dmoo
04.11.2023 13:27

«Özgäniň» belleýän gün tertibi boýunça ýaşamak dogrymyka?



Jemgyýetiň esasy bölegi, heý-de, bu barada pikir edýärmikä? Gynansak-da, adamlaryň köpüsi «özgeler» tarapyndan özlerine bellenen gün tertibinden gyşarman ýaşaýarlar. Diňe jemgyýetiň juda az bölegi öz gün tertibini özi belleýär. Elbetde, olar bu ýoly saýlap almak bilen ýekirilmeleriň, ýanalmalaryň, çetleşdirilmeleriň hem-de gynamalaryň dürli görnüşlerine döz gelmeli boljakdyklaryndan habarsyz hem däldrilee. Şeýle-de bolsa, olar jemgyýetiň esasy ýüküni eginlerine almaga mejbur bolýarlar. Iň bolmanda, «muňa mejburdyrys» diýip ynanýarlar. Şeýle ynanja gulluk edýän adamlaryň köpeldigiçe jemgyýet hakyky manyda öz wezipesini berjaý edip başlar. Ýogsa, «özgeleriň» görkezmesi boýunça hereket edýän jemgyýetiň nirä ýüzüni öwürseň şo tarapa eňýän sürüden enaýy däldigi köre-de mälimdir.

37
201
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.