elya
26.08.2023 01:45
Men durmuşa teý düşünip bilemok,
Ähli zat birhili duýdansyz bolýar.
Nämüçin söýýänim özüm bilemok,
Kalbyma bu duýgyň öz-özi dolýar.

Birdenkä gök gürläp, ýagyş ýagyp dur,
Birde al-asmanda Güneş parlaýar.
Ynha, şeýdip uç-gyraksyz älem deý,
Soňsuzlyga sary ömri aýlaýar.

Durmuşyň durmaly duralgasy ýok,
Bardyr onuň diňe indiki döwri.
Baharda janlanyp, güýzüne solýan,
Edil şol gök-sary ýapraklar ýaly,
Gidip barýan umytlara beslenip,
Çözgütsiz matal deý geljege sary.

Züleýha ALLABERDIÝEWA.
104
172
elya
25.08.2023 14:52
Gözlerimden duýmadyňmy söýgümi,
Ýa-da bilmediňmi harplaryn sepläp?!
Günä mende, ýeri, neçün öňüňde
Ýalbarmadym şo gün owadan gepläp.

Sözlerim sünnäläp «Söýäý» diýmedim,
Gorkdum, birden seni aldaryn öýdüp.
Söýgi çuň bolanda beýan etmek kyn,
Ýöntem duýgulary bolýandyr aýdyp.

Owadan sözlere ýesir düşeňde
Duýup galdym bagtsyz bolup doglanym.
Gel, gör, yşkdan terkidünýä bolanny,
Seni söýýän diýmän, söýen oglanyň.

Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW
83
75
elya
25.08.2023 01:15
Seni tapyp, men özümi ýitirdim,

Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.

Men öz belet şäherimde azaşdym,

Azaşdym men seniň gara gözleňde.

 

Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,

Hem tapamok barýan ýoly tünegme.

Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,

Aljyrarmyş adam bagty çüwende.

 

Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?

Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.

Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,

Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.

 

Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,

Söýgi diňe salýar ýürege dowul.

Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,

Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.

 

Gözleri ümezlär yşka düşeniň,

Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.

Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan

Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.

 

Men aýňalman, halas boljak bolamok.

Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.

Ýüregime täze ýara salsa-da,

Bu sataşan derdim köne dert örän.

Atamyrat ATABAÝEW,
81
87
elya
24.08.2023 15:36
SALGYŇY GOÝUP GIT

Kalbyma kök uran umydym bardy,
Ýokardady arzuwlarym bulutdan
Señ şalygyñ bardy göwnümde, Emma,
Neçüýn baryn ýele zyñdyñ, unutdyñ?

Umydymy şemal öçürdi eýýäm,
Arzuwlarmyñ boýy barmagym ýaly.
Gideñde salgyñy goýup git, dünýäm, 
Hatda azaşybam barmazym ýaly!

Mukam MUHAMOW
73
149
elya
24.08.2023 00:45
\\\"Gül ejejan, gülmek saña gelişýär\\\"

Mähriñden meýmiräp, janlanar älem,
Ýylgyrsañ agarar, garalan pälem.
Gül göwnüñ, gaýgyly göründi hälem,
Gussalansañ dünýäñ görki bulaşýar,
Gül ejejan gülmek saña gelişýär.

Ýok wagtyñ kän boldy göwnüme degen
Baharda gül ýokdy naharda tagam
Saña derek men aglaýyn sen begen
Ynsan näme etse şoña alyşýar
Gül ejejan gülmek sana gelişýär

Barlygyñ ylhamdyr, elleriñ melhem
Senden başga dostum bolmady bilseñ
Ýylgyrsañ özünden utanar gül hem
Gülseñ günüñ dogşy ýadyma düşýär
Gül ejejan gülmek saña gelişýar

Meniñ bilen işi yokga özgeleñ
Sendiñ eje ählo zada döz gelen
Seniñ waspyñ aýdyp bilmen söz bilen
Waspyña söz tapman dilim çolaşýar
Gül ejejan gülmek saña gelişýär

Kuwwat Ýazmuhammedow
79
62
elya
23.08.2023 15:29
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogluñyz gyzyñyz.
Geçsin ýazlaryñyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.

(Gurbannazar Ezizow)👆👆👆👆

\\\"Sadalykdan zyýan bolmaz\\\" diýipsiñ,
Häli şindi ejir çekýär sadalar.
Ýa ussadym sen şol ýerde ýalñyşýañ,
Ýa ondan soñ çalt üýtgedi kadalar.

(Atajan Tagan)

Usatlar känem bir ýalñyşmaýarlar,
Sadañ ejirligniñ soñy eşretde.
Ömrüni sogaba çalyşmaýanlar,
Olañ nikabyny geýen eşekdir.

(Kerim Hally)

Ussatlar hiç haçan ýalñyşmaýarlar,
Sadalykda geçen örüñ halaldyr.
O dünýäde ýanmajaklañ pikiri,
Sadalary akmak adam saýmakdyr.

(Oraş Öwezberdiýew)

Hemme kişi, munda ýalñyşyp biler,
Çünki gelejegiñ öñün gören ýok.
Sada bolup haýyr ýolun tapan bar,
Ýöne sadalykdan zyýan çeken yok

(Öwezgeldi Taganow)

Siz döwürde, bolmadyk kän zyýanlar,
Sada bol sen, erbet bol sen parhy ýok.
Ýatana hem degen däldir ýylanlar,
Indi ýylan bolmasañ hiç güleñok.

Sada bolsañ, durmuş berer oýnuny,
Uçurar gövnüñi ne dag asmana.
Sadalykdan kändir heniz zyýanlar,
Hiç kim sylamazlar, gülerler aga.

(Agaýusup Ýakubow)
74
103
elya
23.08.2023 02:13
MENIŇ SÖÝGIM

(Ýüzbe-ýüz janyňa kast etse gandar,
Onuň keşbi meýdiň gözünde galýar..)

Serediň möwç urup gelen bahara,
Ol türkmeniň ýöne-möne ýazy däl.
Kesir gyza yrylmaga bahana,
Ýazyň gözelligi çydar ýaly däl.

Şol ýazy kalbyma sygdyryp bilmän,
Men goşgy-gazaldan karar gözledim.
Eger bir gün ölsem, görüň şol ýazy
Emaý bilen açyň-da siz gözlerim...

Meniň ýalňyz syrym—nowjuwan gelin,
Gören däldir hiç kim men kimin söýlüp.
Ol hakda ýazmaga bognum ysmady
Onuň jemalyny ýoýaryn öýdüp.

Men gidip daglara içimi dökdüm,
Güýjedip meý deýin göwnümde baryn.
Eger bir gün kaza bolsam, görüň siz
Gözüm açyp şol geliniň didaryn...

Nobatguly Rejepow
107
294
elya
22.08.2023 16:06
Çagalyk

Seredip doýmadym synlap daşyndan,
Jykyrdaşyp, oýnap ýören çagalaň.
Şeýle ysnyşypdyr, birek- birekden,
Aýry gamy, şatlygy-da ýok olaň .

Olar çäksiz bagtly, erkin, şadyýan,
Nur saçylýar töwerege ýüzünden.
Birmahalky çagalygmy gördüm men,
Olaň bagtdan ýanyp duran gözünde.

Şol gussasyz günlerimi küýsedim,
Ýatlamalaň gatlaryny dörüp men.
Hat-da agşam uzyn gije düýşüme
Şirin, eziz çagalygym giripdir.

Ilki kyndyr boýun almak - başyňdan,
Şagalaňly çagalygyň sowlanyn.
Soň köşeşýäň, görüp , ýeriň bireýýäm,
Eýelänne bir kiçijik oglanyň.


Aşyr Hanow
79
103
elya
22.08.2023 00:47

IKI DAMJA

Hiç kimse islemez ýaryň aglanyn,

Agladandan asla çykmazam aşyk.

Geň bolsa-da, senden dilegim, ýarym,

Sowgat ber ikije damja gözýaşyň.


Toýmuz tutulanda birinji damja,

Ene-ataňy goýup gaýdaňda gaçsyn.

Soňra ýaşyňy syl, gülüp çalaja,

Ýylgyrşyň törüme nuruny saçsyn.


Ikinji damjany iň soňky günüm,

Guran dodaklarma damdyr aglaman.

Hem-ä maňa gorkuly bolmaz ölüm,

Çekmez ýumulanda gözlerim arman.


DAWUT ASGAROW

89
87
elya
21.08.2023 23:44

Gördüňmi...

Eliñden gidirip arzyly zadyñ,

Dünýäñ derdi bilen aglap gördüñmi?

Gözden gam inende,

Soralsa halyñ

"Aý, gowu-la" diyip aldap gördüñmi?


Gijelerne ýalñyz galyp gördüñmi,

Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyñ?

Gülkiñe gussañy garyp gördüñmi,

Bendi bolup em tapylmaz ahwala?


Gördüñmi ýodany yzarlap ýüp deý,

Nämedir bir zady küýsän mahalyñ?

Awunyp gördüñmi minnetli gepden?

Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyñ?


Käte-käte adam gözläp gördüñmi?

Elewräp gördüñmi ýüregiñ gysyp?

Uzak menzillere ugrap gördüñmi,

Kiçijik haltañy arkañdan asyp?


Dañylyp gördüñmi soñsuz soraga,

Jogap tapman, ýüregiñi çişirip?

Garaşyp gördüñmi kimdir birine,

Gije-gündiz garap ýatyp işige?


Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,

Gussalañ bar zatdan çykýarmy üstün?

Çyndanam şeýlemi?

Gutlaýan ondaBiz

meñzeş ekenik,

Hoş geldiñ, dostum!


AṢYR HANOW

121
467