efsane_tm
09.03.2024 16:59
Seniñ ak alnyñdan gara gözüñden,
Ilki dallar soñra ýapraklar öpsün.
Egilsin ýyldyzlar tutsun eliñden,
Gijelerden soñra şapaklar öpsün.

Yşk diýýärler bu mukaddes hyýala,
Soñsuza dek düşmüşem men bu hala,
Gyrmyzy dodaklañ bolsun bir läle,
Güller, çiçekler, soñ rozalar öpsün.

Yşk kölünden gutulmaga ýok biçim,
Ýaşaýşymyñ suwusyñ sen bir içim,
Ýeri gelse suwlar saglygy üçin,
Seni her gün köller, deñizler öpsün.

Gözlerimde göýä güýziñ ýagmyry,
Sensizlik hasraty diler bagrymy,
Alnyñdan iñ ýyly hemde iñ dury,
Daglardan akýan çaý-çeşmeler öpsün.

Çemenler ogşasyn aýaklaryñy,
Ter güller ysgasyn barmaklaryñy,
Men öpmezimden öñ ýañaklaryñy,
Söýgim, hyýallarym, arzuwlam öpsün.

Sensizlik çakylan gazykdyr serde,
Soñsuza dek ýanmaly men bu derde,
Indi men seni öpüp bilmesem-de,
Kepeniñ gujaklap, topraklar öpsün.


Awtor: Ömürdag Tagandurdyýew.
49
127
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Bolya
efsane_tm
9 Mart 2024
@iyul, minnetdar!
efsane_tm
9 Mart 2024
@Myhman Myhman, sagbol!
iyul
9 Mart 2024
Dogry aydyanyz
efsane_tm
9 Mart 2024
@sabyrly, hawwa mundan öñki goyanlam soñkylamdy
sabyrly
9 Mart 2024
@efsane_tm, ok arkaýyn pikrimi ýazyp geçäýdim herkim şonuñ ýaly öñki ýazylan gişgyñy dünýä garaýşyñ üýtgänden son özüñ okasañam gownüñe çig ýaly bolýar bir kitaby okanyñdan soñ ýyl geçip gaýta okasañ tãze zatlary tapýañ
efsane_tm
9 Mart 2024
@kyas, ol öpme hyyalda... gun dogmasyna şapak diyp bilyadim🤦‍♂️
kyas
9 Mart 2024
@efsane_tm, logikada salyp gör. Ölen birini ýeller,çeşmeler,deñizler, ýer astyna baryp öpmesi...gijeden son şapak (gün şapak bolanda, ýaşanda gyzaryp batmasyna šapak diýilýä-zakat) gijeden son gelenok
efsane_tm
9 Mart 2024
@kyas, çigildem, läle, bägüller öpsün diyjek boldum boguna dogry gelmedida
efsane_tm
9 Mart 2024
@sabyrly, @geldiyevna, öñrãkki yazanymdy by
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.