dmoo
10.02.2024 19:47
Bir adam ýokary tizlikde gidip barýarka bir zat soramak üçin birden maşynynyň tormazyna münipdir. Tekeri ýoluň üstünde yz ýasap, uly ses bilen zordan durupdyr. Maşyndan düşüp:

−Şähere ýene näçe wagtdan baryp bilerin−diýipdir.

Obaň adamsy:

−Haýal sürseňiz ýarym sagada, gaty sürseňiz iki sagada galman bararsyňyz− diýipdir.

Sürüji maşynyny peşedip ýene gazyň gerşine basypdyr. Ýolda barýarka hem:

−Şular ýaly akmak adamdan ýol sorap mende kelle ýok. Haýal sürseň ýarym sagat, gaty sürseň iki sagada barylýamyş−diýipdir.

Azrak wagt ýöränden soň ýaňky obaly adamyň ýoluň aýlaw ýerini görmän biriniň mellegine girip giden maşyna gözi düşüpdir. Hälki ýol soran maşyn. Ýoluň ugrundaky bir giden çukura düşmejek bolup maşynyň deňagramyny saklap bilmän aýlaw ýerde mellege girip gidipdir. Obaly adam maşynyň deňinden geçip barýarka:

−Indi düşündiňizmi iki sagatda bararsyňyz diýenime− diýipdir.   
30
108
dmoo
10 Fewral 2024
@awgust, hä dogry
dmoo
10 Fewral 2024
@awgust, salam siz näme profiliñizi täzelediñizmi öñ awgust güli dip girýädiñizmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.