awesome
22.09.2023 23:59

Hezreti Ebu Bekir Syddyk razyallahu anhunyň (Allahu Tagala ondan razy bolsun) eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Özüňe gabyr däl-de, özüňi gabra (ölüme) taýynla.

2.Gabyra taýýarlyksyz giren adam deňze gämisiz çykan ýalydyr.

3.Zulum, hile we wepasyzlyk kimde bolsa, zyýany ýene onuň özüne geler.

4.Kitaplar akylly kişileriň bakjasydyr.

5.Nadan adam şeýtanyň oýunjagydyr.

6.Goňşyň bilen dawa etme. Mysapyr adam gider, emma ol galar.

7.Takwa bolmaklyk akylly edilen işleriň iň gözelidir.

8.Allahtagalanyň öňünde günäkär bolmaklyk akylsyz edilen işleriň iň erbedidir.

9.Berlen amanat zady yzyna gaýtarmak iň gowy ýagşylykdyr.

10.Zulum edilen adamyň bet dogasyndan gorkuň.

11.Ölümi özüňe söýdür. Ol haçanam bolsa geljekdir.

12.Sabyr ediň. Her bir işiň başy sabyrdyr.

13.Parz eda bolmasa (bitmese), nepil kabul bolmaz.

14.Allahu Tagala daşyňy görşi ýaly içiňi-de görýändir.

15.Haky (ýagny Hudaýy) tanaýanlaryň guly (hyzmatçysy) bolgun.

16.Gizlin we äşgärlikde Hudaý Tagaladan gorkuň. Allahu Tagala özünden gorkana gutulmagyň gapysyny açar.

17.Soňuň gowulygy öňüň gowulygy ýaly bolar.



Hezreti Omar razyýallahu anhunyň eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Adamlaryň iň nadany ahyretini dünýäsi üçin satanydyr.

2.Köp gürlemek, köp ýalan sözlemek we köp gülmek haýany azaldar.

3.Şükür etmek nygmaty artdyrar.

4.Maňa aýplarymy aýdyň.

5.Her gün “pylança adam öldi” diýler. Bir gün geler “Hezreti Omaram öldi” diýerler.

6.Saňa erbetlik edenlerden uzak dur. Az-da bolsa, dogruçyl dost edingin.

7.Gerekmejek zatlar hakynda sorag sorama. Çünki boş zatlara meşgul bolanlardan bolarsyň.

8.Ýalandan kasam içmegi ähmiýetsiz görme. Bir gün Allahu Tagala seni heläk eder.

9.Erbetligi öwrenmezlik üçin erbetler bilen dost bolma.

10.Ybadat edeniňde pespäl bol.

11.Günä iş etmekden gork.

12.Ynamsyz dostdan saklan.

13.Allahdan gorkýandan ynamly adam ýokdur.

14.Duşmanyňdan uzak dur.

15.Saňa anyk bolýança musulman doganyň eden işini ýagşylyga ýorgun.



Hezreti Osman razyýallahu anhunyň eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Eý, adamlar! Allahtagalanyň öňünde günäkär bolmakdan saklanyň.

2.Köp geplemek diliňi sakawladar we dostlaryňy utandyrar.

3.Iki zat hemişe dowam eder: musybat (kynçylyklar) we mätäçlik.

4.Eý, ynsanlar! Humar oýunlardan saklanyň.

5.Iň soňunda barjak ýeriňiz belli, Allahdan gorkuň! Pitne çykjak we howply ýere barmaň.

6.Hudaý Tagala Kurany Kerimde dünýä näçeräk we nähili ähmiýet beren bolsa, sizem oňa şonçarak ähmiýet beriň.

7.Gabyr duralgalaryň iň soňkusy, ahyret duralgalarynyň iň owwalkysydyr. Şol ýerde (ýagny gabyrda) azap göreniň soňy erbet, ol ýerde rahat ýatanyň soňy bolsa rahatdyr.

8.Allahtagala ynsanlary Özüni tanasyn diýip ýaratdy. Sen-de Hakdan başga bir zat isleme.

9.Içgiden saklanyň. Ol her bir günäniň başydyr.

10.Allah üçin işläň we gazanyň.

11.Dogruçyllyk bilen alyň we beriň.

12.Adamlaryň iň gowusy we günäsizi Allanyň kitaby bilen ýöreýän adamdyr.

13.Sabyr ediň, ýogsam puşman edersiňiz.

14.Allahdan başga zada sygynmak bolmaz.

15.Köp gürleýän işgäre däl, belki köp işleýän işgäre mätäçsiňiz.



Hezreti Aly kerremallahu wejhehunyň (goý, Allahu Tagala onuň ýüzüni nurana etsin!) eden nesihatlary we wesýetleri:

1.Aýallaryň iň haýyrlysy (gowusy) ärine hyzmat edenidir.

2.Çenini bilen kişi heläk bolmaz.

3.Nadanlaryň kalplary dodaklarynda, alymlaryň agzy kalplaryndadyr.

4.Alym ölse-de diridir, nadan diri bolsa-da ölüdir.

5.Sen kakaň hakyny ödeseň, ogluň-da seniň hakyňy ödär.

6.Ölümi unutmak kalbyň poslamagyndandyr.

7.Ölümi ýakynlaşan adama hilesi peýda bermez.

8.Üç sany öldürüji zady bilýärin: görüplik,hondan bärsilik, haý-höwes.

9.Nadan öli, alym hemişe diridir.

10.Her zadyň gowusy täzesidir, dostuň gowusy könesidir.

11.Hakyky dost kynçylyk çeken wagtyň dadyňa ýetişenidir.

12.Dostuň ýüregini agyrtmak- duşmanyň arzuwyny hasyl etmekdir.

13.Gowulyk ediň! Onuň garşylygynda erbetlik (ýamanlyk) görjegiňi aklyňa getirme.

14.Kalbyňy öwüt-nesihat bilen ýaşat, hikmet bilen aýdyňlat.

15.Allanyň dostlary ol adamlardyrki, ynsanlar dünýäniň gözelligne höwes edip bakan zamany, olar dünýäniň iç ýüzüni (pisliklerni) görýärler.

16.Ynsan garrap Eýesini (Rebbini) tanap bilenden soň ölmesi, çagaka ölüp hasapsyz jennete girmesinden gowudyr.

17.Sizden gorkan zatlarymyň ilkinjisi nebsiňiziň islegine we haý-höwesiňize uýmagyňyzdyr. Birinjisi hak ýolundan alyp galar. Ikinjisi ahyreti ýadyňyzdan çykardar.

18.Ýürekler bir gaba meňzär. Onuň haýyrlysy, haýyr bilen doly bolanydyr.

19.Maňa bir harp öwredeniň guly bolaryn.

28
103
okayjy
23 Sentýabr 2023
@moana, Salam. Müñkin )
okayjy
23 Sentýabr 2023
Çenini bilen kişi heläk bolmaz...👍
altyyeva
23 Sentýabr 2023
@moana, aha sagbol köp köp.
altyyeva
23 Sentýabr 2023
@moana, ola bolmandyr. şonuň üçin men telefonada ynanman gowy sozleri, gosgulary, gerekli gaytalaymaly maslahatlary, hekayalary kate makalalaryda depdere yazyp goyyan yaltanman 😁
altyyeva
23 Sentýabr 2023
@moana, şükür oňat menem. eýsenä okuw bilen eliň degýän däldir kän.
altyyeva
23 Sentýabr 2023
sende jeyms allen, stefan zweig, dagdan sozenowyn eserleri barmyka ? gowy kitaplaryn kan bolmaly shondan soradym. ( gmailyn bolsa ugraday hayys men yaly okyja uly komek etdigin bolardy, minnetdar bolardym 🙂 )
altyyeva
23 Sentýabr 2023
Salam. Bägül gowmy? Köpden bäri görneňok gowy maslahatly postlar paýlaşyp durýadyň.
Возможность комментирования данной публикации было отключена.