elya
02.10.2023 21:04

Türkmen zenanlaryna ynanmaň!

Hiç haçan ynanmaň türkmen gyzlarna,

\"Söýýän\" diýen çagyň, \"söýýemok\" diýse.

Damarda çogýarka namys, uýady,

Bir urnuşda \"Söýýän\" diýermi eýse.


Ynanmak zerur däl türkmen gelnine,

Diýse \"Ärim öýüň sütün, diregi.

Aslynda ojagyň ýükün deň çekip,

Goldaýandyr türkmen birek-biregi.


Ynanaýmaň \"men dok\" diýip çagasyn,

Naharlaýan bolsa türkmen zenany.

Olar açlykda-da perzendin doýrup,

Şolaryň gözünden iýýändir nany.


Agtyklaryn ýygnap türkmen kempiri,

Ýylgyryp gadymdan gürrüň açanda.

Ynanmaň ol ýalan ýylgyryşlara,

Görkezmezler gözden düwme gaçanda.


Çünki mertlik synmaz, dişi synsa-da,

Ýyllar dyrmasa-da mähirli ýüzün.

Şeýle gudrata-da aýyp ýapylsa,

Ynanmaň!

Diňlemäň olaryň sözün!


KERIM HALLY

61
160
soyenc8878
4 Oktýabr 2023
Ynanmaň diyip göçme manyda diyya
_hayyam
3 Oktýabr 2023
Goýsanaý Kerim Hally şular ýaly goşgy yazarmaý
sha98
2 Oktýabr 2023
Bu gozler seninkimi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.