awesome
07.11.2023 18:46
Şeýdip öz bagtyna aňsat ýeten Şa,
Uzak ýyllap zowky-sapa sürüpdir.
Emma böwre ünji bolup bir yza,
Bilesigelijilik azar beripdir.

Öwrenşipdir gözelligne Periniň,
Syrlaryny bilip ýörmek isläpdir.
Ogrynça seredip basan ýerine,
Ýörände yzyny görmek isläpdir.

Görse Perizady howada gaýyp,
Yz goýman baýrýarmyş basan ýerinden.
Asman peri diýen: “Eý, Sanjar aýyp!
Ýa-da diýenlerim uçdy seriňden?!

Sen şertiňi bozduň, wada-wadadyr,
Indi gözleriňden gaýyp giderin.
Bu biziň illerde baky kadadyr,
Şeýdip ýanyp, bu dünýeden ýiterin!”

“Ah perim! Ýalňyşdym, ötgül günämi,
Bagyşla, bagyşla ökünýän juda.
Sensiz neneň ötüreýin gün-aýy,
Husny jemalyňdan eýleme jyda?!”

Sanjar ýalňyşyna ökünip çyndan,
Asman Perisini dolaýar öýne.
Emma, bu ökünji tozup gün-günden,
Ýene syr bilmegiň düşüpdir küýne.

Bir gün säher çagy Peri köşgünde,
Başyn daramaga ugran mahaly.
Şa hem ony synlamagyň yşgynda,
Jyklapdyr perdeden undup Jahany.

Peri bolsa başyn alyp eline,
Altyn darak bilen saçyn daraýar.
Soltan gaçýar, demi ýetmän demine,
Esli ylgap töweregne garaýar.

Görse Perizady öňünde durup,
Ahmyr bilen garaýarmyş gözüne.
“Nätdiň?! Yşk hanjaryň ýüregme urup!”
Diýen sözlerine gelýär özüne.

“Men saňa ynandym, sen bolsa ýene,
Ynamymy ýegsan etdiň ýer bilen.
Bu meniň iň soňky sözlerim ine,
Belki indi görüşmeris seň bilen!

Mesgenim Asmanda uçýan arşa men,
Hydyr diýdim, duşupdyryn hyrsa men!”
“Eý Perim, jan Perim terk etme meni,
Neýläýin bolmasaň bu jansyz teni?!”

Yşgyny aldyryp tapdan düşen şa,
Düşege baglanyp ýatypdyr esli.
Alym, ulamalar gözläp bir nyşan,
Günde ýüz müň keren sananlar tesbi.

Ahyr ýalbar-ýakar edip Asmana,
Perisini dolapdyrlar Soltanyň.
Sanjar howlugypdyr bagra basmaga,
Ömri üzre ýeke-ýalňyz Soltanyn.

Ýene aý aýlanyp, dolanýar ýyllar,
Soltanam wadasyn unudýar kem-kem.
Periniň biline uzaýar gollar,
hem Soltan özüni ýitirýär şol dem.

Asman Perisiniň süňksüz bilinden,
Ellerini silkip alýar dessine.
Peri bir “Ah!” uran uly ilinden,
Onsoň Sanjar Soltan gelýär essine.

“Men guraýyn Perizadym bir dur sen!
Indi seni görmerinmi hiç mahal?!”
“Entek görülmedik aramgäh gur sen,
Içi haýyr bilen dogadan dolsun,
Gümmezinde göge çykalga bolsun!

Her annada şondan göge garasaň,
Görünerin saňa yşgynda Aýyň.
Günüň batdy Sanjar, bagtyň gara seň,
Bir gumra öwrülýär ykbalda paýyň!”

Sanjar eşdip muny halys gynanyp,
Bir aramgäh gurmaň düşýär küýüne.
Gurluşygy As Sarahsa ynanyp,
Kümmeti öwürýär baky öýüne.

Her anna gün garap gümmezdenArşa,
Sanjar bütin ömre taýyny gören.
Ýekelikde haly egbärlap barha,
Bu kümmetde baky jaýyny gören.

“Ýedi yklyma demi düşen Sanjar şa,
Çar tarapda seljuk tugun sanjan şa.
Söýgüden ýeňildiň, niçesi bir şaý,
Bol-da ýat, bir periň husnuna gedaý!”

Diýip gözlerini ýumup müdümi,
Doňupdyr Asmana dikip nazaryn.
Rowaýat bu, gaty-gaty gadymy,
Döwürden saklaýar Şanyň mazaryn.

Ho-ha indi niçe asyr şol ýerde,
Ýatyr Sanjar Soltan göge seredip.
Bir-em ýalňyz gumry galyp ýör derde,
Şol gümmezde ýaşar ýaly ýer edip...

Olar hakda gürrüň berer asyrlar,
Soň-soňlar rowaýat, onsoň erteki...
Olaryň ykbaly syra basyrlan,
Söýgi hiç öçmeýär, gepiň keltesi...


Gülşirin Hanowa
24
62
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.