Bagyşla meni ilkinji söýgim
Ýadymda şol günem bir dabarady
Ýadymda dabarañ göçgünli sazy
Uçilişäñ ýaýrañ giñ klubydy
Şol gün ol gujagyna toplapdy bizi.
Gyzlaryñ hemmesi bir gowy bolşup
Bezenişip, beslenişip gelipdi oña.
Olañ arasynda ogryn seredip
Sen bir zatlar diýdiñ göz bilen maña.
Gözleriñ gepläýjek gepläýjek boldy
Ýadymda öziñde durşuna nurdyñ
Iller çaşyp ugransoñam sen ýene
Bir çete çekilip güýmenip durdyñ.
Islediñ sen maña amat bolmagyny
Göwniñ seniñ ugradaýyn diýdirjek
Uýalyp gyzaryp durun men bolsa
Çoça ýokdur bu dünýäde meniñ dek.
Garaşsañda seniñ çakyñ çykmady.
Gitdiñ sen tasanyp kinä çolanyp
Ylgamadym sägin diýip yzyñdan
Seretmediñ senem yza dolanyp.
Bagyşla sen meni ilkinji söýgim
Ýüregimi açyp bilmänim üçin
Hem bagyşla meni başga bir gyzyñ
Söýgisi yhlasy bolanym üçin.
Howa seni söýmän özgäni söýmek
Mümkinem däl eken görüp otursam
Diñe bizmi näme bu güne düşen
Gargyş etme bu hatamy geçir sen.
Añýan duşsam şindem kine edýäniñ
Geçeni geçdi bil etme sen gahar
Ýöne bilýän seniñ söýüşiñ ýaly
Söýmez meni. Söýmez hiç kim hiç mahal.
Agageldi Allanazarow