bolanlary ömürlik ýatda saklaýarys.

▪︎Köplenç, biziň şu günki tukatlygymyza düýnki şatlygymyz hakdaky gamgyn ýatlama sebäp bolýar.

▪︎Özüňe kömek etmegiň ýeke-täk ýoly başgalara hemaýat etmekdir.

▪︎Söýginiň nähili çuňlugy diňe aýrylan wagtyňda mälim bolýar.

▪︎Söýgi — gorkudan ýaňa titräp duran bagtdyr.

▪︎Gözýaşlar bilen ýuwulan söýgi päkize, owadan we ebedi bolýandyr.

▪︎Adamyň derejesi onuň gazanan zatlary bilen däl, gazanmagy öňünde maksat edip goýan zatlary bilen kesgitlenýär.

▪︎Dünýädäki ähli soraglara özümçe jogap tapdym, diňe iň soňkusy galdy: «Men kim?»

Taýýarlan: Nabat BAÝRAMMÄMEDOWA.
45
550
Tayler
13 Yanwar 2024
Gowy sözler👍
gunesh_
13 Yanwar 2024
Hany ýatdym onda menem gijeler rahat 🙋🏻‍♀️
gunesh_
13 Yanwar 2024
@flowers_, boldy düşündim eýýäm 😂
gunesh_
13 Yanwar 2024
@lawyer, gorkmakdan dälle maňa endik bolupdyr şol. Başga adamlar bilen kän gyzyklanyp ýöremok:)
gunesh_
13 Yanwar 2024
@lawyer, şol gulluk sözüni okamsoň bildim. Hiç kimiň profilina giremoga men. 😅
gunesh_
13 Yanwar 2024
@flowers_, ýataýmasam indi kelle bek bulaşyp başlady 😂
gunesh_
13 Yanwar 2024
@flowers_, şoň üstünde jedelem etjek bolupdym bir gezek. Lbly bir tanyşm şo ýeri öwen boldy welin.
gunesh_
13 Yanwar 2024
@lawyer, siz gulluk diýmedik bolsaňyz men size hälden gyzdyr öýdüp otyrdym 😅🙊🤦🏻‍♀️
gunesh_
13 Yanwar 2024
@lawyer, onçasyna bilemok ýöne köpüsi şeýle olaň
gunesh_
13 Yanwar 2024
@lawyer, aý şol harplaň ýerini üýtgedip aýdýan ekeniňizdä gysgaça 🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.