barlagcy
09.11.2020 10:41
Bagyşla, indi men saňa jaň etmen,
Barmaklarym tapmaz belli sanlary.
Tende yşkyň goduklaýşam, jähennem,
Goý, bimaza etsin özge janlary.

Dag gerşinde bulak akar, buldurar,
Oň şelaýyn sesin dereler ýuwdar.
Barybir ol dagdan çöle gelmeýär,
Barybir teşnäni gandyrmaz suwdan.

Günler gelmez – jemalyňy küýseden,
Ýapyldy yşk üçin açylan gapy.
Deňsiz-taýsyz gül saklanýar küýzede –
Hiç kimiň derdine degmeýär nepi.

Pursaty gaýtalap bolmaz täzeden,
Ol indi gelenok söýgiň elinden.
Kuwwaty ýetirlen meý dur käsede –
Hiç kimiň eliniň ýetmez ýerinde.

Penjiräni ýagyş kakýar – uşajyk,
Ökünç, ahmyr indi boldy giçkimi.
Tutaşan ot şatyrdaýar ses edip,
Ýöne indi ýylatmaýar hiç kimi.

Günleriňem üýtgärli däl gurluşy,
Bary birsydyrgyn çykan deý çapdan.
Haýp, barmaklaň janhowluna urnuşy
Barybir ýitirlen sanlary tapmaz.

Ýene bir Gün dagdan aňry sallanýar,
Munda oýun tamam, syryldy perde.
Alysda yşk şuglasyna aldanýar,
Indi başga biri,
Başga bir ýerde.
11
293
November05
10 Noýabr 2020
Barlagcy,aprel ayyna cenli oydyan ha
barlagcy
9 Noýabr 2020
November05, yagsy Hudaya sukur gowylay ay bulasyklaram duzeler gider ozi nesip bolsa
November05
9 Noýabr 2020
Barlagcy,Salam Barlagcy gowy hudaya sukur siz nahili gowymy yagdaylarynyz.okuvlar gowy suwagt kabir bulasyklary ayyrsak.sizinki nahili
sahet_ashyrov
9 Noýabr 2020
Gowy gosgy gaygyly gosgular ya aydymlar yakymly tasir edyar
Greenleaf
9 Noýabr 2020
Hawa menem şeýle????
barlagcy
9 Noýabr 2020
Greenleaf, Howa hudaya sukur yagsy gowy seyle yaly mena solary okasam yuregim rahatlyk tapyar
Greenleaf
9 Noýabr 2020
Barlagçy, salam. Gowy menem siz nähili. Işläp ýörsüňizmi sag aman.Sebäbi şoň ýaly goşgular we aýdymlar meň pikirimçe bize bagtyň gymmatyny ýatladýar.
barlagcy
9 Noýabr 2020
Greenleaf, salam Gulnur gowumy yagdaylaryn . Howa gussa duyulya men nameucindir gyssalay aydymlary , gosglary ozime yakyn duyyan we solary dinlesem, okasam azajyr rahatlyk tapyan
Greenleaf
9 Noýabr 2020
Näme üçindir gussaly ahmyr duýulýar. Örän gowy.????
barlagcy
9 Noýabr 2020
November05,salam Guljemal gowumy yagdaylar okuwlaryn gowymy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.