barlagcy
13.11.2020 21:15
Ozaldan zandyma gulandyr, belki,
Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy.
Sähradan selme däl, bägül gözleýän, Eklenjime bolmasa-da peýdasy.

Uzaklarda sanjak boýly sözenler,
«Geleý» diýip, gollaryny bulady.
Kaknus guşy ýaly eziz göründi,
Şol tarapa uçup barýan gulaty.

Belki, gowy bordy, obada bolsam,
Il deňinde suw tutardym mellegme.
Wah, ýöne bu bahar çeniň-çakyň däl, Sowulýança başga işe el degmez.

Bu ýerlerde hiç zat ýitirmesemem,
Bahar gelse, gidýän ýene gözlege. Gözetime ýetip üzülýän ýollar,
Meňzeş eken soňlanmadyk sözleme.

Hany, indi bir tüňçe çaý içeýin,
Çöpläýin-de goltuk-goltuk jagrama.
Üýtgeşik gül gözläp, ýadadym biraz,
Ýokdy ýogsam, arzuwlarmyň agramy.

Ozaldan zandyma guýlandyr, belki,
Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy.
Hiç haçan solmajak gül gözleýän men, Eklenjime bolmasa-da peýdasy.

Çary Ýegenmyradow
16
153
November05
14 Noýabr 2020
Nurgeldiyew,Salam, baş sahypada ýokarda sag tarapky künjekde üç sany belgijik bar şolaryñ arasyndan galamyñ üstüne basýañ soñ özüñ nm goysan goyubermeli
Nurgeldiyew
14 Noýabr 2020
Salam nadip zat goyup bolya
Myhman Myhman
14 Noýabr 2020
Mlds bet gosgy
guli_
14 Noýabr 2020
???
Doctor
13 Noýabr 2020
? ? ? ? ? ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.