elya
21.08.2023 23:44

Gördüňmi...

Eliñden gidirip arzyly zadyñ,

Dünýäñ derdi bilen aglap gördüñmi?

Gözden gam inende,

Soralsa halyñ

"Aý, gowu-la" diyip aldap gördüñmi?


Gijelerne ýalñyz galyp gördüñmi,

Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyñ?

Gülkiñe gussañy garyp gördüñmi,

Bendi bolup em tapylmaz ahwala?


Gördüñmi ýodany yzarlap ýüp deý,

Nämedir bir zady küýsän mahalyñ?

Awunyp gördüñmi minnetli gepden?

Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyñ?


Käte-käte adam gözläp gördüñmi?

Elewräp gördüñmi ýüregiñ gysyp?

Uzak menzillere ugrap gördüñmi,

Kiçijik haltañy arkañdan asyp?


Dañylyp gördüñmi soñsuz soraga,

Jogap tapman, ýüregiñi çişirip?

Garaşyp gördüñmi kimdir birine,

Gije-gündiz garap ýatyp işige?


Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,

Gussalañ bar zatdan çykýarmy üstün?

Çyndanam şeýlemi?

Gutlaýan ondaBiz

meñzeş ekenik,

Hoş geldiñ, dostum!


AṢYR HANOW

121
467
2580
27 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
Miss_Minnosh❤️
25 Awgust 2023
ylham_gurbanaly
25 Awgust 2023
Laýykdyr like alýandyr. Oňarýandyr alýandyr. Ýönekeý zatdan dawa tapmak gerek dälmikä diýýän)
genichka
22 Awgust 2023
@elya, taze agzamy
genichka
22 Awgust 2023
Salam gic yagsy
ilhano_va
22 Awgust 2023
@elya, aı bolýa nesip etsin likelarynda gözüm yok. Geň gördüm aytdym
wolf
22 Awgust 2023
Elya bolya ýalñyş zat diýen bolsam izvini
wolf
22 Awgust 2023
Elya rekordy döwdüñ 😁👍
Relax
22 Awgust 2023
Herkim öz nesibeli Like ny alýa - tuweleme Udacii
bellidal
22 Awgust 2023
Elya Salam mana su gosgyny ugradyp berayda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.