awesome
24.06.2023 14:57
Çagalara aýdyp bermäň erteki,
Agageldiň şygryn okabam bermäň.
Ýok, erteki däldir,
olaň ertesi
Aňyrsynda bize nämälim perdäň.

Olaň geljegine ýetmez ýaşymyz,
Ömrümizem ýetmez,
Ýetmez gözýetim.
Ylym-bilim beriň,
beriň baryňyz
Öz ýoluny, goý, özleri gözlesin.
Çagalara aýdyp bermäň erteki:
Şer haýryň alnynda dilemez aman.
Juda çylşyrymly olaň ertesi,
Durmuşam toý bilen bolmaýar tamam!
Şagyzy ýetdirmez suwama keljä,
Uçmaz garyp gyzyň dokan halysy.
Ejizleseň ne ýanyňa döw gelýä,
Ne-de sumrug sorar seniň halyňy.
Ne padyman weziri bor patyşaň,
Ne bir köşge hüjüm etjek ulus bar.
Garypdan şa çykmaz,
çyksa şo zaman
Ol dünýäniň garyplaryn unudýar.

Çagalara aýdyp bermäň erteki,
Olar juda sada, juda ýönekeý.
Ertekisi bile bizi eldeki
Hem türkana etmänmidi köneler.

Çagalaň geljegi başgadyr asyl,
Olaň kämil oýunlarna äňediň!
Biz ýaňy zemine ýetirýäs akyl,
Olar habaryny alýar älemiň.

A zeminde ne gudrat bar,
ne-de syr,
Düýn syryldy dünýäň pynhan perdesi.
Paýlaşyga düşen dünýä hem asyr
Olar üçin barypýatan erteki,

Çagalara aýdyp bermäň erteki...

Nobatguly REJEBOW.
22
68
2580
24 Iýun 2023
gowy goşgy eken 👍👍👍
okyjy dz
24 Iýun 2023
@moana, goýsaň bizem okardyk
okyjy dz
24 Iýun 2023
@durdane, şony ýaňy tapyp bilmedim,ýogsa menm okaýjakdym,int pes bolyp dur mende
durdane
24 Iýun 2023
@moana, sabyrsyzlyk bn garasýan onda 👍
light
24 Iýun 2023
Mbah
durdane
24 Iýun 2023
Moana sizin Gawaý adasyna syýahat degişmaňizi okadym şu wagt Gyzykly bolupdyr arman teswire rugsat ýok ekeni teswir ýazaýjykdym täze agzalar okar ýaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.