elya
23.08.2023 02:13
MENIŇ SÖÝGIM

(Ýüzbe-ýüz janyňa kast etse gandar,
Onuň keşbi meýdiň gözünde galýar..)

Serediň möwç urup gelen bahara,
Ol türkmeniň ýöne-möne ýazy däl.
Kesir gyza yrylmaga bahana,
Ýazyň gözelligi çydar ýaly däl.

Şol ýazy kalbyma sygdyryp bilmän,
Men goşgy-gazaldan karar gözledim.
Eger bir gün ölsem, görüň şol ýazy
Emaý bilen açyň-da siz gözlerim...

Meniň ýalňyz syrym—nowjuwan gelin,
Gören däldir hiç kim men kimin söýlüp.
Ol hakda ýazmaga bognum ysmady
Onuň jemalyny ýoýaryn öýdüp.

Men gidip daglara içimi dökdüm,
Güýjedip meý deýin göwnümde baryn.
Eger bir gün kaza bolsam, görüň siz
Gözüm açyp şol geliniň didaryn...

Nobatguly Rejepow
107
294
ilhano_va
24 Awgust 2023
@elya, seňki dogry isle ayyr isle goý mana gyzykly dal sen postlaryn. 1000 like al like gyzykly dala. Sebabi srawno hakykat yüze cykyara:)))
ilhano_va
23 Awgust 2023
@elya, gep men barada gidenoga profilime gir muňden geçen postym bar ana biz yyllardan soň yetdk şu dereja. Güler yalam zat aydamok gülmek hökman dal
ilhano_va
23 Awgust 2023
@elya, adminler gowy bilya men nädip ýetenimi sen bilmesenem bolar. Men tohmet atmadym tüweleme trend sen diýdim. Galanynam özün bil. Näme etseň şony et .
ilhano_va
23 Awgust 2023
@elya, men hiç wagtam like görüpcilik etmeyan. Prosta beyleki agzalara adalatsyzlyk bolýa bular yaly yagdaylar. Eylekilera jan edip post paylaşýa dereja yetjek bolyalar dasyndan gelip iki günde trend bolup ertesi gün blok bolyanlary köp gördük şondan diýdim men hudaýa şükr VIP derejam bar görüpcilik eder ýaly yagdayym yok şükr
ilhano_va
23 Awgust 2023
@elya, menden gowy bilyanin billiryara şoň üçin sözümi zaýlamaga degenok..
ilhano_va
23 Awgust 2023
@elya, howwa bolýa arada bir ağza şol sebapden 2050nji yyla çenli blok edildi. Şoň üçin seresapja bol
ilhano_va
23 Awgust 2023
Tüweleme günne trend bolýaň👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.