awesome
07.11.2023 00:00
Pena gözläp hol awara şemaldan,
Soltan säher çagy seýle çykanda.
Aşyk bolýar näzli Sahypjemala,
Gözel göz güldürip syrly bakanda.

Yşk tutaşýar, ýakyp barýar ody heý!
Sanjar Şa bir demde dönýär perwana.
“Derhal biliň, bu gözeliň ady ne,
Ýazdy gitdi meni ýowuz permana!”

Soltan nöker ýollap, çalýar yzyny,
Gorkup elden giderine bagtynyň.
Tapandan soň hyýaldaky gyzyny,
Asman-Zemin söýgi bilen ýagtylyk!

Aýagy bişen dek, köşkde iki ýan,
Zowzullaýar Soltan, ýok sabyr-takat.
“Budur Sizge habar, eý Şahy Jahan,
Soltanyňyz entek otursun rahat!

Meniň oňa üç şertim bar, bitirse,
Ömürlik ýoldaşy bolaryn derhal.
Şertim ömür boýy ýerne-ýetirse,
Aýdyň, aňsat däldir synagym her hal!

Ýöne welin meniň aýtjak şertimi,
Diňe Soltan eşdip biler, aýdyň siz!
Indem maňa ýollamasyn her kimi,
Wagtym çäkli, derrew köşge gaýdyň siz!”

“Yşk ataşy dolap alan Sanjary,
Müň şertem ýolundan döndürip bilmez.
Batdy gitdi bagra tygy-hanjary,
Bu ody hiç synag söndürip bilmez!

Dyzym epip şol Periniň öňünde,
Armanym ýok, şertlerini bitirsem.
Ýeke matlabym bar, gülşen göwünde,
Maksadymy menziline ýetirsem.

Getirsem şol, Asmanyň nur perisin,
Köşgüm üzre şugla salsa Aý bolup.
Göwnüm diňe şol Melegiň ýeridir,
Ötüp bilsem ömri, şoňa taý bolup!

Derhal ak atymy eýerläň hany,
Şol Melege sary uçup gideýin.
Munda bolman diňe Zeminiň hany,
Yşka-da Şa ýolun açyp gideýin!”

Söýginiň ýolunda seri sadaga,
Sanjar peýda bolýar periň ýanynda.
Zerbap donly, başda altyn otaga,
Müň şirin söz gurban edip şanynda.

Emma, Peri müň hoş sözden zyýada,
Ýüz müň hutba az ger taryp edere.
Gezseň gündiz şemli, paý-u-pyýada,
Görk tapmarsyň Ýerde, deňne ýetere.

Gardan ak alkymy, ýaňaklary nar,
Badam gabak, pisse dodak, bal dahan.
Zümerret gözleri gören hyrydar,
Arşda Melek bolsa, Ýerde Hüýr Jahan!

Şemal degse ülpüldeýär lybasy,
Zer jähekli, ak bulut deý öwşüni.
Ahmal bolsaň jan aljagnyň güwäsi,
Ýere ýetýän şamar saçyň owsuny.

Iň ussat suratkeş çekse bir asyr,
Bu görküň müňde bir waspyna ýetmez.
Taryp eder bolsaň ýylda dört pasyl,
Müň dessan bu näziň aslyna ýetmez!

Gaýtadan tutaşýar, kül bolýar aşyk,
Dili diýen etmän doňýar bir salym.
Gursagy ot alýar duýgusy daşyp,
Yşkdan ýüz gözüne çabraýar ýalyn.

- Ne beýle tiz geldiň, eý aşyk Soltan?!
- Ýene Arşa uçup giderdiň ýogsam!
- Nirden bilýäň meniň Arşdan gelenim?!
- Seni gözläp bu Zemini eledim.

- Diňle meni söýmek hupbatly juda!
- Dänmerin janymdan bolmasam jyda!
Tenim ýollaryňda ömürlik geda!
- Küpür bolar, uly gürleme birden!

- Syna, synalmaga taýyn men her dem!
- Üç şertim bar ömürlikdir möhleti,
Budur meger bu synagmyň mähneti.
- Seniň deý melekde mähnet neýlesin,
Şertiňi aýt unut ondan beýlesin!

- Ýöränimde aýak yzyma bakma,
Daranymda hiç seretme başyma.
Bilimi gujaklap bagrymy ýakma,
Başarsaň bagt guşy borun başyňa!

- Eý, waý, mundanam bir şert bormy Melek,
Dag gaz diý, derýalar çek diý herýana.
Şertiň bitdi biläý, sen bagtym gerek?!
Toý habaryn ugradaýyn çarýana!
22
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.