Kör bilen Agsak
Bir kör adam tokaýda azaşyp gezip ýörkä atdanlykda büdräp ýüzin ýykylypdyr. Üsti-başyny kakyşdyryp turjak bolanda agsak adama çolaşyp ýykylandygyna göz ýetiripdir.
Ikisem çök düşüp birek-birege derdinşip başlapdyr. Körä adam: «Gözüň görmese-de kyn, tokaýa giräýdim welin yzymy tapman geçdim.»
Agsagam: «Meniňem ýöremäge ýagdaýym bolmany üçin tokaýdan çykyp bilmän ýörün.»
Agsak azrak dymyşlykdan soň köre ýüzlenip:
−Dost, seniňem tokaýdan çykasyň gelýär, meniňem çykasym gelýär. Gel, onda ikimizem ukyplarymyzy (güýjümizi) birleşdireli. Sen meni arkaňa hopba et (al), menem saňa ýol salgy bereýin. Şeýdip ikimizem tokaýdan halas bolarys.
***
Agzybirlikde güýç bardyr. Güýçli bolasy gelýän adamlar güýçlerini bir ýerik jemlemeli