dmoo
13.02.2024 12:00
Bir gün mugallym sapaga gelip, okuwçylara şar paýlap çykypdyr-da, her kimiň öz çişiren şaryna adyny ýazmalydygyny aýdypdyr. Okuwçylar çişiren şarlaryna öz atlaryny ýazypdyrlar. Soňra mugallym okuwçylaryň atlary ýazylan şarlary synpyň bir burçuna üýşürip, okuwçylara bäş minudyň dowamynda öz atlary ýazylgy şary tapmagy buýrupdyr. Şeýlelikde şarlaryň üstünde basa-baslyk başlapdyr. Ýöne hiç kim bäş minudyň dowamynda öz şaryny tapyp bilmändir. Onsoň, mugallym okuwçylara: «Indi bolsa, eliňize ilen şary alyň-da, üstünde kimiň ady ýazylan bolsa, şoňa beriň» diýipdir. Bäş minuda ýetip ýetmän, her kimiň şary özüne gelip gowşupdyr. Şonda mugallym okuwçylara şeýle diýipdir:

– Şu şarlar bagtly durmuşy aňladýar. Her kim diňe özüniň bagtly durmuşyna ýetjek bolup ylgasa, hiç haçan oňa ýetip bilmez. Emma biz başgalary bagtly durmuşa ýetirmek üçin jan etsek, şonda özümiz hem bagtly bolarys.
37
72
sazsoft
13 Fewral 2024
Woooo, bar eken-ä düşünýän 👏🏻👏🏻👏🏻
perijik
13 Fewral 2024
Ola Dogry gaty dogry 👍 şolar yaly mugallymyň ömri uzak bolsun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.