enes_∞
11.09.2024 22:08

Äýnek barada biläýmeli zatlarymyz
Ilki görüş ukyby peselen adamlaryň görmegini ýeňilleşdirmek üçin döredilen äýnekler wagtyň geçmegi bilen has hem kämilleşdirildi. Häzirki wagtda günüň ýiti şöhlesinden, kompýuteriň ekranyndan göreçlerimizi goramak üçin äýnekleriň dürli görnüşleri bar. Ilki-ilkiler äýnegi oýlap tapan adamlar onuň ýasalyşyny syr saklamaga çalşypdyrlar. Emma bu olara başartmandyr.

Alymlaryň tassyklamagyna görä äýnegiň aýnasy mundan 4500 ýyl ozal oýlanyp tapylypdyr. Miladydan öňki 1000-nji ýyllarda lupa hökmünde ulanylan taryhy tapyndylar ýüze çykypdyr.

Ilkinji äýnek dükany 1783-nji ýylda ABŞ-yň Filadefiýa ştatynda Frensis Mak Alister tarapyndan açylypdyr.

Taryhda ilkinji äýnek 1280-nji ýylda Armati atly italýan fizigi tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.

Häzirkizaman äýnegiň ilkinji görnüşini Rojer Bekon oýlap tapypdyr. Belläp geçmeli zatlaryň biri hem ilki bu aýnek el bilen tutulýan “Iorgnette” görnüşinde bolupdyr.

1730-njy ýylda Edward Skarlet gozganmaýan äýnek sapyny oýlap tapypdyr. Şeýlelikde, ilkinji äýnek oýlap tapylandan 350 ýyl soň ýüzüň ortasynda durýan görnüşe getirilýär.

Cesme: Turkmengazet
7
65
enes_∞
11.09.2024 18:38
Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak3- nji bölüm
“SWAS” zondunyň 3 ýylyň dowamynda alan maglumatlaryna esaslanyp, älemşynaslar Älemiň giňligi 13,7 milliard ýagtylyk ýylydyr diýen netijä gelipdiler. Emma “Spiser” teleskopynyň soňky alan maglumatlary Älemiň giňliginiň ol möçberden has uludygyny görkezýär. Diýmek, Älemiň hakyky giňligi älemşynaslaryň ulanýan teleskoplarynyň kuwwatyna bagly bolup galýar.

“Kassini” arş gämisi Saturndan we onuň hemrasy Titandan täsin maglumatlary iberdi. Titanyň atmosferasynyň Ýeriň atmosferasyna çalym edýändigi anyklanyldy. Hakykatdan hem, Titanyň galyň, organiki birleşmelere baý atmosferasy Ýeriň atmosferasynyň 3 -4 milliard ýyl mundan öňki döwrüni ýada salýar. Titanyň atmosferasynyň daşky gatlaklarynda uglewodorodyň çylşyrymly organiki molekulalarynyň gaz görnüşinde bardygy anyklanyldy. Häzirki wagtda görünmeýän massanyň görünýän massa täsiri we uly-kiçi astronomik sistemalaryň belli bir tekizlikde ýerleşýändikleri belli boldy.

Adamyň Älemdäki orny. Astronomiýa ylmy boýunça alnan maglumatlara görä, Ýeriň, Gün sistemasynyň, Galaktikamyzyň we Älemiň iňňän täsin gurluşy bar. Galaktikalar öz aralarynda ýerli Galaktikany düzýär. Hemme gözegçilik edilen Galaktikalar Metagalaktikanyň düzümine girýär. Gyzyl süýşmä laýyklykda Metagalaktikanyň giňelmegi dowam edýär. Älemde kwazarlar, neýtron ýyldyzlary, “gara girdaplar” we başga-da asman jisimleriniň birgideniniň bardygy mälimdir. Olara çenli aralyklar dürli-dürlüdir. Ýagtylyk, takmynan, 300000 km/s tizlik bilen hereket edip, Günden 8,5 minutda Ýere gelip ýetýän bolsa, ol Plutona 5,5 sagatda baryp ýetýär. Güne iň golaý ýyldyz bolan Sentawranyň Proksimasyndan şöhle Güne 4,22 ýylda, Galaktikamyzyň merkezinden bolsa 32600 ýylda gelip ýetýär.

Gün Galaktikanyň daşyndan 200 million ýylda bir gezek aýlanýar. Biziň Galaktikamyzda 100 milliarddan gowrak ýyldyz bar. Bize iň ýakyn Galaktikalar Magellan bulutlary we Andromedanyň dumanlygydyr. Uly Magellan buludyndan bize şöhle 196000 ýylda, Kiçi Magellan buludyndan bolsa 163000 ýylda, Andromeda Galaktikasyndan şöhle bize 2 million 300 müň ýylda gelip ýetýär. Henize çenli biçak uzak aralykda adamzatdan başga janly-jandaryň bardygy barada maglumat almak başardanok. Öň Älemiň giňligi 13,7 millard ýagtylyk ýyly diýlip hasap edilen bolsa, indi 9,1 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Galaktikalar toplumynyň bardygy mälim boldy. Munuň özi Älemiň giňliginiň çäksizdigini görkezýär.

Ýerdäki durmuşy saklamak üçin adamyň orny iňňän uludyr. Sebäbi, bar bolan maglumatlara görä, adamzat diňe Gün sistemasynda däl-de, eýsem ýakyn kosmosda hem ýeke-täkdir. Ýaşaýşyň döremegi üçin, biziň Galaktikamyz şeýle bir baý däldir. Sebäbi, diňe merkezi ýyldyzyň öz häsiýetleri boýunça biziň Günümize meňzeş bolan halatynda ýaşaýyş emele gelip biler diýlip hasap edilýär. Alnan maglumatlara görä, biziň Galaktikamyzda häsiýeti boýunça Güne meňzeş ýyldyzlaryň sany 40000-e golaýdyr. Megerem, şolaryň birinde planetalar sistemasy emele gelip, onda hem ýaşaýyş üçin amatly şertleriň dörän bolaýmagy ähtimaldyr. Gün sistemasynda we ýakyn kosmosda adamzadyň ýeke-täkligi onuň öňünde iňňän wajyp meseleleriň biri bolan ýaşaýşy, durmuşy goramak meselesini goýýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby
11
84
enes_∞
11.09.2024 18:33
Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak2- nji bölüm
Usullaryň iň sadasy kartanyň kömegi bilen Aşgabadyň we Mekgäniň ýerleşýän ýerini meridianalara hem-de parallellere görä kesgitlemekdir. Mekgä bolan ugry Ýeriň üstündäki üçburçluk esasynda çözmekdir. Onuň üçin öňürti Mekgäniň we islendik nokadyň (mysal üçin, Aşgabadyň) geografik koordinatalaryny tapyp, soňra şol nokatdan Mekgäniň meridianyna perpendikulýar geçirýäris we netijede, depelerinde Mekge, Aşgabat we perpendikulýaryň kesişýän nokady ýerleşýän gönüburçly üçburçluk emele gelýär. Ol üçburçlugyň bir kateti – Mekgä meridianynyň Aşgabat paralleli bilen kesişýän nokadydyr, ikinji kateti bolsa Aşgabat şäheri we Aşgabat paralleliniň Mekge meridiany bilen kesişýän nokadydyr. Gönüburçly üçburçlugyň gipotenuzasy bolsa Mekgäni we Aşgabady özara birikdirýän çyzykdyr. Üçburçlugyň taraplaryny Ýeriň merkezi bilen birikdirip, Ýeriň radiusyna görä Mekgä bolan ugur kesgitlenilýär. Ýeriň radiusyny tiç nokat üçin hem 6378,16 km-e deň diýip kabul edip bolar, çünki Mekge bilen Aşgabadyň aralygy şeýle bir uly däldir. Soňra ikinji kateti kesgitläp, depesinde Aşgabat ýerleşýän ýiti burçy tapyp, Mekgä bolan ugry anyklarys. O1 burç günbatar nokatdan, ýagny mart aýynyň 21-ine we sentýabr aýynyň 22-sine ýaşýan nokadyndan çepe tarap 38 gradus gyşarýar.

Ikinji usulda ýyldyzlaryň kömegi bilen kesgitlenilýär. Ýyldyzlara görä Mekgä bolan ugry tapmak üçin, Mekge tarapda ýerleşýän asman jisimlerinden peýdalanyp bolar. Dekabr aýynyň 22-si töwereklerinde Günüň ýaşýan nokadyna tarap eliňi öňe uzadyp, şonuň inine görä çepe seredilse, edil Mekgä bolan ugra seredildigi bolar. Tomus aýlarynda Içýan ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzy Antares Mekge tarapda ýaşýar.

Asman jisimleri öwrenilende alnan täze maglumatlar. 400 ýylyň dowamynda astronomlar asman jisimlerini Ýerdäki teleskoplaryň kömegi bilen öwrenip geldiler. Alnan maglumatlar fizika we himiýa ylymlarynyň kanunlaryna laýyklykda öwrenilip, anyklanylyp gelindi. Gün sistemasyny öwrenmek üçin mümkinçilikleri boýunça has ýokary bolan kosmos gämileriniň ençemesi uçuryldy. Arş gämileri goýberilende, olary barýan menzillerine tiz ýetirmek üçin beýleki planetalaryň dartyş güýjünden peýdalanyp başlanyldy. Adamzat arş gämisiniň kömegi bilen iň golaýdaky asman jisimine, ýagny Aýa gadam basdy (20.07.1969). Onuň üstüniň dürli ýerleriniň nusgasy getirildi. 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda “Stardast” atly kosmos gämisi “Uaýld-2” kometasynyň guýmgyndan we kellesinden nusgalar getirdi. Ilkinji gezek alymlara kometanyň maddasyny ýörite tejribehanalarda öwrenmek mümkinçiligi döredi.

Käbir alymlaryň pikirine görä, göze görünýän maddanyň massasy göze görünmeýän maddanyň massasyndan 5 essä golaý az, başga alymlaryň pikirlerine göräbolsa 10 essä golaý azdyr. Netijede, biziň görýän ähli jisimlerimiz süýdüň köpügini ýada salýar.
9
19
enes_∞
11.09.2024 18:30
Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak 1-nji bolumi
Adamlaryň durmuşy, esasan, Günüň dogup ýaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýeriň hereket edýän tekizliginiň, ýagny ekliptika tekizliginiň asman ekwatoryndan 23°26′ gyşyklygy gijäniň, gündiziň uzaklygynyň üýtgemegine getirýär. Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagty her 5 günden 10-njy jedwelde berlendir.

Türkmenistanyň beýleki welaýatlary üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagtyny kesgitlemek üçin 2 sany giňlik we uzaklyk düzedişlerini girizmeli: welaýatlar Grinwiç meridianasyna görä, Aşgabat şäherinden tapawutlydyr. Eger hasaplanylýan ýer gündogarda bolsa, ol ýerde şol tapawuda görä Aşgabatda Gün şonça-da ir dogýar, günbatarda bolsa, şonça giç dogýar.

Geografik uzaklyk boýunça welaýatda Günüň dogýan we ýaşýan wagty kesgitlenilenden soňra, 2-nji düzediş girizilýär. Düzediş geografik giňlik bilen baglydyr. Hasaplama geçirilýän welaýatyň giňliginiň bir gradus tapawudy Günüň dogup-ýaşmagyndaky hasaba, takmynan, 3 minut girizilmegini talap edýär. Eger welaýatyň geografik giňligi Aşgabadyň geografik giňliginden uly bolsa, onda düzedişiň alamaty (+), eger-de kiçi bolsa, onda alamaty (-) bolýar. Türkmenistanyň welaýatlarynyň käbir şäherleriniň masştaby boýunça 1 sm-de 10 km bolan kartadan hasaplanylan geografik koordinatalar 10-njy jedwelde görkezilendir.

Aýyň dogýan we ýaşýan wagtyny hasaplamak üçin, dürli maglumatlardan peýdalanmak zerurdyr. Emma Aýyň Güne görä ýyldyzlaryň içinde edýän hereketiniň tizligi 12,19 gradus, ugry bolsa günbatardan gündogaradyr. Netijede, Aý her günde 49 minut öňki gününden giç dogup, giç ýaşýar. Şeýle sada hasaplamalar bilen Aýyň dogýan we ýaşýan wagtyny takyk kesgitläp bolar.

Hijri-kainary senenamasyny hasaplamak. Musulman dünýäsinde köp seneler, şol sanda, Gurban baýramy we mukaddes Oraza aýy diňe hijri-kamary hasaby boýunça berilýär. Aýyň Ýeriň töwereginde Güne görä aýlanýan wagtynyň 29 gije-gündiz 12 sagat 43,2 sekunda deňligi sebäpli, şol seneler hatda bir obada-da tapawutly ýöredilýär. Muňa täze Aýa gözegçilik edýän adamlaryň seljeriş ýagdaýynyň tapawutlanýandygy we gözegçilik edilýän ýer sebäp bolýar. Emma hijri-kamary hasabyny Aýa seretmezden, gündogaryň meşhur älemşynaslarynyň biri bolan Ulugbegiň usuly bilen hem ýokary takyklykda kesgitläp bolýar. Ulugbegiň usulynyň takyklygy 3500 ýylda 1 gije-gündiz diýlip hasap edilýär.

Täze hijri ýylynyň we onuň aýlawynyň milady hasabynyň haýsy gününe gabat gelýändigi Ulugbegiň usuly boýunça şeýle kesgitlenilýär: hasaplanyljak ýylyň sanyny 210-a bölüp, galan san tapylýar. Mysal uçin, 2000-nji ýyly 210-a bölsek, 9-dan ýetip, 110 galyndy galýar. O1 galyndynyň iň golaý sany Ulugbegiň birinji jedweliniň ýokarky setirinden tapylýar, ol 90 bolar. Galan 20 ýyly bolsa, birinji sütünden tapýarys. Soňra 1-nji sütünden 20 bilen başlanýan setiriň 90-a inderilen sütüniniň kesişýän öýjügini tapýarys. 015-i görkezýär. Diýmek, 2000-nji ýylda hijri-kamary senesiniň täze ýylynyň birinji güni penşenbe gününde başlanýar. Galan aýlaryň başlanýan günlerini bolsa 5-lige görä, Ulugbegiň ikinji jedwelinden kesgitlenilýär. Jedweliň 1-nji setirindäki 5-den aşak göni çyzyk inderip, galan aýlaryň başlanýan günleri anyklanylýar.
Türkmenistanyň çäginden Mekgä (kybla) bolan ugry kesgitlemek. Her bir musulman üçin Mekge sözi mukaddesdir. Musulman dininiň şertlerini ýerine ýetirýän ildeşlerimiz her günde 5 wagt namazy berjaý edýärler. Yslam dinine uýýanlar namaza duranlarynda, ýüzüni Mekgä, ýagny kybla tarap tutýarlar. Hezreti Omaryň oglunyň aýtmagyna görä, ýüzüni Günüň tomusky we gyşky ýaşýan nokatlarynyň arasyna tutup, okan namazyň dürs bolýar. Mekgä bolan ugry bimäçe usullar boýunça kesgitläp bolýar.
7
21
enes_∞
11.09.2024 08:32

Näme Üçın, Hıç Kım “Ejem Ogly” Bolmak Islemeýär?!
Beýleki dillerdäki ýagdaýlary doly bilemok welin, türkmen dilinde käwagt garaşylmadyk we gaty geň galmaly ýagdaýlar ýüze çykýar duruberýär. Ynha, şolaryň biri hem ýokardaky sözbaşy bilen baglanyşykly.

Geň tarapy şu: Türkmen oglanlarynyň hemmesini ejeleri dogurýar. Ýöne olaryň ýekejesi-de “ejem ogly” bolmak islänok. Eýsem, sizce bu geň dälmi?!

Geliň, hemme zady başdan başlalyň we deliller bilen derňäliň.

Türkmen diliniň sözlüginde “eje” sözüne “çagany dogran aýal” diýlip düşündiriş berilýär.

Diýmek, çagany dogran aýal, şol çaganyň ejesidir. Erkek oglan-da özüni dogran enäniň ogludyr. Diýmek, erkek oglan ejesiniň ogludyr. Bu ýerdäki düşünje düzümleri bilen düşünişmezlik mümkin däl. Hemme zat köre hasa. Şeýle-de bolsa, sözüň ýa-da söz düzüminiň üstüne ýüklenilýän garaşylýandan başgaçarak many-mazmunyň, pikirdir düşünjäniň nusgasy pähimiň hörpüni düýbünden üýtgedýär.

“Ejemogly” pähiminiň düşünje düzümlerinden emele getirilen paradigmasynyň käbir nusalary bilen göz ýetirip bileris.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň birinji nusgasy. Erkek göbeklileriň hemmesi ejesiniň ogly bolandygyny kabul edýärler, ýöne olaryň hiç birisi, hatda aralaryndan ýekejesi-de, “ejemogly” bolmaklyga kes-kelläm razylyk bermeýärler.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň ikinji nusgasy. Erkek göbeklileriň hemmesi ejesiniň ogludyr, çünki olary kakasy dogurmandy. Bu üýtgewsiz hakykatdyr. Ejesiniň dograndygyna garamazdan, olaryň hemmesi “ejemogullyk” derejesinden boýun towlaýarlar.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň üçünji nusgasy. Oglanyň ejesi “Bu oglan meniň öz oglumdyr” diýip, dogran perzendini enelik haky bilen bagryna basýar. Ýöne ejesiniň ak süýdüni emip ulalan şol oglan welin “Men asla ejem ogly däldirin” diýip, iki aýagynam diräp garşy çykýar.

Şonuň üçin türkmenlerde “çaga aga-gara düşünip, ulaldygy saýy atasy oňa merdemsi garap ugraýar, çaga lellim, “ejem ogly” bolup ýetişmez ýaly, berk tutmaga ymtylýar” diýilmeginiň esasynda türkmen terbiýesi ýatýar.

Türkmen dilinde “ejemogly” bilen baglanyşykly anlatma hakynda şeýle maglumatlar duş gelýär. Şolardan käbir nusgalar:

“Ejem ogly” durnukly aňlatmasy barada Kerim Gurbannepesowyň “Oýlanma Baýry” [K. Gurbannepesow. Oýlanma Baýry. Aşgabat, 1995:368] diýen ýygyndysynda şeýle setirlere duş gelmek mümkin:

“Menem hüňürdedim: “Gülüpler geçiň,

Öýe gyzyl burçsuz barmajagym hak.

Keýwanyň buýrugy – men üçin kanun:

Burç getir diýdimi – burç alyp barjak,

Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak.

Ol meniň öz işim. Size bagly däl.

Onsoňam men siziň äriňiz ýaly,

Ýa ogluňyz ýaly ejemogly däl!..”



Netije ýerine şahsy garaýşym. Hormatly okyjylar! “Ejeli ogullar → ejem ogullary däldirler” diýen öňden dowam edip gelýän düşünjä menem garşy däl. Ýöne şuny asla unutmaly däldiris. Türkmen özüniň gelip çykyşyna degişli taryhy sahypalarynyň hiç birinde lellimligi, özüni oňarmazlygy, başarnyksyzlygy, ukypsyzlyga, nalajedeýinligi asla enäniň üstüne ýüklemändir. Muňa dogry düşünmek gerek. Hatda taryhyň altyn sahypalaryndan türkmen enesiniň han göterme derejesine (Güljemal Han) çenli baryp ýetendigini bilmek mümkindir.

Türkmenlerdäki “ejem ogly” aňlatmasy paýhas grammatikasy babatdan halkara derejesinde ünsi özüne çekiji mysaldyr. Çünki, bu mysalyň türkmen pelsepesine, pedagogikasyna, harby tälimine we medeniýeti öwrenişine degişli maglumatlar bilen ýugrumy ýetirilendir. Bu ýerde asla enelerimize äsgermezlik edilmeýär.

Bu ýerde Türkmenlere, türkmenleriň maşgala gurluşyna mahsus iki nusga göz öňünde tutulmalydyr. Olarynyň gadymydan gelýän garaýyşlaryny atalar sözünden tapmak mümkindir: “Gyz eneden görmedikçe, öwüt almaz, ogul atadan görmedikçe supra çekmez”, “Ata kesbi ogla halal, ene kesbi-gyza”, “Enesini gör-de, gyzyny al, kenaryny gör-de, bizini al” .

Türkmenistan:
13
125
enes_∞
10.09.2024 20:55

9-yň ýönekeý syrlary
Haçanam bolsa bir wagt 9-lyk belgisiniň täsindigi, haýran galdyryjydygy barada pikir edip gördüňizmi? Eger-de siz bu sowala «ýok» diýip jogap berýän bolsaňyz, onda okamagyňyzy dowam ediň!

Ilkinji nobatda 9-a bölünýän sanlara seredeliň: 9, 18, 27, 36, 45, 54, 63, 72, 81, 90, 99, 108, 117, 126, 135, … Üns beren bolsaňyz, bularyň arasynda iki we üç belgili sanlary goşanymyzda ählisiniň netijesi 9 bolýar. Mysal üçin 18; 1+8=9 ýa-da 135; 1+3+5 = 9. Bu mysala gabat gelmeýän 99 hem bar. Emma bu sanyň belgileriniň jemi hem 18 bolup, 1 bilen 8-i goşanymyzda ýene-de jogaby 9.

Haýsydyr bir sanyň 9-a galyndysyz bölünýändigini ýa-da bölünmeýändigini bilmek üçin onuň belgilerini goşmak ýeterlikdir. Ýokarda bellenilişi ýaly, 9-lyk san diýseň täsin. Hatda bu san käbir tapmaçalarda hem ulanylýar.

Geliň, şol tapmaçalaryň birini öwreneliň! Bu tapmaçany öz deň-duşlaryňyzdan ýa-da özüňizden ululardan sorap bilersiňiz. Iki ýa-da üç belgili san belläň. Bu sanyň belgilerini goşuň. Ilki bellän sanyňyzy çykan netijeden aýryň we çykan netijedäki sanyň belgilerini goşuň. Onuň netijesi jübüt san bolsa 5-e, täk san bolsa 10-a köpeldip, ondan 15-i aýryň. Jogabyňyz 75-mi?

Muňa bir mysal bereliň. Aýdaly 47 sanyny bellediňiz. 4+7=11. 47-den 11-i aýyrsak 36 galýar. 3+6=9, ýagny täk san. Bu sany 10-a köpeltsek 90 bolýar. 90–15=75. Has ulurak sanda hem barlap göreliň! Mysal üçin 831 sanyny bellediňiz. 8+3+1=12; 831–12=819; 8+1+9=18. Netije jübüt san boldy. Onda 18-i 5-e köpeltmeli bolýarys. Netije 90. 90-dan 15-i aýyrsak jogap 75 bolýar. Şeýle sowaly beren deň-duşuňyz çykan netijäni görende haýran galsa gerek!

A, siz haýsy san baradaky täsinligi bilýärsiňiz?

«TürkmenGazet».
18
156
enes_∞
10.09.2024 16:43


1.Sorag: Ýüz görülýän aýnanyñ oñünde, İphone telefonda özüñi surata almak keseli ilki bilen gyzlarda döränmi ýa-da oglanlarda?!

2.Milioner bolasyñyz gelýärmi ýada miliarder ?

4.Tire name taýpa name tohum name?

5.Eneñiziñ agtygy size kim bolýar?




🔺🔺❓🔻🔺
14
238
enes_∞
10.09.2024 13:46

Şikesleri bejermegiň taryhy
Eýsem, siz ynsanyň saglygynda has möhüm bolan ugurlaryň biri bolan trawmatologiýa, ýagny şikesleri bejeriş ulgamy hakynda eşidip görüpmidiňiz?!

Trawmatologiýa – grek sözüdir. Ol «trauma»-«ýara, döwük», «logos»-«ylym» diýen manyny berýär. Ynsanyň bedenindäki döwükleri we ýaralary dikeltmek hakyndaky ylymdyr. Has takygy, trawmatologiýa ylmy lukmançylygyň adamyň bedenine şikesleriň ýetirýän täsirini, olaryň netijelerini we bejeriş usullaryny öwrenýän bölümidir. Geçmişde trawmatologiýa daşky täsiriň netijesinde, adamyň bedeninde döreýän näsazlyklary öz içine alyp, soňra lukmançylyk ylmynyň ösmegi bilen, ondan birnäçe ugurlar bölünip aýrylýar. Häzirki döwürde, içki organlara ýetýän şikeslere hirurgiýanyň degişli bölümlerinde seredilýär. Trawmatologiýada süňklere ýetirilýän şikesleriň bejeriş usullary ortopediýadaky bejeriş usullaryna meňzeşdir, şonuň üçin häzirki wagtda, bu hünär «trawmatologiya we ortopediýa» diýlip atlandyrylýar. Trawmatologiýada ulanylýan bejeriş usullary terapewtik we hirurgiýa diýen iki topara bölmek bolar. Terapewtik usullara dürli daňylar we şikes ýeten ýerine immobilizasiýa etmek usullary degişlidir. Hirurgiýa usullara ýaranyň birinji we ikinji hirurgiki arassalanyşy degişlidir.

Biziň eýýamymyzdan öňki, 2500 ýyl mundan ozal, Müsüriň baý adamlary elleri aýaklary immobilizasiýa etmekde palma ýapraklaryndan taýýarlanylan daňylary ulanypdyrlar. Eliň we aýagyň şikesleriniň bejergisi gadymy döwürden bäri mälimdir. Gadymy döwrüň beýik lukmany Gippokrat süňkleriň döwülmegini bejermek we çykan süňkleri ýerine salmak barada traktatlar ýazypdyr. Ol süňkleriň çykmagyny, döwülmegini we adamyň süňkleriniň gyşarmagyny hirurgiýa usuly bilen däl-de, gan çykarmasyz usul bilen düzetmegi maslahat berýär.

Görşümiz ýaly, gadymy döwürlerde-de adamlar süňk döwülmelerini hirurgiki we beýleki usullar bilen bejeripdirler.

Çeşme: TurkmenGazet
11
59
enes_∞
10.09.2024 12:51
Siz nähili terbiýäni miras galdyrýarsyňyz?
Çölde ýaşaýan bir garyndaşymyňka görme-görşe barýardym. Bir sebäp bilen düýämden düşüp, ilerräk ýöränimem şoldy welin, düýäm patanaklap gaçyp ugrady. Men hem etek alty-ýeň ýedi, düşdüm yzyna. Agşama çenli kowalap, sütünim süýndi. Ahyry-da, bir çatmanyň öňünde duran düýeleriň arasyna goşuldy. Men hem açlykdan we teşnelikden ýaňa, şol ýerde ýykylyp galdym. Çatmadan çykan bir zenan meniň bu gözgyny halymy görüp, iki elini bykynyna urup:

– Sen kim, näme işläp ýörsüň bärde? – diýip sorady. Men:

– Garyndaşlarymyňka barýardym. Düýämi gaçyrdym, ahyry şu ýere gelip durdy. Uzynly gün yzynda selpäp, gymyldamaga mejalym galmady – diýdim. Zenan ýüzüni kürşerdip:

– Hudaý beren çöle sygmadyňmy? Biziň myhman kabul etmäge ýagdaýymyz ýok… – diýip, çatmasyna girip gitdi. Desterhan ýazyp, çagalary bilen nahar iýmäge başlady…

Az salym soňra adamsy gerdenine bir halta ýükläp geldi. Haltany egninden düşürip, töweregine garanjaklanda, meni gördi. Derrew ýanyma gelip, dikelmegime kömek etdi. Hal-ýagdaýymy sorady. Men oňa-da:

– Düýämi gaçyrdym. Şu ýerde saklandy. Essim aýylyp, şu ýerde ýykylyp galdym – diýdim. Ol ýigit:

– Görgi baryny görüpsiň. Myhmana hyzmat etmegiň sogaby uludyr. Hany, gel – diýip, meni öýüne çagyrdy. Saçagyň başynda oturtdy. Nesibämde baryndan garbananymdan soňra çölde başyma düşenleri, düýämiň gaçyşyny, ony yzarlaýşymy gürrüň berdim. Soňra, öý eýesi düýeleriniň arasyna baryp, meniň düýämi idip çykardy. Şol ýerde-de soýup, gözümiň öňünde etinden kebap pişirdi. Bile oturyp, şol kebapdan iýdik. Ertesi ir bilen ýola düşmek islänimde, düýämiň etinden ýol azygy taýýarlatdy. Soňra bolsa, öz düýeleriniň arasyndan iň naýbaşylaryndan biriniň owsaryny elime tutduryp, “Al, indi bu seniň düýäň, nesip etsin. Gözleýän garyndaşyňka-da sag-aman bar” diýdi. Ep-esli ýere çenli ugratdy. Ýöne, bu aralykda, ilki maňa nahar bermedik aýaly-da hüňürdäp, adamsyna agzyna gelenini aýtdy.

Men çölde agşama çenli garyndaşymyň öýüni gözledim, emma tapyp bilmedim. Şol agşam ýene bir çatmanyň golaýynda goş ýazdyrmaly boldum. Bu gezek-de çatmadakylardan meni ilki gören bir zenan maşgala boldy. Ol edep bilen: “Kim bolarsyňyz?” diýip sorady. Men “Garyndaşyny gözleýän bir myhman” diýdim. Bu zenan öňki zenanyň tersine, myhmana hezzet-hormat etmegiň sogaplary barada gürrüň edip, maňa nahar we suw iberdi… Şol wagt hem adamsy ýetip geldi. Myhmana nahar berýändigini gören erkek kişi: “Sen öz garnyňy bir ibaly doýrup bilýäňmi, myhmana hödür-kerem eder ýaly?” diýip, aýalyna azgyrylyp ugrady.

Örän geňdi. Ilkinji baran öýümde zenan husyt, bu öýde bolsa erkek husyt. Onsoňam, ol husyt zenan bilen bu husyt erkek bir-birlerine örän meňzeşdi. Bulary aňymda aýlap durkam, husyt kişi ýanyma geldi. Oňa bu geň hadysany gürrüň berenimde, gülüp, şeýle diýdi:

– Ol çatmada saňa nahar bermedik husyt aýal meniň uýamdyr. Bu çatmada saňa nahar iberen aýal-da, şol jomart erkegiň uýasydyr. Her kim öz ömrüniň dowamynda maşgaladan alan terbiýesini dowam etdirýär. Biziň maşgalamyzdan bize garasöýmezlik, husytlyk terbiýesi, olara-da maşgalasyndan jomartlyk, myhmansöýerlik terbiýesi miras galypdyr. Bu ýerde geň zat ýok. Bary maşgala terbiýesi bilen baglanyşykly zatlar.

Eziz agzalar, indi bolsa, geliň özümize şu sowaly berip göreliň:

– Biz çagalarymyza nähili görelde görkezýärkäk? Olara nähili terbiýäni miras galdyrýarkak? Asyl pikirlenmeli meselelerden biri-de şu bolsa gerek.
15
78
enes_∞
10.09.2024 08:57

Ertirlik üçin energiýa
Käbir adamlar işe baýramçylyga gelen ýaly bolup bütin gün ýöredilen ýaly zähmet çekýär. Beýlekiler bolsa gamgyn, ukydan doýmadyk ýaly we irdenden ýadaw ýaly görünýärler. Bu görgüli üçin iş has agyr borç we ýesirlik bolup durýär: güýji düýbünden ýok, durmuşa bolan gyzygy hem ýitdi. Bu görgülä nädip kömek edip bolar.

Energiýany (güýji) köp çeşmelerden alyp bolar: tebigat güniň we suwyň energiýasyny berýär, dostlar ýylylyk bilen kömek edip bilerler. Iň peýdaly iýmitler hem energiýa berip bilerler, olary daçada ýa-da ýakynda ýerleşýän dükanda nitrat tester we öz paýhasyňyzy ulanyp tapyp bilersiňiz. Arassa energiýanyň bu çeşmelerini ulanyp ýadawsyz we keselsiz talaba laýyk, uzak ýyllap owadan daşky sypatyňyzy saklap ýaşap bilersiňiz.

Ertirlige näme bişirmeli? Howlugýan adamlar buterbrodlary, gowurlan ýumurtgalary we başga gurak iýmiti oýlap tapdylar. Şular ýaly jan saglygy we bütin iş gün üçin energiýa bilen üpjün etmeýär. Bu iýmitiň peýdasy-zyýany barada howlugýan adamlar diňe aşgazanlary tutup başlanda ýa-da depressiýa agyr güýç bolup üstlerine düşende pikir edip başlaýalar. Sagdyn ertirligiň esasy kadasy-diňe ekologiki tarapdan arassa iýmiti ulanmak we gyzgyn nahar bişirmek. Iň gowysy-bu gyzgyn seçelenip duran kaşanyň uly bolmadyk paýyny iýmek. Onda ene topragyň we her bir sümmüli ýyladýan güniň energiýasy bar. Ýaltanman agşamlyk daryň, greçiha ýarmasynyň ýa-da şalyň bir penjesini arassa suwa bastyryp goýmaly, şonda irden ony ýöne gaýnadaýmaly bolýar. Şeýle kaşanyň her bir çemçesi saglyk we güýç berer.

Indiki kada-ertirlige kofe däl-de çaý içmek. Iň gowysy gök ýa-da otly çaý içmek (olary tandemde hem ulanyp bolar). Ýöne oty saýlamkda örän ünsli bolmaly. Melissa, duşisa we narpyz has-da agşamlyk nahara laýyk bolar: olar gowşadýar we uka gidirýär. Irden bolsa- zweroboý, itburun, ewkalipt, limonnik gök çaýyň bir penjesi bilen gözellik we işjenlik goşar. Ýuwaşlyk we ruhubelentlik bilen içmeli. Ýene bir ertirlik üçin tagamly nahar-pasyllar boýunça gök önümler we miweler. Olaryň ählisi toprak we gün bilen gatnaşykda bolýarlar we olaryň energiýasyny bizi bermäge taýýar. Hamyrdan taýýarlanýan önüm we içlekliler, süýjilerwe kökeler- rehimsiz ýakymsyzlyk . Ýöne irden şokoladyň birje bölejigini iýseňiz energiýa bilen üpjün eder we lezzet berer.

Turkmenportal
9
28