awesome
24.06.2023 18:24
Mukaddes dinimizdäki iň uly we iň eziz iki baýramdan biri Gurban baýramydyr. Şu mübärek baýramymyz hem ýakynlaşyp gelýär. Hemme ýurtdaşlarymyza mübärek bolsun! Allatagala bütin dünýäni, aýratyn hem eziz watanymyzy we halkymyzy öz penasynda aman saklasyn. Ömrümize, rysgymyza, durmuşymyza bereketler bersin!
Ämin!

Mälim bolşy ýaly Hormatly Prezidentimiz iýun aýynyň 28-29-30 günlerini ýurdumyzda Gurban baýramyny döwlet derejesinde bellemek hakynda we şol günleri iş güni däl diýip permana gol çekdi.

Nesip bolsa, iýun aýynyň 28-de, hepdäniň 3-nji güni ir sagat 06:30 Aşgabat şäheriniň ähli metjitlerinde Baýram namazy okaljakdyr. Welaýatlarda wagt üýtgäp biler, ony her kimiň özi golaý metjidinden sorap bilerler.

Gurban baýramynda amala aşyrylýan iň uly amallarymyzdan biri gurbanlyk soýuşdyr. Ýagny, mümkinçiligi bar, maly nisab mukdaryna ýeten musulman tarapyndan Allatagalanyň razylygy üçin bir janlyny gurbanlyk bermekdir.

Gurbanlyk kimlere wajyp
Gurbanlygyň boýnuňa wajyp bolmagy üçin 4 şertiň tapylmagy gerek.

1. Musulman bolmagy: Çünki gurbanlyk Allatagala ýakyn edýän, onuň razylygyny gazandyrýan ybadat bolup, gaýry dinli bu zatlardan mahrumdyr.

2. a) Azat bolmagy. Çünki gulyň öz şahsy mülki bolmaýar. (Häzirki biziň döwrümizde gulçulyk ýok)
b) Akyly ýerinde bolmagy (däli, mežnun bolmazlygy)

3. Şahsy mülkiniň nisab mukdaryna ýetmegi.

4. Mukym bolmak (Ýaşaýan ýerinde bolmagy). Sapardaky adamyň boýnuna gurbanlyk wajyp däl.

Gurbanlyk kylyş amaly, ybadaty hijri ýyl hasabynyň 2-nji ýylynda, milady ýyl hasabynyň 624-nji ýylynda peýda bolýar.

Gurbanlygyň wagty - 3 gündir. Gurban baýramy güni daň atanyndan, iň soňky üçinji güni gün ýaşýança dowam edýär. Ýöne, şu ýerde üns berilmeli esasy meselämiz gurbanlyk soýuljak malyň Baýram namazy okalyp bolunandan soňra damagy çalynmalydyr. Ondan öň bolsa dürs bolýan däldir. Ondan öň damak çalynsa gurbanlyk däl-de, sadaka ornunda hasap edilýändir. Şu tarapyna ünsliräk boluň!

Nähili haýwanlar gurbanlyga ýaramly hasap edilýär?
Gurbanlyga soýuljak haýwan eger goýun, geçi bolsa, iň azyndan bir ýaş, mal bolsa, iň azyndan iki ýaş, düýe bolsa iň azyndan 5 ýaş bolmagy gerek. Käbir ýagdaýlarda goýun ýa-da geçi 6 aýlyk bolsada, emma göwresi 1 ýaşly goýuna çalym edýän uly bolsa, daýow bolsa 6 aýlyk geçiniň ýa-da goýunyň gurbanlyk soýulmagy rugsatdyr. Ady agzalan haýwanlaryň urkaçysy hem erkegi hem gurbanlyga ýaraýandyr.
Mundan başga haýwanlaryň: towuk, horaz, indyuk, düýeguş ýa-da aw haýwanlary bolan keýik, towşan gurbanlyk hasabyna ötýän däldir.

Pygamberimizden (sallallahu aleyhi we sellem) şeýle hadys rowaýat edilýär: "Şu dört hilli haýwan gurbanlyga ýaramaýar: gözüniň körlügi bildirip duran (aýyply) haýwan, aç-açan syrkaw (näsag) haýwan, aç-açan maýyp bolan (kemli) haýwan we aýak üstünde duryp bilmez derejede inçe, hor haýwan".
(Ymam Tirmizi rowaýat edýär)

Rowaýatdan görnüşi ýaly gurbanlyk soýuljak haýwan aýyp-nogsandan päk bolmagy zerur: Gurbanlyk soýuljak malyň gulagy, guýrugy ýa-da gözüniň bir böleginden köpürägi ýok bolsa soýmak dogry däldir. Kesel, maýyp, öter hor, soýuljak ýerine çenli öz aýagy bilen ýöräp baryp bilmez derejede bolsa gurbanlyga ýaramsyzdyr.

Gurbanlygyň iň gowusy gurban kesýän adamyň özüniň soýmagydyr. Eger özi soýup bilmese başga adama soýdursa hem bolar. Ýöne soýulýan mahalynda özi ýanynda durmagy mustahabdyr (sogaby uludyr).
Janly soýulanda (damagy çalynanda) "Bismillah Allahu ekber" diýmeklik sünnete mahsus soýuş hasaplanýar. Emma "Bismillah Allahu ekber, bu planyň adyndan gurbanlyk" diýmeklik mekruhdyr (günädir).

Indi bolsa gurbanlyk soýulan malyň eti hakynda duryp geçeliň. Gurbanlyk malyň etini sünnete görä 3-e bölmek dürs hasaplanýar: 1 bölegini paýlamak (ýetim-ýesirlere, mätäçlere), 1 bölegini öz içeri maşgalaň, garyndaşlaň, goňşy-golamyň bilen iýmek, 1 bölegini özüňde alyp galmak. Emma tutuşlygyna paýlanyňda-da ýa-da maşgalaň uly bolsa tutuşlygyna öz öýüňde goýanyňda-da zyýany ýok. Ýöne, sünnete görä maslahat berilýäni 3-e bölmek gowy görülýän amallardandyr. Gurbanlykdan esasy maksat: halal gazanjymyzdan gurban kesmeklik (gan akdyrmaklyk) bolup durýar. Gurbanlygyň derisini birine sadaka bermek ýa-da satyp pulyny sadaka bermek dogry hasaplanýar.

Dinimiz soýuljak haýwany gynamazlyga buýurýar. Şu babatda sünnete görä soýuljak pyçagyň kesgir, ýiti bolmagy aýdylýar. Pyçagy malyň gözüniň öňünde çarhlamazlyk buýrulýar. Bir haýwanyň öňünde beýleki haýwanyň damagy çalynmagyna rugsat berilmeýär.


Gurbanlygyň sogaby örän uludyr. Ozaly bilen bu amal takwalygyň, dinimiziň buýruklaryna boýun synmagyň belgisidir. Gurbanlyk kylyş bendäni Allatagala, onuň rahmet-magfyretine, bereketine ýakyn edýär. Şonuň ýaly hem, gurbanlyk arkaly adamlaryň arasynda mähir-muhabbet, rehim-şepagat köpelýär, garyplaryň göwni göterilýär.

Allatagala barçamyzy gurbanlyk bermeklige ýetirsin, gurbanlyk berýänleriň gurbanlygyny kabul eýläp, sogabyny, derejesini aňryýany bilen Allanyň özi bersin!
Ämin!

Gurbanlykdan ýene bir berjaý edilmeli wajyplaryň biri tekbiri teşrikdir. Ýagny 23 parz namazyndan soň aýtmaklyk her bir musulaman erkek-aýalyň boýnunda wajypdyr.
Başlanýan wagty: indiki hepdäniň 2-nji güni ertir namazynyň parzyndan soň başlanyp, 6-nji güni ikindi namazynyň parzyndan soň aýdylyp tamamlanýar.

Aýdylyşy:
"Allahu ekber, Allahu ekber, lää ilaahä illallahu Wallahu ekber, Allahu ekber! We lillähi hamd!"

Terjimesi: "Alla beýikdir, Alla beýikdir, Alladan özge iläh ýokdur.Alla beýikdir, Alla beýikdir, hemme öwgüler diňe Alla mahsusdyr!"


Ýetiren: @Dark_Wolf agza. Köp sagbolsun aýdýarys.
26
133
Älem Sesi agzasy
28 Iýun 2023
sag bol
Älem Sesi agzasy
28 Iýun 2023
sag bol
Älem Sesi agzasy
28 Iýun 2023
sag bol
Älem Sesi agzasy
28 Iýun 2023
sag bol
Älem Sesi agzasy
28 Iýun 2023
sag bol
wolf
25 Iýun 2023
@moana, höwes bilen
wolfff
25 Iýun 2023
Hemmäñiziñ baýramyñyz bilen. Aýratynam Dark Wolf-a sag bolsun aýdyan gaty gowy zatlar barada yazyar we dogry, dürs ýazya 👍🔥👍
olia
24 Iýun 2023
Kop musulman yurtlarda Gurbanlyk 4 gun: 1-nji namaz gununde gurbanlyk mal soylup tayyarlanyp goylup sonky 3 gununde Gurbanlyk berilyan bolmaly. Kabir musulman yurtlarda 3 gunun dowamyndada sacak yazylyp hemme gelen adama (gonshy, dogan-garyndash, tanysh hatda natanyshlarada) hodur edilyan bolmaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.