barlagcy
19.11.2020 15:01
Sen kimi çagyrýaň, sygyrýan Şemal?
Munda kim bar, saňa ýar bolup biljek?
Ýet, başarsaň, ho:l Salgymyň yzyndan —
Şonuň göwni kän zatlara höwesjeň.

Ýok!
Kösenme!
Ol saňa-da eýgertmez,
Duýgyň joşup, öwrülseň-de tupana —
Aýyn Ýere ogurladan Güneşden
Ol jeza hökmünde berlen bu Pana.

Şondan bärem ýetik onuň ýesiri,
Gurban bolan kän oň ýeser alyna —
Ol her kimi arzuw bolup çagyrýar,
Ýöne ýetip bilen ýok oň ýanyna.

Gitme senem!
Bu ýerde-de magşuk kän–
Doýma, ysgap Leýlisaçyň zülpünden!
Ho:l baglaňam miweleri seniňki:
Öp almasyn!
Tir naryny jüpünden!

Bagyşla, tötänden dilimden sypdy…
Nirä barýaň?!
Sen bir gitme salgyma!!!
… Uzakda şeýle bir HARASAT gopdy!
Gelmesin ol hiç kimiňem alnyna…

Çary Ataýew
10
117
Sada
28 Noýabr 2020
????❤️
Myhman Myhman
20 Noýabr 2020
???????
Greenleaf
20 Noýabr 2020
Örän oňat minnatdar?????
barlagcy
20 Noýabr 2020
Kop sag bolun ahlinize minnetdar
Myhman Myhman
20 Noýabr 2020
Manyly...
sahet_ashyrov
20 Noýabr 2020
Gowy yazylypdyr
Myhman Myhman
20 Noýabr 2020
gosgy gou eken sps
Blume_05
19 Noýabr 2020
????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.