efsane_tm
10.03.2024 18:00
Garşymda täze ýol belentli pesli,
Bilmedim gaýtsammy, gaýtmasammy.
Bu duýga uçramandym wagt ep-esli,
Bilmedim aýtsammy, aýtmasammy.

Ýazsam duýgylarmy şygyra baglap,
Bentleri nagyşly bir dessan bolar.
Ýollasam bezäp gül çemene baglap,
Giden bir owadan bag-bossan bolar.

Kalbyma ornaşan bu tanyş duýgy,
Göýä gursagymy deşäýjek ýaly.
Der basandeý başym basdy bir gaýgy,
Gök asman üzülip gaçaýjak ýaly.

Ýitirmekden gorkýan şeýlebir gorkýan,
Şirin janym däl, seni ýitirmekden.
Ýüz öwürer öýdip aýtmaga gorkýan,
Erbedi ýok bagtyñy gidirmekden.


Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
50
96
sabyrly
11 Mart 2024
@efsane_tm, Adam ýalñyşlarny görse ony düzetmäniñ ugruna çykýa eger ýalñyşyny bilmese nädip düzetsin gargada çagajygna akjam diýermiş tankydy dogry düşünmäñiz özi bir kämillige tarap ýol ondada ädikden geçmän tankyt etseler dogry düşünmeli
efsane_tm
11 Mart 2024
@sabyrly, sagbol, goşgylarymyñ agsaklygyny boyun alyanla ozumem :)
sabyrly
11 Mart 2024
Bu duýga uçramandym wagt ep esli, şu ýerde soñky bentdede düşünmezlik bar galan ýeri gowja üstünlik galamyña bereket ýetirip dur goşgularyñdan
sabyrly
11 Mart 2024
Salam 1 bentde Bilmedim gaýtsammy gaýtmasammy ýa,Bilmedim aýtsammy aýtmasammy ýa, diyip alsañ bogun sanam ýerne düşyar owadan boljak Ýa diýmäni birtäsin görseñ Ýar diýip göýber Gaýtmasammy ýar.
manolya
11 Mart 2024
@efsane_tm, ana bu bolýa :)ýokla men diňe okaýjy
efsane_tm
11 Mart 2024
@manolya, Şirin jany däl, seni ýitirmekden... diyayerin m harpy ayryp.. sagbolyñ yalnysymy gorkezeniñize
manolya
11 Mart 2024
@efsane_tm, bogun sana üns berip duramok😄 esasy okalyş
efsane_tm
11 Mart 2024
@manolya, beyle diysem bogun sandan çykýada
manolya
10 Mart 2024
@tim_, çalaja
manolya
10 Mart 2024
Şirin janymy däl ,seni ýitirmekden ) diýseň bolarmyka?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.