awesome
17.12.2023 20:00
•Romantika — bu şemiň ýagtysyna ýelek bilen goşgy ýazmak dälde, telefonuň ýagtysyna ýorganyň aşagynda goşgy ýazmakdyr.

•Romantika — bu fewralyň 14-ine 100 sany gyzyl bägül sowgat bermek dälde, bu onuň 20 ýaş doglan gününe 20 sany romaşka bermek we "Söýýär" düşer ýaly ähli güldäki ýaprak sanyny täk edip goýmakdyr.

•Romantika — bu dünýäde bar bolan göwher gaşly 101 ýüzügiň 101-njisini onuň barmagyna dakmagam dälde, öýüňe samolýotly gaýdyp boljak wagtyň-da, iň owadan kümüş ýüzügi alanyň üçin yzyňa poezdli gaýtmakdyr.

•Romantika — bu ony elinden tutup bordýurdan ýöretmek dälde, özüň bordýura çykyp, öz düzen goşgyňy okap bermekdir.

•Romantika - "I love you" diýip ýyldyzlar bilen asmana ýazgy ýazmak dälde, garyň üstüne gyşyk hatyň bilen "Happy birthday" diýip ýazmakdyr.

•Romantika — irdenlerine oňa ertirlik taýýarlap eltişiňi hyýal etmek dälde, ertirligi bile taýýarlaýşyňyzy BILE arzuw etmekdir.

•Romantika — Aý astynda oň jemalyna seretmegem dälde, Aýa seredip, oň nesibäňde bolmagyny dileg etmekdir.

•Romantika — Romeo we Žulietto ýaly bile ölmek dälde, oň durmuşyny gapdaldan yzarlap aýry ýaşamakdyr.

•Romantika — Titanigiň ujunda ony saklap durmak dälde, tolkunlar seni uzak ýerlere alyp gitse-de, oň kenarda saňa garaşjagyny bilmek we özüňde hem wepalylygy saklamakdyr.
Ýylgyrtmakdanam beter, ony begenjinden aglatmakdyr.
41
166
awesome
07.11.2023 18:46
Şeýdip öz bagtyna aňsat ýeten Şa,
Uzak ýyllap zowky-sapa sürüpdir.
Emma böwre ünji bolup bir yza,
Bilesigelijilik azar beripdir.

Öwrenşipdir gözelligne Periniň,
Syrlaryny bilip ýörmek isläpdir.
Ogrynça seredip basan ýerine,
Ýörände yzyny görmek isläpdir.

Görse Perizady howada gaýyp,
Yz goýman baýrýarmyş basan ýerinden.
Asman peri diýen: “Eý, Sanjar aýyp!
Ýa-da diýenlerim uçdy seriňden?!

Sen şertiňi bozduň, wada-wadadyr,
Indi gözleriňden gaýyp giderin.
Bu biziň illerde baky kadadyr,
Şeýdip ýanyp, bu dünýeden ýiterin!”

“Ah perim! Ýalňyşdym, ötgül günämi,
Bagyşla, bagyşla ökünýän juda.
Sensiz neneň ötüreýin gün-aýy,
Husny jemalyňdan eýleme jyda?!”

Sanjar ýalňyşyna ökünip çyndan,
Asman Perisini dolaýar öýne.
Emma, bu ökünji tozup gün-günden,
Ýene syr bilmegiň düşüpdir küýne.

Bir gün säher çagy Peri köşgünde,
Başyn daramaga ugran mahaly.
Şa hem ony synlamagyň yşgynda,
Jyklapdyr perdeden undup Jahany.

Peri bolsa başyn alyp eline,
Altyn darak bilen saçyn daraýar.
Soltan gaçýar, demi ýetmän demine,
Esli ylgap töweregne garaýar.

Görse Perizady öňünde durup,
Ahmyr bilen garaýarmyş gözüne.
“Nätdiň?! Yşk hanjaryň ýüregme urup!”
Diýen sözlerine gelýär özüne.

“Men saňa ynandym, sen bolsa ýene,
Ynamymy ýegsan etdiň ýer bilen.
Bu meniň iň soňky sözlerim ine,
Belki indi görüşmeris seň bilen!

Mesgenim Asmanda uçýan arşa men,
Hydyr diýdim, duşupdyryn hyrsa men!”
“Eý Perim, jan Perim terk etme meni,
Neýläýin bolmasaň bu jansyz teni?!”

Yşgyny aldyryp tapdan düşen şa,
Düşege baglanyp ýatypdyr esli.
Alym, ulamalar gözläp bir nyşan,
Günde ýüz müň keren sananlar tesbi.

Ahyr ýalbar-ýakar edip Asmana,
Perisini dolapdyrlar Soltanyň.
Sanjar howlugypdyr bagra basmaga,
Ömri üzre ýeke-ýalňyz Soltanyn.

Ýene aý aýlanyp, dolanýar ýyllar,
Soltanam wadasyn unudýar kem-kem.
Periniň biline uzaýar gollar,
hem Soltan özüni ýitirýär şol dem.

Asman Perisiniň süňksüz bilinden,
Ellerini silkip alýar dessine.
Peri bir “Ah!” uran uly ilinden,
Onsoň Sanjar Soltan gelýär essine.

“Men guraýyn Perizadym bir dur sen!
Indi seni görmerinmi hiç mahal?!”
“Entek görülmedik aramgäh gur sen,
Içi haýyr bilen dogadan dolsun,
Gümmezinde göge çykalga bolsun!

Her annada şondan göge garasaň,
Görünerin saňa yşgynda Aýyň.
Günüň batdy Sanjar, bagtyň gara seň,
Bir gumra öwrülýär ykbalda paýyň!”

Sanjar eşdip muny halys gynanyp,
Bir aramgäh gurmaň düşýär küýüne.
Gurluşygy As Sarahsa ynanyp,
Kümmeti öwürýär baky öýüne.

Her anna gün garap gümmezdenArşa,
Sanjar bütin ömre taýyny gören.
Ýekelikde haly egbärlap barha,
Bu kümmetde baky jaýyny gören.

“Ýedi yklyma demi düşen Sanjar şa,
Çar tarapda seljuk tugun sanjan şa.
Söýgüden ýeňildiň, niçesi bir şaý,
Bol-da ýat, bir periň husnuna gedaý!”

Diýip gözlerini ýumup müdümi,
Doňupdyr Asmana dikip nazaryn.
Rowaýat bu, gaty-gaty gadymy,
Döwürden saklaýar Şanyň mazaryn.

Ho-ha indi niçe asyr şol ýerde,
Ýatyr Sanjar Soltan göge seredip.
Bir-em ýalňyz gumry galyp ýör derde,
Şol gümmezde ýaşar ýaly ýer edip...

Olar hakda gürrüň berer asyrlar,
Soň-soňlar rowaýat, onsoň erteki...
Olaryň ykbaly syra basyrlan,
Söýgi hiç öçmeýär, gepiň keltesi...


Gülşirin Hanowa
24
62
awesome
07.11.2023 00:00
Pena gözläp hol awara şemaldan,
Soltan säher çagy seýle çykanda.
Aşyk bolýar näzli Sahypjemala,
Gözel göz güldürip syrly bakanda.

Yşk tutaşýar, ýakyp barýar ody heý!
Sanjar Şa bir demde dönýär perwana.
“Derhal biliň, bu gözeliň ady ne,
Ýazdy gitdi meni ýowuz permana!”

Soltan nöker ýollap, çalýar yzyny,
Gorkup elden giderine bagtynyň.
Tapandan soň hyýaldaky gyzyny,
Asman-Zemin söýgi bilen ýagtylyk!

Aýagy bişen dek, köşkde iki ýan,
Zowzullaýar Soltan, ýok sabyr-takat.
“Budur Sizge habar, eý Şahy Jahan,
Soltanyňyz entek otursun rahat!

Meniň oňa üç şertim bar, bitirse,
Ömürlik ýoldaşy bolaryn derhal.
Şertim ömür boýy ýerne-ýetirse,
Aýdyň, aňsat däldir synagym her hal!

Ýöne welin meniň aýtjak şertimi,
Diňe Soltan eşdip biler, aýdyň siz!
Indem maňa ýollamasyn her kimi,
Wagtym çäkli, derrew köşge gaýdyň siz!”

“Yşk ataşy dolap alan Sanjary,
Müň şertem ýolundan döndürip bilmez.
Batdy gitdi bagra tygy-hanjary,
Bu ody hiç synag söndürip bilmez!

Dyzym epip şol Periniň öňünde,
Armanym ýok, şertlerini bitirsem.
Ýeke matlabym bar, gülşen göwünde,
Maksadymy menziline ýetirsem.

Getirsem şol, Asmanyň nur perisin,
Köşgüm üzre şugla salsa Aý bolup.
Göwnüm diňe şol Melegiň ýeridir,
Ötüp bilsem ömri, şoňa taý bolup!

Derhal ak atymy eýerläň hany,
Şol Melege sary uçup gideýin.
Munda bolman diňe Zeminiň hany,
Yşka-da Şa ýolun açyp gideýin!”

Söýginiň ýolunda seri sadaga,
Sanjar peýda bolýar periň ýanynda.
Zerbap donly, başda altyn otaga,
Müň şirin söz gurban edip şanynda.

Emma, Peri müň hoş sözden zyýada,
Ýüz müň hutba az ger taryp edere.
Gezseň gündiz şemli, paý-u-pyýada,
Görk tapmarsyň Ýerde, deňne ýetere.

Gardan ak alkymy, ýaňaklary nar,
Badam gabak, pisse dodak, bal dahan.
Zümerret gözleri gören hyrydar,
Arşda Melek bolsa, Ýerde Hüýr Jahan!

Şemal degse ülpüldeýär lybasy,
Zer jähekli, ak bulut deý öwşüni.
Ahmal bolsaň jan aljagnyň güwäsi,
Ýere ýetýän şamar saçyň owsuny.

Iň ussat suratkeş çekse bir asyr,
Bu görküň müňde bir waspyna ýetmez.
Taryp eder bolsaň ýylda dört pasyl,
Müň dessan bu näziň aslyna ýetmez!

Gaýtadan tutaşýar, kül bolýar aşyk,
Dili diýen etmän doňýar bir salym.
Gursagy ot alýar duýgusy daşyp,
Yşkdan ýüz gözüne çabraýar ýalyn.

- Ne beýle tiz geldiň, eý aşyk Soltan?!
- Ýene Arşa uçup giderdiň ýogsam!
- Nirden bilýäň meniň Arşdan gelenim?!
- Seni gözläp bu Zemini eledim.

- Diňle meni söýmek hupbatly juda!
- Dänmerin janymdan bolmasam jyda!
Tenim ýollaryňda ömürlik geda!
- Küpür bolar, uly gürleme birden!

- Syna, synalmaga taýyn men her dem!
- Üç şertim bar ömürlikdir möhleti,
Budur meger bu synagmyň mähneti.
- Seniň deý melekde mähnet neýlesin,
Şertiňi aýt unut ondan beýlesin!

- Ýöränimde aýak yzyma bakma,
Daranymda hiç seretme başyma.
Bilimi gujaklap bagrymy ýakma,
Başarsaň bagt guşy borun başyňa!

- Eý, waý, mundanam bir şert bormy Melek,
Dag gaz diý, derýalar çek diý herýana.
Şertiň bitdi biläý, sen bagtym gerek?!
Toý habaryn ugradaýyn çarýana!
22
30
awesome
06.11.2023 23:14

Käte şeýle bolýar, Ýeriň ýüzünde,
Perişde pisintli adamlar dörär.
Adamzada ýagşylyk bor gözünde,
Ýürekleri nardyr, söýgüden körär.

Ýörärler, yz galmaz dabanlaryndan,
Olaryň yzlary göwünde galar.
Gorkar olar galpyň abanmagyndan,
Hakykat öçmeýän gözünde galar!

Baran ýeri ýagşylykdyr, ýagtylyk,
Sözleri nur bolup bezär dünýäni.
Ykbal barar ädim-ädim ýagtylyp,
Şeýle adamlar bar, misli Gün ýaly!

Olar hakda gürrüň berer asyrlar,
Soň-soňlar rowaýat, onsoň erteki...
Olaryň ykbaly syra basyrlan,
Öçmeýär hiç olaň umyt peltesi.

Şahy Jahan bolan SanjarSoltanyň,
Yşk kyssasy çyn erteki mysaly.
Haýrana goýup dur dünýäň dört ýanyn,
Onuň söýgüsine guran nyşany...

***
Bu dünýäni düldüreden deminden,
Sanjar Soltan çeken yşgyň perýadyn.
Owsar salyp gelsem diýen eminden,
Böwede boýn egmez söýgi derýasyn.

Husny bilen huşun aljak başyndan,
Perizadyň arzuwynda ýör eken.
Kyrk müň gözel perwaz uran daşynda,
Olara Şaň göwün gözi nkör eken.

Ýedi yklym üzre ýöredip höküm,
Gol astyndan belalary dep edip.
Göterip bilmändir ýalňyzlyk ýükün,
Bilmändir em, oň derdine nep edip.

Her pursatda Arşy-Agla senada,
Dileg salan bir hüýr Melek hakynda.
Sanjara yklymda, kowmy-penada,
Gözel tapylmandyr göwün çakynda.

Günler bolsa geçip barýar, keýigiň,
Mergenden jan howla gaçyşy ýaly.
Ýaş uzaýar, ynsan barýar eýigip,
Zeminiň ullakan açyşy ýaly!

Göwre çöker, göwün bolsa ham-hyýal,
Umyt çyragyny öçürmez asla.
Owaldan – Ahyra goý bolsun aýan,
Dileg du:şman ba:ka, göçülmez asla!

Ine Sanjar Şaň hem duşup dilegi,
Arzuwlary bir gün bolupdyr hasyl.
Ýere gonan Arşyň zyba Melegi,
Dyza çökermäge Jahanyň Şasyn...

25
128
awesome
22.09.2023 23:59

Hezreti Ebu Bekir Syddyk razyallahu anhunyň (Allahu Tagala ondan razy bolsun) eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Özüňe gabyr däl-de, özüňi gabra (ölüme) taýynla.

2.Gabyra taýýarlyksyz giren adam deňze gämisiz çykan ýalydyr.

3.Zulum, hile we wepasyzlyk kimde bolsa, zyýany ýene onuň özüne geler.

4.Kitaplar akylly kişileriň bakjasydyr.

5.Nadan adam şeýtanyň oýunjagydyr.

6.Goňşyň bilen dawa etme. Mysapyr adam gider, emma ol galar.

7.Takwa bolmaklyk akylly edilen işleriň iň gözelidir.

8.Allahtagalanyň öňünde günäkär bolmaklyk akylsyz edilen işleriň iň erbedidir.

9.Berlen amanat zady yzyna gaýtarmak iň gowy ýagşylykdyr.

10.Zulum edilen adamyň bet dogasyndan gorkuň.

11.Ölümi özüňe söýdür. Ol haçanam bolsa geljekdir.

12.Sabyr ediň. Her bir işiň başy sabyrdyr.

13.Parz eda bolmasa (bitmese), nepil kabul bolmaz.

14.Allahu Tagala daşyňy görşi ýaly içiňi-de görýändir.

15.Haky (ýagny Hudaýy) tanaýanlaryň guly (hyzmatçysy) bolgun.

16.Gizlin we äşgärlikde Hudaý Tagaladan gorkuň. Allahu Tagala özünden gorkana gutulmagyň gapysyny açar.

17.Soňuň gowulygy öňüň gowulygy ýaly bolar.



Hezreti Omar razyýallahu anhunyň eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Adamlaryň iň nadany ahyretini dünýäsi üçin satanydyr.

2.Köp gürlemek, köp ýalan sözlemek we köp gülmek haýany azaldar.

3.Şükür etmek nygmaty artdyrar.

4.Maňa aýplarymy aýdyň.

5.Her gün “pylança adam öldi” diýler. Bir gün geler “Hezreti Omaram öldi” diýerler.

6.Saňa erbetlik edenlerden uzak dur. Az-da bolsa, dogruçyl dost edingin.

7.Gerekmejek zatlar hakynda sorag sorama. Çünki boş zatlara meşgul bolanlardan bolarsyň.

8.Ýalandan kasam içmegi ähmiýetsiz görme. Bir gün Allahu Tagala seni heläk eder.

9.Erbetligi öwrenmezlik üçin erbetler bilen dost bolma.

10.Ybadat edeniňde pespäl bol.

11.Günä iş etmekden gork.

12.Ynamsyz dostdan saklan.

13.Allahdan gorkýandan ynamly adam ýokdur.

14.Duşmanyňdan uzak dur.

15.Saňa anyk bolýança musulman doganyň eden işini ýagşylyga ýorgun.



Hezreti Osman razyýallahu anhunyň eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Eý, adamlar! Allahtagalanyň öňünde günäkär bolmakdan saklanyň.

2.Köp geplemek diliňi sakawladar we dostlaryňy utandyrar.

3.Iki zat hemişe dowam eder: musybat (kynçylyklar) we mätäçlik.

4.Eý, ynsanlar! Humar oýunlardan saklanyň.

5.Iň soňunda barjak ýeriňiz belli, Allahdan gorkuň! Pitne çykjak we howply ýere barmaň.

6.Hudaý Tagala Kurany Kerimde dünýä näçeräk we nähili ähmiýet beren bolsa, sizem oňa şonçarak ähmiýet beriň.

7.Gabyr duralgalaryň iň soňkusy, ahyret duralgalarynyň iň owwalkysydyr. Şol ýerde (ýagny gabyrda) azap göreniň soňy erbet, ol ýerde rahat ýatanyň soňy bolsa rahatdyr.

8.Allahtagala ynsanlary Özüni tanasyn diýip ýaratdy. Sen-de Hakdan başga bir zat isleme.

9.Içgiden saklanyň. Ol her bir günäniň başydyr.

10.Allah üçin işläň we gazanyň.

11.Dogruçyllyk bilen alyň we beriň.

12.Adamlaryň iň gowusy we günäsizi Allanyň kitaby bilen ýöreýän adamdyr.

13.Sabyr ediň, ýogsam puşman edersiňiz.

14.Allahdan başga zada sygynmak bolmaz.

15.Köp gürleýän işgäre däl, belki köp işleýän işgäre mätäçsiňiz.



Hezreti Aly kerremallahu wejhehunyň (goý, Allahu Tagala onuň ýüzüni nurana etsin!) eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Aýallaryň iň haýyrlysy (gowusy) ärine hyzmat edenidir.

2.Çenini bilen kişi heläk bolmaz.

3.Nadanlaryň kalplary dodaklarynda, alymlaryň agzy kalplaryndadyr.

4.Alym ölse-de diridir, nadan diri bolsa-da ölüdir.

5.Sen kakaň hakyny ödeseň, ogluň-da seniň hakyňy ödär.

6.Ölümi unutmak kalbyň poslamagyndandyr.

7.Ölümi ýakynlaşan adama hilesi peýda bermez.

8.Üç sany öldürüji zady bilýärin: görüplik,hondan bärsilik, haý-höwes.

9.Nadan öli, alym hemişe diridir.

10.Her zadyň gowusy täzesidir, dostuň gowusy könesidir.

11.Hakyky dost kynçylyk çeken wagtyň dadyňa ýetişenidir.

12.Dostuň ýüregini agyrtmak- duşmanyň arzuwyny hasyl etmekdir.

13.Gowulyk ediň! Onuň garşylygynda erbetlik (ýamanlyk) görjegiňi aklyňa getirme.

14.Kalbyňy öwüt-nesihat bilen ýaşat, hikmet bilen aýdyňlat.

15.Allanyň dostlary ol adamlardyrki, ynsanlar dünýäniň gözelligne höwes edip bakan zamany, olar dünýäniň iç ýüzüni (pisliklerni) görýärler.

16.Ynsan garrap Eýesini (Rebbini) tanap bilenden soň ölmesi, çagaka ölüp hasapsyz jennete girmesinden gowudyr.

17.Sizden gorkan zatlarymyň ilkinjisi nebsiňiziň islegine we haý-höwesiňize uýmagyňyzdyr. Birinjisi hak ýolundan alyp galar. Ikinjisi ahyreti ýadyňyzdan çykardar.

18.Ýürekler bir gaba meňzär. Onuň haýyrlysy, haýyr bilen doly bolanydyr.

19.Maňa bir harp öwredeniň guly bolaryn.

28
103
awesome
27.08.2023 04:16
Ýaşamaly, söýmeli, ynanmaly.
Lew Tolstoý.

Durmuşyňyzy doly üýtgetmäge jan etmeli däl-de, diňe oňa bolan garaýşyňyzy üýtgetmeli.
Ralf Woldo Emerson.

Isleg bolsa müňlerçe ýol tapylar, isleg bolmasa müňlerçe päsgelçilik.
Iogann Wolfgang fon Gýote.

Ujypsyz kemçiliklere üns bermäň; özüňizde has ulularynyň bardygyny unutmaň.
Gerek däl zadyňyzy satyn alsaňyz, ýakyn wagtda zerur zatlaryňyzy satarsyňyz.
Benjamin Franklin.

Uly çykdajylardan gorkmaň, az girdejilerden gorkuň.
Jon Rokfeller.

Özüň bolup ýaşa. Beýleki keşpler eýýäm eýelendi.
Oskar Waýld.

Eger-de islegler mümkinçiliklere gabat gelmeýän bolsa, ýa islegleri çäklendirmeli, ýa-da mümkinçilikleri artdyrmaly.
Hindi pähimi.

Durmuşda başgalardan däl-de, özüňden öňe geçmäge çalyşmaly.
Maltbi Dawenport Babkok.

Özüňizi söýmegi öwreniň, şonda beýlekileriň ählisi öz ýerini tapar.
Lýusil Boll.

Durmuş öz ýüzüňizi tapmak üçin dürli aýnalardan özüňe seretmekdir.
Woýseh Bartoşewskiý.

Pikirleriňizi üýtgediň, şonda siz öz dünýäňizi özgerdersiňiz.
Norman Winsent Pil.

Käwagt nädogry kararlar bizi dogry ýola atarýar.
Awtory näbelli

Ýaşamak pikirlenmekdir.
Siseron.

Durmuşym – meniň habarym.
Mahatma Gandi.

Näçe wagt däl, näçeräk oňat ýaşadyňyz – şol esasy zat.
Seneka.

Kynçylykda ýylgyryp bilýänleri gowy görýärin.
Leonardo da Winçi.
28
80
awesome
25.06.2023 00:41
Ähli zat mugallymymyz…

Bir adamyň öňüne “gowy” ýa-da “erbet” belligini goýmagyň ýerine, “Ol adamdan näme öwrenip bilerin?” diýip oýlanmagy endik etmeli. Aslynda biziň dünýäde duşmanlarymyz ýok, diňe bize kömek etjek jandarlar bar. Meselem, biziň göwnümizi ýykan we bizi gaharlandyrýan adamlar bize sabyr etmegi öwredýärler.
Esasan biziň köp gaharlanýan ynsanlarymyz, bize köp zat öwretjek ynsanlardyr. Şol ynsanlary özümize mugallym hökmünde kabul etsek, olara bolan garaýşymyzam üýtgäp, minnetdarlyk bildireris.
Şonuň üçin daş-töweregimizdäki adamlary görip ýa-da duşman hökmünde däl-de, mugallym hökmünde kabul etsek, has ýerlikli bolar diýip pikir edýän. Şeýle-de hemişelik öwrenmegi, bir problema başymyza düşen wagty başdan geçirip öwrenýäris. Diýmek, mesele ýok bolsa öwrenjek zadymyzam ýok diýmekdir. Her adamyňam dünýäde öwrenmeli maglumatlary bardyr. Biz ol maglumatlary öwrenýänçäk ol zatlar dürli-dürli görnüşde öňümizden çykar. Şol bir zatlary birnäçe gezegem gaýtalamagymyz mümkin. Aslynda bu zatlar tötänligem däldir. Ýagny bize öwretmek üçin öňümizden çykan mugallymlardyr. Mundan soňra mesele hökmünde seredýän wakalarymyzdan dynmak islesek, täze garaýyş bilen şol meseleden sapak edinip, şol bir ýalňyşlyklary gaýtalamajak bolmaly. Eger biz sapak almasak, ol sapagy bize öwretýän mugallymlary (wakalary) edil magnit ýaly özümize çekeris we şol bir wakalary başdan geçireris.
Size agyr gelen, ajy wakalaryň soňundan “Bu waka maňa näme öwretdi?” diýen soragy özüňize soraň.
Diýmek, her dürli adamlar bize täze zatlar öwredýär. Kämilleşen adam, aňyny ösdürmek üçin öňüne çykan wakalardan sapak alyp, ýoluna dowam eder. Kämilleşmedik adam bolsa, ol islenmeýän wakalaryň garşysynda ejizläp, olary näletlär.
26
54
awesome
24.06.2023 18:24
Mukaddes dinimizdäki iň uly we iň eziz iki baýramdan biri Gurban baýramydyr. Şu mübärek baýramymyz hem ýakynlaşyp gelýär. Hemme ýurtdaşlarymyza mübärek bolsun! Allatagala bütin dünýäni, aýratyn hem eziz watanymyzy we halkymyzy öz penasynda aman saklasyn. Ömrümize, rysgymyza, durmuşymyza bereketler bersin!
Ämin!

Mälim bolşy ýaly Hormatly Prezidentimiz iýun aýynyň 28-29-30 günlerini ýurdumyzda Gurban baýramyny döwlet derejesinde bellemek hakynda we şol günleri iş güni däl diýip permana gol çekdi.

Nesip bolsa, iýun aýynyň 28-de, hepdäniň 3-nji güni ir sagat 06:30 Aşgabat şäheriniň ähli metjitlerinde Baýram namazy okaljakdyr. Welaýatlarda wagt üýtgäp biler, ony her kimiň özi golaý metjidinden sorap bilerler.

Gurban baýramynda amala aşyrylýan iň uly amallarymyzdan biri gurbanlyk soýuşdyr. Ýagny, mümkinçiligi bar, maly nisab mukdaryna ýeten musulman tarapyndan Allatagalanyň razylygy üçin bir janlyny gurbanlyk bermekdir.

Gurbanlyk kimlere wajyp
Gurbanlygyň boýnuňa wajyp bolmagy üçin 4 şertiň tapylmagy gerek.

1. Musulman bolmagy: Çünki gurbanlyk Allatagala ýakyn edýän, onuň razylygyny gazandyrýan ybadat bolup, gaýry dinli bu zatlardan mahrumdyr.

2. a) Azat bolmagy. Çünki gulyň öz şahsy mülki bolmaýar. (Häzirki biziň döwrümizde gulçulyk ýok)
b) Akyly ýerinde bolmagy (däli, mežnun bolmazlygy)

3. Şahsy mülkiniň nisab mukdaryna ýetmegi.

4. Mukym bolmak (Ýaşaýan ýerinde bolmagy). Sapardaky adamyň boýnuna gurbanlyk wajyp däl.

Gurbanlyk kylyş amaly, ybadaty hijri ýyl hasabynyň 2-nji ýylynda, milady ýyl hasabynyň 624-nji ýylynda peýda bolýar.

Gurbanlygyň wagty - 3 gündir. Gurban baýramy güni daň atanyndan, iň soňky üçinji güni gün ýaşýança dowam edýär. Ýöne, şu ýerde üns berilmeli esasy meselämiz gurbanlyk soýuljak malyň Baýram namazy okalyp bolunandan soňra damagy çalynmalydyr. Ondan öň bolsa dürs bolýan däldir. Ondan öň damak çalynsa gurbanlyk däl-de, sadaka ornunda hasap edilýändir. Şu tarapyna ünsliräk boluň!

Nähili haýwanlar gurbanlyga ýaramly hasap edilýär?
Gurbanlyga soýuljak haýwan eger goýun, geçi bolsa, iň azyndan bir ýaş, mal bolsa, iň azyndan iki ýaş, düýe bolsa iň azyndan 5 ýaş bolmagy gerek. Käbir ýagdaýlarda goýun ýa-da geçi 6 aýlyk bolsada, emma göwresi 1 ýaşly goýuna çalym edýän uly bolsa, daýow bolsa 6 aýlyk geçiniň ýa-da goýunyň gurbanlyk soýulmagy rugsatdyr. Ady agzalan haýwanlaryň urkaçysy hem erkegi hem gurbanlyga ýaraýandyr.
Mundan başga haýwanlaryň: towuk, horaz, indyuk, düýeguş ýa-da aw haýwanlary bolan keýik, towşan gurbanlyk hasabyna ötýän däldir.

Pygamberimizden (sallallahu aleyhi we sellem) şeýle hadys rowaýat edilýär: "Şu dört hilli haýwan gurbanlyga ýaramaýar: gözüniň körlügi bildirip duran (aýyply) haýwan, aç-açan syrkaw (näsag) haýwan, aç-açan maýyp bolan (kemli) haýwan we aýak üstünde duryp bilmez derejede inçe, hor haýwan".
(Ymam Tirmizi rowaýat edýär)

Rowaýatdan görnüşi ýaly gurbanlyk soýuljak haýwan aýyp-nogsandan päk bolmagy zerur: Gurbanlyk soýuljak malyň gulagy, guýrugy ýa-da gözüniň bir böleginden köpürägi ýok bolsa soýmak dogry däldir. Kesel, maýyp, öter hor, soýuljak ýerine çenli öz aýagy bilen ýöräp baryp bilmez derejede bolsa gurbanlyga ýaramsyzdyr.

Gurbanlygyň iň gowusy gurban kesýän adamyň özüniň soýmagydyr. Eger özi soýup bilmese başga adama soýdursa hem bolar. Ýöne soýulýan mahalynda özi ýanynda durmagy mustahabdyr (sogaby uludyr).
Janly soýulanda (damagy çalynanda) "Bismillah Allahu ekber" diýmeklik sünnete mahsus soýuş hasaplanýar. Emma "Bismillah Allahu ekber, bu planyň adyndan gurbanlyk" diýmeklik mekruhdyr (günädir).

Indi bolsa gurbanlyk soýulan malyň eti hakynda duryp geçeliň. Gurbanlyk malyň etini sünnete görä 3-e bölmek dürs hasaplanýar: 1 bölegini paýlamak (ýetim-ýesirlere, mätäçlere), 1 bölegini öz içeri maşgalaň, garyndaşlaň, goňşy-golamyň bilen iýmek, 1 bölegini özüňde alyp galmak. Emma tutuşlygyna paýlanyňda-da ýa-da maşgalaň uly bolsa tutuşlygyna öz öýüňde goýanyňda-da zyýany ýok. Ýöne, sünnete görä maslahat berilýäni 3-e bölmek gowy görülýän amallardandyr. Gurbanlykdan esasy maksat: halal gazanjymyzdan gurban kesmeklik (gan akdyrmaklyk) bolup durýar. Gurbanlygyň derisini birine sadaka bermek ýa-da satyp pulyny sadaka bermek dogry hasaplanýar.

Dinimiz soýuljak haýwany gynamazlyga buýurýar. Şu babatda sünnete görä soýuljak pyçagyň kesgir, ýiti bolmagy aýdylýar. Pyçagy malyň gözüniň öňünde çarhlamazlyk buýrulýar. Bir haýwanyň öňünde beýleki haýwanyň damagy çalynmagyna rugsat berilmeýär.


Gurbanlygyň sogaby örän uludyr. Ozaly bilen bu amal takwalygyň, dinimiziň buýruklaryna boýun synmagyň belgisidir. Gurbanlyk kylyş bendäni Allatagala, onuň rahmet-magfyretine, bereketine ýakyn edýär. Şonuň ýaly hem, gurbanlyk arkaly adamlaryň arasynda mähir-muhabbet, rehim-şepagat köpelýär, garyplaryň göwni göterilýär.

Allatagala barçamyzy gurbanlyk bermeklige ýetirsin, gurbanlyk berýänleriň gurbanlygyny kabul eýläp, sogabyny, derejesini aňryýany bilen Allanyň özi bersin!
Ämin!

Gurbanlykdan ýene bir berjaý edilmeli wajyplaryň biri tekbiri teşrikdir. Ýagny 23 parz namazyndan soň aýtmaklyk her bir musulaman erkek-aýalyň boýnunda wajypdyr.
Başlanýan wagty: indiki hepdäniň 2-nji güni ertir namazynyň parzyndan soň başlanyp, 6-nji güni ikindi namazynyň parzyndan soň aýdylyp tamamlanýar.

Aýdylyşy:
"Allahu ekber, Allahu ekber, lää ilaahä illallahu Wallahu ekber, Allahu ekber! We lillähi hamd!"

Terjimesi: "Alla beýikdir, Alla beýikdir, Alladan özge iläh ýokdur.Alla beýikdir, Alla beýikdir, hemme öwgüler diňe Alla mahsusdyr!"


Ýetiren:
@Dark_Wolf agza. Köp sagbolsun aýdýarys.
26
133
awesome
24.06.2023 14:57
Çagalara aýdyp bermäň erteki,
Agageldiň şygryn okabam bermäň.
Ýok, erteki däldir,
olaň ertesi
Aňyrsynda bize nämälim perdäň.

Olaň geljegine ýetmez ýaşymyz,
Ömrümizem ýetmez,
Ýetmez gözýetim.
Ylym-bilim beriň,
beriň baryňyz
Öz ýoluny, goý, özleri gözlesin.
Çagalara aýdyp bermäň erteki:
Şer haýryň alnynda dilemez aman.
Juda çylşyrymly olaň ertesi,
Durmuşam toý bilen bolmaýar tamam!
Şagyzy ýetdirmez suwama keljä,
Uçmaz garyp gyzyň dokan halysy.
Ejizleseň ne ýanyňa döw gelýä,
Ne-de sumrug sorar seniň halyňy.
Ne padyman weziri bor patyşaň,
Ne bir köşge hüjüm etjek ulus bar.
Garypdan şa çykmaz,
çyksa şo zaman
Ol dünýäniň garyplaryn unudýar.

Çagalara aýdyp bermäň erteki,
Olar juda sada, juda ýönekeý.
Ertekisi bile bizi eldeki
Hem türkana etmänmidi köneler.

Çagalaň geljegi başgadyr asyl,
Olaň kämil oýunlarna äňediň!
Biz ýaňy zemine ýetirýäs akyl,
Olar habaryny alýar älemiň.

A zeminde ne gudrat bar,
ne-de syr,
Düýn syryldy dünýäň pynhan perdesi.
Paýlaşyga düşen dünýä hem asyr
Olar üçin barypýatan erteki,

Çagalara aýdyp bermäň erteki...

Nobatguly REJEBOW.
22
68
awesome
22.06.2023 00:04

DÜŞNÜKSIZ ADAM

ýa-da Stefan Sweýgiň bagtsyz ölümi hakda kelam agyz

Heran haçan şu şahsyýet hakynda bir zat ýazmaly bolsam, oňa şundan laýyk sözbaşy tapmazdym. Çünki ýüregi hemmeler üçin aýnada ýaly görünip duran adam ömrüniň ahyrynda düýbünden düşnüksiz bir şahsyýete öwrüldi oturyberdi.
1942-nji ýylyň 23-nji fewralynda dünýä metbugatynyň ilkinji sahypasyny täsin habar eýeledi. Onda: \\\"Awstriýaly meşhur ýazyjy Stefan Sweýg hem-de onuň aýaly Şarlotta Rio-de-Žaneýronyň golaýynda ýerleşýän Petropolis şäherçesindäki öýleriň birinde öz janlaryna kast etdiler\\\" diýilýärdi. Hawa, Stefan Sweýg aýaly bilen bilelikde öz janyna kast edipdi. Dünýäde uruş gidýärdi, şol sebäpli hem bu habar dillerde kän eglenmedi. Emma bu ajy habar edebiýaty söýüjileri welin biparh goýmady. Göräýmäge, beýle ýagdaýa düşer ýaly, ýazyjyda düýpli bir sebäbem ýokdy. Maliýe tarapdan gurgundy, döredijilik tarapdanam iň bir önjeýli işleýän döwürleridi. Dogry, 30-njy ýyllarda Germaniýada onuň kitaplary gadagan edilipdi. Oňa derek ABŞ-nyň neşirýatlary ony gujak açyp garşylaýardylar. Söýgüli aýaly hem ýanyndady...
Ýöne oňa diňe bir zat ýetenokdy. Ol watandy. \\\"Adamlaryň arasynda özüňi ýalňyz duýmakdan erbet zat ýokdur\\\". Ine, Sweýgiň ömür ýoluny, betbagt ölüminiň sebäbini açyp berýän jümle. Bu onuň öz sözi we ol hakykatdanam ýat adamlaryň arasynda watanynyň zaryny çekýärdi. Bu hakynda Erih Mariýa Remark \\\"Behiştdäki kölgeler\\\" romanynda şeýle belleýär: \\\"Eger uzak Braziliýada öz janyna kast eden Stefan Sweýgde hem-de onuň söýgüli aýalynda şol pajygaly gije, bolmanda, telefon arkaly kimdir biri bilen derdinişip, iç döküşere mümkinçiligi bolan bolsady, onda bu aýylganç ölüm bolmasa bolmazdam. Ýöne, hernäçe gynansak-da, Sweýg ýat ilde, ýat adamlaryň arasyndady...\\\"
Hoşlaşyk hatynda Sweýg şeýle ýazypdyr: \\\"Altmyşdan soň durmuşa täzeden başlamak üçin biçak uly güýç gerek bolar eken. Men bolsa uzak ýyllaryň dowamynda watanymyň zarynda güýç-kuwwatdan galdym.
Başymy dik tutup, dirilik kitabyna häziriň özünde nokat goýan ýagşy diýip pikir edýärin. Barça dost-ýarlaryma gowulyk dileýärin. Uzak höküm süren tümlügiň aňyrsyndan lowurdap görünjek ýagtylygy, goý, olar görsün. Meniň bolsa oňa garaşara takadym ýok\\\"... German Gesse bolsa, müňlerçe okyjylar ýaly, Sweýgi başgaça tanapdy: \\\" Stefan Sweýg — dostana ynsandy\\\". Ol hakynda aýdylan şular ýaly gowy sözler başga-da kän. \\\"Ol ähli taraplaýyn baý\\\", \\\" Sweýg — tüýs bagty getiren\\\"... Bularyň barynyň üstüni Sweýg ömrüniň ahyrynda gelen garaşylmadyk karary bilen çyzdy. Düşnüksiz adam! Dünýä ony şeýle atlandyrdy. Çünki döreden eserleri bilen millionlaryň ýaşaýşa bolan höwesini artdyran ýazyjy bu höwesi özünde oýaryp bilmändi...


Terjime eden: Baýramgeldi Aliýew.

24
259