Kim bu dünýäde näme zada näçeräk ynanýandygyny bilmeýärin welin, meniñ bu dünýäde köp zada ynamym ýok.
Ýagty dünýäni, ýagşyny ýamany görmäge kömek edýän gözlerime ynamym ýok. Belki, görejim kütelip dünýämi tüm garañkylyga öwürer.
Şu sözleri ýazmaga kömek edýän ellerime ynamym ýok. Belki, mundamam mahrum bolaryn.
Ýöremäge ýardam berýän aýaklaryma ynamym ýok. Belki, bular sebäpli agsak bolaryn.
Sesleri eşidmäge mümkinçilik berýän gulaklaryma ynamym ýok. Belki bir gün ker bolaryn.
Damarymda aýlanýan ganyma ynamym ýok. Olam aýlanmagyny bes eder we gurar gider.
Bedenime ynamym ýok jan tenimden çykansoñ, toprak astynda çüýrär gider.
Ruhyma ynamym ýok. Sebäbi olam ten kapasamdan guş mysaly uçyp gider.
Gürsüldäp urýan kalbyma ynamym ýok. Haçan bolsa-da bes eder.
Ne ýara, ne ynsanlara, hiçkime ynamym ýok. Sebäbi olar bugün bar ertir ýok.
Diñeje bardygyna iman etdigim Alla ynamym bar. "Gör dünýäni, seni, bütin barlygy nädip ýaratdym", "Eşit, pygamberlerden näme habar ýolladym", "Oka, Gurhanda nämäni parz etdim" diýp, göz - gulaklarymyzy bagyş eden Oldyr. Haýyr - sahawat etmegimiz üçin, dogry ýoldan ýöremegimiz üçin we Allany zikr etmegimiz üçin el - aýaklarymyzy we dilimizi bize bagyşlan Alladyr.
Şübhesiz Allanyñ rahmeti giñdir. Meniñ günälerimi giñ rahmeti bilen bagyşlap, maña we söýen ýakynlaryma Jennetini rowa görjegine, Dowzah odyndan we azabyndan gorajagyna ynamym berkdir.
Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.