efsane_tm
10.03.2024 18:00
Garşymda täze ýol belentli pesli,
Bilmedim gaýtsammy, gaýtmasammy.
Bu duýga uçramandym wagt ep-esli,
Bilmedim aýtsammy, aýtmasammy.

Ýazsam duýgylarmy şygyra baglap,
Bentleri nagyşly bir dessan bolar.
Ýollasam bezäp gül çemene baglap,
Giden bir owadan bag-bossan bolar.

Kalbyma ornaşan bu tanyş duýgy,
Göýä gursagymy deşäýjek ýaly.
Der basandeý başym basdy bir gaýgy,
Gök asman üzülip gaçaýjak ýaly.

Ýitirmekden gorkýan şeýlebir gorkýan,
Şirin janym däl, seni ýitirmekden.
Ýüz öwürer öýdip aýtmaga gorkýan,
Erbedi ýok bagtyñy gidirmekden.


Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
50
96
efsane_tm
09.03.2024 16:59
Seniñ ak alnyñdan gara gözüñden,
Ilki dallar soñra ýapraklar öpsün.
Egilsin ýyldyzlar tutsun eliñden,
Gijelerden soñra şapaklar öpsün.

Yşk diýýärler bu mukaddes hyýala,
Soñsuza dek düşmüşem men bu hala,
Gyrmyzy dodaklañ bolsun bir läle,
Güller, çiçekler, soñ rozalar öpsün.

Yşk kölünden gutulmaga ýok biçim,
Ýaşaýşymyñ suwusyñ sen bir içim,
Ýeri gelse suwlar saglygy üçin,
Seni her gün köller, deñizler öpsün.

Gözlerimde göýä güýziñ ýagmyry,
Sensizlik hasraty diler bagrymy,
Alnyñdan iñ ýyly hemde iñ dury,
Daglardan akýan çaý-çeşmeler öpsün.

Çemenler ogşasyn aýaklaryñy,
Ter güller ysgasyn barmaklaryñy,
Men öpmezimden öñ ýañaklaryñy,
Söýgim, hyýallarym, arzuwlam öpsün.

Sensizlik çakylan gazykdyr serde,
Soñsuza dek ýanmaly men bu derde,
Indi men seni öpüp bilmesem-de,
Kepeniñ gujaklap, topraklar öpsün.


Awtor: Ömürdag Tagandurdyýew.
49
127
efsane_tm
08.03.2024 11:35
Depämden bir bedre söýgi döküldi,
Ezilmedim, üşemedim, ýandym men.
Dikin ýaly damarlarym söküldi,
Awça düşen ördek-gaza döndüm men.

Ýagyş ýorgan boldy, düşek gar maña,
Öz göwnümden başga göwün dar maña,
Hasrat doly käseleri ýar maña,
Bagş eýledi, içdim-içdim doýdum men.

Yşk ekdim, bagt ormaga synanyşdym,
Ne derde, ne sensizlige öwrenşdim,
Bu ýaşa dek arman ýolundan geçdim,
Bagtsyzlygyñ girdabyna düşdüm men.



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew
50
45
efsane_tm
06.03.2024 20:46
GÜLMEK ÖMÜRDEN (ýagny menden eken😏)


Bir zatlar içelimäý?
- Içeli
- Gök çaýa näme diýýañ?
- Gök çaý diýýäs bizä, a siz?


Mugallym okuwçydan soraýar:
-Seniň doglan günüň haçan?
-5-nji oktýabr.
-Haýsy ýylda?
-Her ýylda.


Kiçi wagtym saçymy syrdyrypdym. Mugallym pursatdan peýdalanyp, kelläme halka geýdirip okuwçylara saturun planetasyny görkezdi.


Oglanlar üýşüp dostuna garaşyp otyr diýýä, onsoň içi gysyp özara dilleşýäler, Myrat gelip ilkinji kime salam berse şol hakyky samsykdyr...
Myrat gelýär:
- Hemmä salam...


Gyz oglana jañ edýär:
-Alo öýdemi siz, naharlandyñyzmy? Oglan:
-Alo öýdemi siz, naharlandyñyzmy? Gyz:
-Gepimi gaýtarmañ. Oglan:
-Gepimi gaýtarmañ. Gyz:
-Men size diýýän. Oglan:
-Men size diýýän. Gyz:
-Men sizi söýýän. Oglan:
-Hawa men öýde, naharlandym


Iki garry ýaşuly gepleşýär:
-Heý seniň çagalykda arzuw eden arzuwyň hasyl boldumy?
-Howwa-la!
-Hany aýdyp ber.
-Men kiçikäm ejem jan saçymdan çekip urardy. Menem basymrajyk kel bolsam diýip arzuw ederdim.


Ahmetjik gözi gögeren synpdaşy Aýgüle ýüzlenýär:- Gözüňe näme boldy, gögeren ýaly?-
Hiç zat bolanok. Sygyr sagyp otyrkam guýrugyny bulady. Olam gözüme degdi.
- Sygryň guýrugy gözüňi şeýle gögerdäýdimi?,
- Ýok-la. Guýrugyny oýnatmasyn diýip kerpiç daňypdym


Ependiň öýünde diwarda ýolbarsyň kellesi asyk dur. Dostlary soraýar:
-Ependi aga, bu ýolbarsy özüň awladyňmy?
-Howwa!
-Näçe okda aldyň, Ependi aga?
-10 okda!
-10-ysam degdimi?
-Ýok, birem degmedi!
-Onda nädip öldürdiň?
-10 okumyň boş geçenini görüp, ýolbars gülüp-gülüp öldi..



– Siz juda owadan
- A men siz barada beýle diýip biljek däl
- Aý näme, sizem men ýaly aldap goýberiň!
56
271
efsane_tm
05.03.2024 17:12

Bir genç bir çobana sorar:

- Ömür dediğin ne ki?

- 20 sene önce gelseydin derdim ki, sevdiğimin iki çift gözünün biridir. Sol elimi kalbimin üstüne koyarak hissetiğimim aşktır.

- Ya şimdi? Şimdi ne dersin?

- Yanlızlık.. Koca dünyada bunca insanların arasındaki kos koca yanlızlık.

43
63
efsane_tm
04.03.2024 11:06

Asmandan düşyän şuglaly yşyk,

Görkezýän ýaly maña yol,

Ýaryna howlugýandyr bir aşyk,

Gije sagat 0:00.


Asman ýüzi süýt reñkine boýandy,

Göyä meniñ ähli duygym oýandy,

Hasratym duygularma daýandy,

Gije sagat 0:00.


Aý hem kä-te ýüzüni sowýar,

Şeytýär-de olam ýalñyz goýýar,

Bulut örtyär, şemal kowýar,

Gije sagat 0:00.


Bagta uzatdym yetmedi elim,

Sessizlige kesildi bu dilim,

Bir ädim ýakynymda ölüm,

Gije sagat 0:00.


Hasratyma kybapdaş garañky gije,

Hasratda geçýär her gün her gije,

Geçmişi yatladym ýene bu gije,

Gije sagat 0:00.


Salam ýollap ýene gülüme,

Gol uzatdym bugün ölüme,

Hasrat galamyny aldym elime,

Gije sagat 0:00



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.

46
33
efsane_tm
03.03.2024 11:03
Kim bu dünýäde näme zada näçeräk ynanýandygyny bilmeýärin welin, meniñ bu dünýäde köp zada ynamym ýok.
Ýagty dünýäni, ýagşyny ýamany görmäge kömek edýän gözlerime ynamym ýok. Belki, görejim kütelip dünýämi tüm garañkylyga öwürer.
Şu sözleri ýazmaga kömek edýän ellerime ynamym ýok. Belki, mundamam mahrum bolaryn.
Ýöremäge ýardam berýän aýaklaryma ynamym ýok. Belki, bular sebäpli agsak bolaryn.
Sesleri eşidmäge mümkinçilik berýän gulaklaryma ynamym ýok. Belki bir gün ker bolaryn.
Damarymda aýlanýan ganyma ynamym ýok. Olam aýlanmagyny bes eder we gurar gider.
Bedenime ynamym ýok jan tenimden çykansoñ, toprak astynda çüýrär gider.
Ruhyma ynamym ýok. Sebäbi olam ten kapasamdan guş mysaly uçyp gider.
Gürsüldäp urýan kalbyma ynamym ýok. Haçan bolsa-da bes eder.
Ne ýara, ne ynsanlara, hiçkime ynamym ýok. Sebäbi olar bugün bar ertir ýok.
Diñeje bardygyna iman etdigim Alla ynamym bar. "Gör dünýäni, seni, bütin barlygy nädip ýaratdym", "Eşit, pygamberlerden näme habar ýolladym", "Oka, Gurhanda nämäni parz etdim" diýp, göz - gulaklarymyzy bagyş eden Oldyr. Haýyr - sahawat etmegimiz üçin, dogry ýoldan ýöremegimiz üçin we Allany zikr etmegimiz üçin el - aýaklarymyzy we dilimizi bize bagyşlan Alladyr.
Şübhesiz Allanyñ rahmeti giñdir. Meniñ günälerimi giñ rahmeti bilen bagyşlap, maña we söýen ýakynlaryma Jennetini rowa görjegine, Dowzah odyndan we azabyndan gorajagyna ynamym berkdir.

Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
39
35
efsane_tm
02.03.2024 12:19
Ýar keşbine doýma bolarmy hergiz?!
Düýn gördüm, bugünem göresim geldi.
Bakyşy bilen meni jadylan gyz,
Gözünden monjuklar düzesim geldi.

Küýsegiñ odynda ýanýar bu ýürek,
Ýaşaýşym üçin diñe özüñ gerek,
Saçlary şamardyr göýä bir ýüpek,
Hem öpüp, hem darap öresim geldi.

Keşbiñi ogşatdym gijäñ Aýyna,
Gaşlary kemandyr yşgyñ ýaýyna,
Bagtym üçin berlen Hakyñ paýyna,
Gözümi, alnymy süresim geldi.



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew
43
66
efsane_tm
01.03.2024 10:24

Ömrümiñ galany bolsun seniñki,

Bugünimden geçdim, düýnimden geçdim.

Bu janym amanat, bolmandy meñki,

Men seni göremde özümden geçdim.


Kalbyñdan çykardyñ, ýurdym galmady,

Ýalbardym güllere ysyñ kokmady,

Sen bolmasañ-da wagt geçdi, durmady,

Garañky gijeden, gündizden geçdim


Derde nyşan boldym, oklygyñ üçin

Hasrata bogyldym ýoklugyñ üçin,

Göräýsem göwnüñe degmezlik üçin,

Her näçe söýsem-de men senden geçdim.



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.

47
45
efsane_tm
29.02.2024 12:04
Dag ýaly belentdim, men ýere çökdim,
Bu garyp söýgiden geçeli indi.
Söýgimizden iñ köp men jebir çekdim,
Aýralyk şerabyn içeli indi.

Ýürekden gelýän ses senden geç diýýär,
Bolmajak duýgydan umyt kes diýýär,
Ykbalymyz indi şony isleýär,
Ykbalyñ emrine uýaly indi.

Aýrylmasady ýollarymyz käşgä,
Seniñ ýolyñ başga, meniñki başga,
Ertiri bolmajak peýdasyz yşka,
Aýralyk nikasyn gyýaly indi.

Bulaşmasyn saña dert bilen gaýgy,
Men hem taparyn bir wepaly söýgi,
Ýükläber boýnuma sen ähli aýby,
Bizi kyýamata goýaly indi.

Giñ göwnüñde maña orun bolmady,
Dar göwnüme senden özge sygmady,
Bagtyñ nury bize şöhle salmady,
Aýralyk odyny ýakaly indi.

Bize indi ýaran boldy ýekelik,
Huş bolmajak düýşler gören ekenik,
Biz bir ertekide ýaşan ekenik,
Bir bar eken-de, bir ýok eken indi.



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
50
65