barlagcy
18.11.2020 12:37
Sensiz geçen günler ömre derkar däl,
Sensiz günleri men goşamok ömre.
Dolap senliligiň yssy gujagna,
Gel meni üwre!..


Irkileýin, unudaýyn bar zady,
Bir seni bileýin, senli ýaşaýyn.
Onsoňam dünýede nämä degmeýär,
Söýgi bilen ýaşanyň?..

* * *

Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,
Diňlemäge aşyklaryň söhbedin.
Tomus gijeleri, gysga gijeler,
Söhbet diňläp uzaldýandyr möhletin.


Daňa golaý uka giden altyn Aý,
Tylla Güne goýar gijäň kyssasyn.
Ak gündize berip pyşyrdylary,
Diýer: «Diňläp otur içiň gysmasyn».


Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,
Astynda duşurar ýar bilen ýary.
Asman Aýy ir dogýandyr wagtyndan,
Garaşmaga ýetmeýän dek karary.


Myratgeldi Hallyýew.
12
117
guli_
18 Noýabr 2020
?????

?????
Blume_05
18 Noýabr 2020
Soz yok.Bir seni bileyin senli yasayyn❤
Эльф
18 Noýabr 2020
???
Myhman Myhman
18 Noýabr 2020
????
sahet_ashyrov
18 Noýabr 2020
Gaty gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.