elya
05.10.2023 20:49

«SYNANŞYK»

Men seni söýýäni» kän gezek diýdim,

Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.

Käbirinden puç dolandy umydym,

Käbiri ýanymda ýekesiretdi.


Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki,

Özleri dünýämden daşardadylar.

Olar bagtym bolup bilerdi, belki,

Emma söýgim bolup başarmadylar.


Meger, men sebäpli ökünip näler,

Kimleň geçmişine dolanşy gamdyr.

Ýöne, öt ýazygmy, öňki günälem,

Meniň seni gözlän synanşygymdyr.


Mätgurban MÄTGURBANOW

52
53
elya
05.10.2023 17:00

Ýaryn-a setire sygdyrjak bolýan,

Ýarynam içimde bukýan derdimiň...

Üýtgeşik ekeniň meniň çakymdan,

Gerdenli däl, hut özi sen gerdeniň.


Seňkä meňzeş ýylgyryş ýok hiç kimde,

Ýygrylyş ýok ýüregimi gor eden.

Iki dünýe bagyşlanmaz, melegim,

Ýylgyrşyňy, ýygrylşyňy har eden...



SAPA HOMMADOW

60
112
elya
04.10.2023 20:35

Asmanda ,, Aglasy gelýän ak bulut”,

,,Aýylganç baharyň jybarly güni”

,,Lal perişde”, geýip ,,Keseki”, ,,Possun”

,,Sergin şemal” küýsäp ýöredi göni...


,,Gijeki wakalar” - ,,Saragt galasy”,

Diýdi türkmen: - ,,Uruş haçan gutarýar”

,,Serwi gelin”, ,,Ogul”, çekdi ,,Ýalňyzlyk”

,,Gaýynene” umyt daňyn atarýar...


Şükür, dyndy ,,Hasaplaşyk pursaty”

Jeň gutaryp ,,Gowy adam” köpeldi”

,,Sallançak mukamy” ýaňlanar baky....

,,Sähra balasy”-na berip


Nârtâç Ÿusupdurdyÿewa

47
74
elya
04.10.2023 11:31

Gel, ezizim, ýürek sessiz aglaýar

Saňa köp garaşdym, geçdi aý-ýyllar,

Aramyza düşdi öwrümli ýollar,

Ýalňyz ýada düşýär bagtly günler,

Gel, ezizim, ýürek sessiz aglaýar!


Kirpiklerim bilen ýoluň gyrçaýyn,

Duşmanlarňy söýgim bilen kerçäýin,

Seniň bilen bagtly bolar geljegim,

Gel, ezizim, ýürek sessiz aglaýar!


Maňa seniň gözleriňden doýma ýok,

Söýgiň meni öz erkime goýanok,

Neneň meniň ýürek sesim duýaňok,

Gel, ezizim, ýürek sessiz aglaýar!


Gijeler Aý maňa ýylgyryp baksa,

Yşkyň halkasyny boýnuma daksa,

Asmanda gök gürläp, ýyldyrym çaksa,

Gel, ezizim, ýürek sessiz aglaýar!


Söýgiň şirin aýdymyny aýdaryn,

Ykbalymy söýgim bilen iderin,

Sen gelmeseň, gözüm açyp giderin,

Gel, ezizim, ýürek ýanyp aglaýar!


Alla bizi ýalkaw içinde etsin,

Aşyklar maksadu-myrada ýetsin,

Arzuw baglarymyz bagt bolup bitsin,

Gel, ezizim, nika suwum aglaýar!

.Güljemal Garaÿewa

48
61
elya
03.10.2023 20:57

SAŇA

Dogrusy, men saňa näme diýeýin,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!

Kalbymdaky näzik duýgymy talap,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Az gördüňmi öňem ejizlän göwni,

Ençe ýyl gursakda düwülen düwni,

Ýadygärlik goýup, maňa bu güni,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Söýgiňi ýüregme ömrüme ýazdym,

Seni ömürboýy arzuwlap gezdim,

Meniň päk duýgyma neneňsi dözdüň,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Baharyň şemaly tersine öwsüp,

Gözýaşlar gussalaň böwedin böwsüp,

Aglaryn men kime derdimi egsip,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Bahargül Mejidowa

58
57
elya
03.10.2023 17:56

MAŇA ÝÜREKDEŞ BOLSAŇ...

Seret, ýagyş ýagýar duýup gussany,

Megerem, bu ýagyş daňa çen ýagar.

Ýatladýar ol bir süýjümtik ahwaly,

Sen bolsa meň ykbalymdan bihabar.


Damjalar pyşyrdap zemine düşýär,

Bu ýagmyr seň söýgi serpaýyňmy ýa?

Her damjadan nirdedigňi soradym,

Emma bu soragma älemem dymýa.


Soňra bulutlaryň topar habary,

Ýagyşy diňdirip, gözden ýitdiler.

Birdenem kesildi dünýäň owazy,

Özümden özgeler uka gitdiler.


Şeýdip, bu gije hem men ýalňyz galdym,

Sen bolsa meň bu halymdan bihabar.

Eger-de sen maňa ýürekdeş bolsaň,

Bagt güller bolup üstüme ýagar.


Bahargül Mejidowa

65
132
elya
02.10.2023 21:04

Türkmen zenanlaryna ynanmaň!

Hiç haçan ynanmaň türkmen gyzlarna,

\"Söýýän\" diýen çagyň, \"söýýemok\" diýse.

Damarda çogýarka namys, uýady,

Bir urnuşda \"Söýýän\" diýermi eýse.


Ynanmak zerur däl türkmen gelnine,

Diýse \"Ärim öýüň sütün, diregi.

Aslynda ojagyň ýükün deň çekip,

Goldaýandyr türkmen birek-biregi.


Ynanaýmaň \"men dok\" diýip çagasyn,

Naharlaýan bolsa türkmen zenany.

Olar açlykda-da perzendin doýrup,

Şolaryň gözünden iýýändir nany.


Agtyklaryn ýygnap türkmen kempiri,

Ýylgyryp gadymdan gürrüň açanda.

Ynanmaň ol ýalan ýylgyryşlara,

Görkezmezler gözden düwme gaçanda.


Çünki mertlik synmaz, dişi synsa-da,

Ýyllar dyrmasa-da mähirli ýüzün.

Şeýle gudrata-da aýyp ýapylsa,

Ynanmaň!

Diňlemäň olaryň sözün!


KERIM HALLY

61
160
elya
02.10.2023 19:21

Tankyt

Mesgeni näbelli Eýranmy, Türkmi,

Är-aýal ýaşanmyş howlusy görkli.


Aýal her gün, penjireden bakýarmyş,

Goñşyñ howlusyna ünsün çekýärmiş.


Ärine seredip, başlarmyş gepe:

-Seret goñşularyñ, howlusy hapa.


Ýogsa günde tämizleýär aýaly,

Onuñ iş edişi çalarak ýaly...


Diýip goñşularny tankytlarmyşyn,

Äri gepe biparh,

Okaýarmyşyn.


Ertir irden ýene penjirä garap,

Himýaly boýalan saçyny darap.


Tankytly gürrüñe başlanmyş ýene:

-Günüñe ýanaýyn muny görsene.


Howly ýene hapa, zenan işleýär,

Ýöne näme üçindir kiri süýşmeýär.


Belki süwsesiniñ hili pesräkdir,

Ýa-da musur alýan pili poslapdyr...


Diýip ol gepine nokat goýanmyş,

Äri gepe biparh, gazet söýenmiş.


Ynha ýene bir gün tankytçy zenan,

Endik bilen baryp ýan:na penjiräñ.


Seretse daşary juda täsinmiş,

Goñşulañ howlusy biçak tämizmiş.


Diýýärmiş ýanyna çagyryp ärin:

-Ahyr tapypdyrow ýuwmagyñ tärin.


Seretsene oña diýseñ arassa.

Äri ýylgyranmyş agrasdan, assa.


Hemem gürlänmişin agramly, şowly:

-Aslynda hemişe arassa howly.


Ýöne bu gün irräk açdym-da gözi,

Gowja edip ýuwdum penjirämizi...


Garaz bu myş-myşyñ ýorgudyn ýorsak,

Tankytda halalja bolmaly gursak.


Ilki arassalap öz öýüñ tamyn,

Soñ ýuwup bilersiñ ýüz öýüñ tamyn.


Kerim Hally

81
574
elya
01.10.2023 19:16

ÖZELENMEK

Maňa “dem alma” diý,

Ýok, “ýaşama” diý,

Men bularyň ählisine kaýylam.

Men bir-ä seň gara gözleň aşygy,

Birem dünýäň şygyrlarna maýylam.


Ýüregimi ikä böldüm, bir taýy

Şygyrlamda,

Ikinjisi gözleňde.

Ikisini birleşdirmesem eger,

Ýokdur maňa bu bolşumdan özgerme.


Ah, jansyz jemendä öwrüljegimi

Bilip durkaň “ýazmagyňy kes” diýme.

Haýyş, maňa “bes” diýme.


Goý, ýarasyn il derdine

Derdimden çykarsyn meni,

Sazlaşykly sözleň jemi.


Aýjahan ANNABAÝEWA.

46
40
elya
01.10.2023 07:15

Huzuryñda boýnum buruk,mahriban,

Eziz käbäm, ýeñletsene dertlerim!

Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýtdi-le

Durmuş

çekerimden agyr dert berip.


Bokurdagym dolup geldim ýanyňa,

Aýyplaşma didelemden ýaş aksa!

Men düşünýän, ýazygym kän sanardan,

Ýöne senem düşün, käbäm,

Ýaşlyk-da..!


Dünýäm apy-tupan bolup elenýär,

Ýol-ýodany saýgaramok, ümür kän.

Çynym, halys bezgek boldum,

Bu ömür

şeýdip näçe wagt ýaşaljak ömürkä?


Höweslerim dagap gitdi birmahal,

Birçak tapdan düşdi süýji arzuwlar.

Giç bolsa-da, ahyr menem düşündim,

Bildim, ýok ekeni güýji arzuwlaň.


Bimany günlerden geçip dur göwnüm,

Günälermi ötewersin ýaşlygym!

Eje, ine, şu zatlardan ötri men,

Birwagt gülen gözlerimi ýaşladym.


Ýöne, şükür, umyt gülüm solanok,

Durmuş näçe örtese-de dert berip...

...Ak başyňa gurban, kalbyňa gurban,

Käbäm, biraz saýpallady dertlerim...


SAPA HOMMADOW

42
32