efsane_tm
29.02.2024 12:04
Dag ýaly belentdim, men ýere çökdim,
Bu garyp söýgiden geçeli indi.
Söýgimizden iñ köp men jebir çekdim,
Aýralyk şerabyn içeli indi.

Ýürekden gelýän ses senden geç diýýär,
Bolmajak duýgydan umyt kes diýýär,
Ykbalymyz indi şony isleýär,
Ykbalyñ emrine uýaly indi.

Aýrylmasady ýollarymyz käşgä,
Seniñ ýolyñ başga, meniñki başga,
Ertiri bolmajak peýdasyz yşka,
Aýralyk nikasyn gyýaly indi.

Bulaşmasyn saña dert bilen gaýgy,
Men hem taparyn bir wepaly söýgi,
Ýükläber boýnuma sen ähli aýby,
Bizi kyýamata goýaly indi.

Giñ göwnüñde maña orun bolmady,
Dar göwnüme senden özge sygmady,
Bagtyñ nury bize şöhle salmady,
Aýralyk odyny ýakaly indi.

Bize indi ýaran boldy ýekelik,
Huş bolmajak düýşler gören ekenik,
Biz bir ertekide ýaşan ekenik,
Bir bar eken-de, bir ýok eken indi.



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
50
65
efsane_tm
29 Fewral 2024
@💫Umudum, erbetdal :)
💫Umudum
29 Fewral 2024
Omuşdag gowmy sen😃👋
jen9
29 Fewral 2024
😔😔😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.