elya
23.08.2023 15:29
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogluñyz gyzyñyz.
Geçsin ýazlaryñyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.

(Gurbannazar Ezizow)👆👆👆👆

\\\"Sadalykdan zyýan bolmaz\\\" diýipsiñ,
Häli şindi ejir çekýär sadalar.
Ýa ussadym sen şol ýerde ýalñyşýañ,
Ýa ondan soñ çalt üýtgedi kadalar.

(Atajan Tagan)

Usatlar känem bir ýalñyşmaýarlar,
Sadañ ejirligniñ soñy eşretde.
Ömrüni sogaba çalyşmaýanlar,
Olañ nikabyny geýen eşekdir.

(Kerim Hally)

Ussatlar hiç haçan ýalñyşmaýarlar,
Sadalykda geçen örüñ halaldyr.
O dünýäde ýanmajaklañ pikiri,
Sadalary akmak adam saýmakdyr.

(Oraş Öwezberdiýew)

Hemme kişi, munda ýalñyşyp biler,
Çünki gelejegiñ öñün gören ýok.
Sada bolup haýyr ýolun tapan bar,
Ýöne sadalykdan zyýan çeken yok

(Öwezgeldi Taganow)

Siz döwürde, bolmadyk kän zyýanlar,
Sada bol sen, erbet bol sen parhy ýok.
Ýatana hem degen däldir ýylanlar,
Indi ýylan bolmasañ hiç güleñok.

Sada bolsañ, durmuş berer oýnuny,
Uçurar gövnüñi ne dag asmana.
Sadalykdan kändir heniz zyýanlar,
Hiç kim sylamazlar, gülerler aga.

(Agaýusup Ýakubow)
74
103
m_di
23 Awgust 2023
👍🔥🔥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.