Ýar keşbine doýma bolarmy hergiz?!
Düýn gördüm, bugünem göresim geldi.
Bakyşy bilen meni jadylan gyz,
Gözünden monjuklar düzesim geldi.
Küýsegiñ odynda ýanýar bu ýürek,
Ýaşaýşym üçin diñe özüñ gerek,
Saçlary şamardyr göýä bir ýüpek,
Hem öpüp, hem darap öresim geldi.
Keşbiñi ogşatdym gijäñ Aýyna,
Gaşlary kemandyr yşgyñ ýaýyna,
Bagtym üçin berlen Hakyñ paýyna,
Gözümi, alnymy süresim geldi.
Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew