barlagcy
16.11.2020 00:49
Söýüp, söýülmeseň, alajyň näme?
Tär tapaňok ýürekdäki teşwişe.
Meňzeýäň bir ömür Haky agtaryp,
Tapman giden garamaňlaý derwüşe.

Görer göze bagtlysyran bolýarsyň,
Gussalarňy gizlän bolýaň keseden.
Açylşaryn öýdýäň, giňärin öýdýäň,
Bir aglasaň sessiz ýa-da ses edip.

Söýüp, söýülmeseň, alajyň näme?
Ot bolup ýanaňda ýakyp bilmeseň.
Gamgyn aýdymlara höwes bildirip,
Ykbalyňa meňzeş görüp diňleseň.

Sowuk göreçlerni görýärkäň günde,
Sowamaň deregne lowlap tutaşsaň.
Nägile nazaryn taşlasa öňüňe,
Ýolda-yzda ýa bir ýerde sataşsaň.

Bar gaharňy goşgulardan çykarýaň,
Eýýäm ýat tutupsyň Nobatgulyny.
…Hesrete ýugrulan dutar – owazam,
Gussa bilen gandyranok gulagyňy.

Öz hesretiň bilen başagaý wagtyň,
Gussaly aýdymlar nämäňe derkar?
Seni söýmeklikden başga pişäm ýok,
Düşünseň, şu günler bar zatdan bikär…

Pikiriň, zikiriň tenha şol bolup,
Pikir bermän dost-ýarlara, tanyşa,
Mejnun kimin telbe bolup yşkyndan,
Durmuşyň öwürýäň gamgyn tomaşa.

Gijeler ýene-de düýşüňe girer,
Şu günlerem bar ekeni bijede.
Seniň syrlygyňam gaçýar manysy,
Adyň tutup samyrdasam gijeler.

Onsoň meý küýseýär surnugan göwnüň,
Ýürekdeş dostuňam otyr gaşyňda.
Aýtmasamam, gözlerimden aňar ol,
Aşyk bolanymy ýigrim ýaşymda.

Söýüp, söýülmeseň, alajyň näme?
Umydyň öçüşse, bolarsyň dilgir.
Men hesrete öwrendikli öňdenem.
Sen bagtly ýaşa,
şat ýaşa, dilber!
24
189
Эльф
16 Noýabr 2020
??????
gulshatayewa97
16 Noýabr 2020
sagbol daýy goşgyň üçin soýülmän soýüp ýorenlere ibermäne gowy eken ylaýykda şuwagt şu goşgy
guli_
16 Noýabr 2020
????
Greenleaf
16 Noýabr 2020
Gahrymanyň haly juda gynandyrýar. Goşga salnansoň hasam çeperleşipdir. Suratyň manysy hem örän uly. Minnetdar size????
sahet_ashyrov
16 Noýabr 2020
Gaty gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.