elya
22.08.2023 00:47

IKI DAMJA

Hiç kimse islemez ýaryň aglanyn,

Agladandan asla çykmazam aşyk.

Geň bolsa-da, senden dilegim, ýarym,

Sowgat ber ikije damja gözýaşyň.


Toýmuz tutulanda birinji damja,

Ene-ataňy goýup gaýdaňda gaçsyn.

Soňra ýaşyňy syl, gülüp çalaja,

Ýylgyrşyň törüme nuruny saçsyn.


Ikinji damjany iň soňky günüm,

Guran dodaklarma damdyr aglaman.

Hem-ä maňa gorkuly bolmaz ölüm,

Çekmez ýumulanda gözlerim arman.


DAWUT ASGAROW

89
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.