barlagcy
barlagcy
19.11.2020 15:01
Sen kimi çagyrýaň, sygyrýan Şemal? Munda kim bar, saňa ýar bolup biljek? Ýet, başarsaň, ho:l Salgymyň yzyndan — Şonuň göwni kän zatlara höwesjeň. Ýok! Kösenme! Ol saňa-da eýgertmez, Duýgyň joşup,
barlagcy
18.11.2020 12:37
Sensiz geçen günler ömre derkar däl,
Sensiz günleri men goşamok ömre.
Dolap senliligiň yssy gujagna,
Gel meni üwre!..


Irkileýin, unudaýyn bar zady,
Bir seni bileýin, senli ýaşaýyn.
Onsoňam dünýede nämä degmeýär,
Söýgi bilen ýaşanyň?..

* * *

Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,
Diňlemäge aşyklaryň söhbedin.
Tomus gijeleri, gysga gijeler,
Söhbet diňläp uzaldýandyr möhletin.


Daňa golaý uka giden altyn Aý,
Tylla Güne goýar gijäň kyssasyn.
Ak gündize berip pyşyrdylary,
Diýer: «Diňläp otur içiň gysmasyn».


Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,
Astynda duşurar ýar bilen ýary.
Asman Aýy ir dogýandyr wagtyndan,
Garaşmaga ýetmeýän dek karary.


Myratgeldi Hallyýew.
12
117
barlagcy
barlagcy
17.11.2020 13:16
Birden bar zat köl suwy deý bulandy, Oýandyk biz süýjüsinde düýşleriň. Hoş gal, söýgim, alys ýola barýan men Goýup saňa ýatlamalaň üýşmegin. Yzyna getirýär äkiden ýollar, Diýen umyt bilen bakma
barlagcy
barlagcy
16.11.2020 00:49
Söýüp, söýülmeseň, alajyň näme? Tär tapaňok ýürekdäki teşwişe. Meňzeýäň bir ömür Haky agtaryp, Tapman giden garamaňlaý derwüşe. Görer göze bagtlysyran bolýarsyň, Gussalarňy gizlän bolýaň keseden.
barlagcy
barlagcy
15.11.2020 17:38
Bagyşla meni ilkinji söýgim Ýadymda şol günem bir dabarady Ýadymda dabarañ göçgünli sazy Uçilişäñ ýaýrañ giñ klubydy Şol gün ol gujagyna toplapdy bizi. Gyzlaryñ hemmesi bir gowy bolşup Bezenişip,
barlagcy
barlagcy
13.11.2020 21:15
Ozaldan zandyma gulandyr, belki, Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy. Sähradan selme däl, bägül gözleýän, Eklenjime bolmasa-da peýdasy. Uzaklarda sanjak boýly sözenler, «Geleý» diýip, gollaryny bulady.
barlagcy
12.11.2020 22:34
Aç gözüň, saýgararsyň,
Ejizleme, eýgerersiň.
Ýük çekmegi öwrenersiň-
Gyýa bakma garamata.

Her obada duşar telpek,
Her ilde-de bar bir tentek.
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

Ýene-de bir diýjek zadym,
Hak sylasyn öz zürýadyn.
Sena edin Allaň adyn,
Dil ýetirme keramata.

Rowaçlansyn haýyr-yhsan,
Eý, gudraty güýçli Subhan!
Bu dünýäde haýwan, yhsan
Göz dikip dur sahawata.

Agyr ýükler çekdi gerden,
Haka sygnyp gezdim her dem.
Eý takdyrym, gora şerden,
Duçar etme peläkete.

Azmasaň, aýp däldir meslik,
Bar beýiklik, bardyr peslik.
Geňlemeýän binamyslyk
Meňzeýär bir alamata.

Müzzerilme, çytma gaşy,
Düşse bir gün ömrüň gyşy.
Amanatdyr hemmäň başy
— Heý, şek barmy Adalata!

Berdinazar Hudaýnazarow
11
123
barlagcy
11.11.2020 22:46
Dünýä gelen bir ykbalsyň,
Bakymyň, bir nobatmysyň?
Parhy ýok, ýöne yhlasyň
Ýollarda küle batmasyn.

Günler geler şirin-şirin,
Begenip, şükür ederin.
Säginip pikir ederin,
Herne takdyr aýnatmasyn.

Gaýrat tapyp köpden-azdan,
Ganat tapyp pent-wagyzdan.
Rysgala ýetende agyzlar
Deregne gan ýuwutmasyn.

Adamsyň, bir derde duşsaň,
Haýyr ýetsin deňden-duşdan.
Ýigdiň ýalňyz ýanýoldaşdan
Ömür-ha bagty ýatmasyn…
10
121
barlagcy
10.11.2020 00:09
Men seni şeýle bir göresim gelýär,
Daglardan, düzlerden, ýollardan aşyp.
Men seni şeýle bir söýesim gelýär,
Sil kimin däliräp, deňiz deý daşyp.

Sen daglardan, deňizlerden alysda,
Ýürekde şo:l öňki tanyş bir gussa.
Haçan senli günler ýadyma düşse,
Men seni şeýle bir göresim gelýär.

Öňkiler deý ömsümligmi bozaňok,
Indi ümsümligmi sensizlik bozýar.
Öz göwnümi aldasamda kä mahal,
Men seni şeýle bir göresim gelýär.

Aý asmandan ýere sary garanda,
Gün zemini nury bilen bezände.
Bahar gelip daglaň gary erände,
Men seni şeýle bir göresim gelýär.

Belki senem ýatlaýansyň kä wagt,
​ Bize şeýle ýakyn gelipdem bagt.
Seni unutdurjak bolsada wagt,
Men seni şeýle bir göresim gelýär.

11
169
barlagcy
09.11.2020 10:41
Bagyşla, indi men saňa jaň etmen,
Barmaklarym tapmaz belli sanlary.
Tende yşkyň goduklaýşam, jähennem,
Goý, bimaza etsin özge janlary.

Dag gerşinde bulak akar, buldurar,
Oň şelaýyn sesin dereler ýuwdar.
Barybir ol dagdan çöle gelmeýär,
Barybir teşnäni gandyrmaz suwdan.

Günler gelmez – jemalyňy küýseden,
Ýapyldy yşk üçin açylan gapy.
Deňsiz-taýsyz gül saklanýar küýzede –
Hiç kimiň derdine degmeýär nepi.

Pursaty gaýtalap bolmaz täzeden,
Ol indi gelenok söýgiň elinden.
Kuwwaty ýetirlen meý dur käsede –
Hiç kimiň eliniň ýetmez ýerinde.

Penjiräni ýagyş kakýar – uşajyk,
Ökünç, ahmyr indi boldy giçkimi.
Tutaşan ot şatyrdaýar ses edip,
Ýöne indi ýylatmaýar hiç kimi.

Günleriňem üýtgärli däl gurluşy,
Bary birsydyrgyn çykan deý çapdan.
Haýp, barmaklaň janhowluna urnuşy
Barybir ýitirlen sanlary tapmaz.

Ýene bir Gün dagdan aňry sallanýar,
Munda oýun tamam, syryldy perde.
Alysda yşk şuglasyna aldanýar,
Indi başga biri,
Başga bir ýerde.
11
293