flowers_
14.01.2024 12:41
Sarkazmlar.


Ukudan oýananyňda: -_-, о_-, о_о, О_о, О_О…

***

Iň romantiki sms-ler: «Men sen hakda pikir edýän…», «Seni söýýän», «Siziň hasabyňyz 10.00 manat köpeldi. Hasabyňyz 10.02 manat».

***

Adam bilen gürleşende akylly we agras ýüz etmek isleseňiz, içiňizden 2654-ä 6851-i köpeldiň.

***

«Loading 99%» diýen ýazgy diñe ilkinji 10 minut begendirýär.

***

— Ezizim, günortana näme taýýarladyň?

— Hiç zat.

— Ýöne düýnem hiç zat iýdigä.

— Howa, iki günlük taýýarladym.

***

Psihologiki test:

Lýustra serediň.
Siz lýustra seretdiňizmi?
Näme üçin?
***

Diňe haty zordan harplap okaýanlar harp ýalňyşyňy tapýar.

***

Biz üçem bolup dogulduk. Ýaltalyk, men we ynsap. Soňkymyz dogulýarka ýogaldy.

***

Aslynda adam tutuş janly-jandarlaryň içinde iň görmeksizi. Ýöne biz halys bir-birege gözümiz öwrenşensoň, ony duýup bilemzok…

(c) Anonim ýaşulynyň gürrüňinden

****

— Tüweleme, tutuş synpyň dokumentasiýa işi meň elimden geçýä diýsene.

— Howwa, her kim düşündiriş ýazandan soň maňa barladýa…

****

— Erdal Demirkıran kitabynyň başynda «Dünyanin en akıllı insani» diýip tanyşdyrýa özüni. Gaty geň gördüm-aý…

— Bäh. Kitaby nähili? Çalaja baglanyşýamy diýýän zady bilen?

— Aý, howwa, menden-ä akylly eken…😂

****

Ömür bäş gün başyňyzda jygadyr,

Hemem soňy aýan bir pajygadyr…

(c) Atamyrat Atabaýew

****

— Murik, gowja telefonlaň bahasy näç-aý?

— Men näbileýin-aý, meň nä telefon satýan magazinim barmy?

— Aý hemme zadyň gadyryny bilmän, bahasyny bilensoň, soraýdym-da…

— …

****

Her kes özgeden akylly,

Hiç kimde-de akyl ýok,

Akyllylaň içinde bir-birege ýakym ýok.

(c) Çary Ataýew

****

Kola çörekden gymmat, emma çörek koladan gymmatly.

Diýjek bolýanym, ýegen, ýol saýlaňda gaty seresap bolgun.

Çünki gymmat bolmak bilen gymmatly bolmagyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

(c) Daýym

****

— Oňa hiç kimem gepini düşündirip bilmez.

— O näme üçin?

— Sebäbi ol pikirlenenok…

****

Näme üstüme gygyrýaň?! Diýen zadyňy getirdim-dä! Men näbileýin gelinbarmagyň üzümdigini…

(c) Garagüjük

Aşyr SAPAR.
42
295
hukuk
15 Yanwar 2024
♥️👍💯
optimist
15 Yanwar 2024
Karoci hemme hisa den berlen zat akyl hickim menki az diyip dawa etyan yok
tmyigit76
14 Yanwar 2024
@flowers_, hawa okamadyklammy (okap bopaýjaklary) okaşdyrýan..
tmyigit76
14 Yanwar 2024
@flowers_, hawa. "Soň okaryn diýipdim" diýeýinmi :)))
tmyigit76
14 Yanwar 2024
😊👍🏻
amanmyradowna_
14 Yanwar 2024
@flowers_, tàze tùrkmençe😁
amanmyradowna_
14 Yanwar 2024
@flowers_, hakiki(hakyky) nam un şeýdip yazanbolyalarka😏
amanmyradowna_
14 Yanwar 2024
Mena post okaman teswir okadym goni😂
amanmyradowna_
14 Yanwar 2024
😄😄😄
gunesh_
14 Yanwar 2024
@flowers_, özümi aýnada gören ýaly boldum 😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.