“Müň gezek söz bermek ýerine bir gezek sözüňi ýerine ýetir”.
“Tilkilere ketek sakçylygyny ynanyp bolmaz”.
“Beren sözüňde durmak adam bolmagyň talaby”.
“Sizi götergiläp al-asmana çykarsalaram hergiz unutmaň, ýer has rahatdyr. Uçardan gaçan çym-pytrak bolar, ýerde ýykylana üýtgeşik zat bolmaz”.
“Nesihat edýän kişi hemmeden öňürti aýdýan zadyny özi etmelidir, ynandyryjy bolar ýaly”.
“Adam köňlüniň açary ýumşak häsiýet bilen ýumşak sözlerdir”.
“Halyň we hereketiň bilen düşündirmek hemişe söz bilen düşündirenden has ynandyryjydyr”.
“Ýalanlar we görünmek üçin edilýän hereketler galmagallydyr, hakykat we ak ýürekden edilýän hereketler sessizdir. Ýyldyrymlar barmaly menziline gök gübürdisinden öňürti ýeter”.
“Ýalanyň rowaçlanyp, meýdanlary dolduran pillesi hakykatyň dili sogruldy diýmekdir”.
“Dilini diş galasynyň aňyrsynda saklaýan adam öz sözleriniň ýesiri bolmakdan halas bolar”.
“Başlangyçdaky uly gopgundyr dabara däl-de, netijedäki hasylly hoşa ähmiýetlidir