awadan
14.03.2025 09:19
Söýgi näme üçin gutarýar? 2
Beýnimiz garaşylmadyk zady islemäge, şol sebäpli her-hili höwes, tolgunşyk berýän ýagdaýy başdan geçiriljek geljege kodlanandyr. Eger söýgiden başlap haýsam bolsa bir zat garaşylan bir ýagdaýa öwrülse, bu tolgunşyk ýitýär we täze zatlar ünsümizi çekip başlaýar.
Täze bir telefon alsak, beýnimizdäki dopamin ulgamy herekete geçýär we şat bolýarys, keýpli bolýarys, emma ol telefon wagt geçdigiçe adaty ýagdaýa öwrülýär we soňabaka hiç bu ýagdaýdan şat bolmaýarys, dopamin ýitýär. Jynsy hyýaly fantaziýalar bizde dopamin täsiri döretse, şol bir fantaziýa 2-3 gezekden soň bizi tolgundyrmaz, emma täze bir fantaziýa ýene bizde dopamin döredýär. Şeýlelik bilen, täze bir gatnaşygam bizde dopamin döredýär. Sebäbi bu täze bir hadysadyr, heniz elimizde däl, syrlar bilen dolup ýatyr. Şol sebäpli öňki gatnaşygymyzyň arasyndaky sowuklygy täze bir gatnaşyk bilen dolduryp başlaýar. Netijede hem aýal hem-de erkek, täze bir gatnaşygyň signalyny alandan soň, ýene şol öňki gatnaşygyndaky duýan zatlaryny duýup başlaýar.
Bir derňewde bir erkek syçanyň kapasasyna 2-3 sany urkaçy syçan goýulýar. Urkaçy syçanlar jüwütleşmek döwründe. Erkek syçan hemme urkaçy syçan bilen jüwütleşýär, soňra erkek syçanyň güýji we islegi hem galman, bir gyra süýşüp, depressiýa düşen ýaly oturýar. Soňra ýene bir täze urkaçy syçan goýýarlar, erkek syçan ýene höweslenip, güýçlenip onuň bilenem jüwütleşýär. Ýene birini goýýarlar, ýene jüwütleşýär, ýene birini goýýarlar we ýene-de... Erkek syçan hiç durman jüwütleşmek isleýär. Jynsy islege bolan arzuw, täze bir kişi bolanda has artýar.
Söýginiň başynda gatnaşygyň derejesi gaty ulalýar. Söýginiň başlangyjyndaky bu motiwasiýa elbetde bellibir wagt aralagyna çenli dowam edýär. Biz bu wagt aralygynda, ýagny söýginiň ýaňy başlan iň süýji wagtynda söýgülimiziň diňe gowy taraplaryny görüp, nähili oňaýsyz taraplary bar bolsa ony görmeýäris. Söýgülimizi erbet tankytlamazlyk üçin beýniň tankytlaýjy bölümleri ýuwaşladylýar. Gözümiz onuň erbet taraplaryny görmeýär, gözümize bir perde goýlan ýaly bolýar. Bu söýginiň başyndaky bir illýuziýadyr. Ýöne bu illýuziýa soň wagtyň geçmegi bilen aýrylýar we oňuşmazlyklar başlaýar. Şol sebäpli öz pikirimizdäki idealy real kişide gaty ulaltmaly däl, sebäbi idealymyza ters gelen hereketler wagt geçdigiçe ýüze çykyp başlaýar we sögüşler, çekeleşikler başlaýar.
Söýginiň ömri barmy?
Gözleglere görä bir söýginiň ömri 18 we 36 aý aralygyndadyr (käbir beýleki çeşmelere görä 12-18 aý). Dünýäde "ömürlik söýgi" diýlen düşünje bar bolsa-da, beýindäki himiki täsirleriň adaty ýagdaýa gelmegi barlanan-da şeýle netije çykýar. Ýene-de gözlegçiler bu wagty bir çaga dünýä indirmek we ýetişdirmek üçin wajyp bolan wagt bilen baglanyşdyrýarlar. Aşyk bolmak gaty uly, duýguly, tolgundyryjy bir wagt aralygyny öz içine alýandyr we bulam ortaça köp kişi üçin 3 ýyldyr.
8
112
awadan
13.03.2025 22:38
Söýgi näme üçin gutarýar?
Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zad-a, ýa-da halk dili bilen aýdylanda "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimizem bilsegem, biri-birimize aýtman, seredişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris.
Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt – söýülmekdir", "söýgi – bu hemme zatdan geçip, birlikde ýaşamakdyr", "adamlary söýgi ýaşadýandyr" we ş.m "söýgi şeýledir", "söýgi pylandyr" ýaly sözlere kän gabat gelýändiris.
Köp adam söýenden soňra, söýen kişisini hiç unutmajakdygyny, şonuň bilen mydama bagtly bolup, bir ömür sürjekdigini pikir edýär. Emma ol işler beýle pikir edişleri ýaly bolaýanok. Gatnaşyklar gaty çalt bozulýar, ýa-da jüwütler gaty çalt aýrylyşýarlar. Durmuş guranlaryndan soňra aralaryna sowuklyk düşüp, aýrylyşýarlar. Beýle bolmagynyň sebäbi näme?
Beýnimizde "dopamin" atly bir garmon bar. Bu garmon, biziň şat bolmagymyzdan, lezzet almagymyzdan, motiwasiýa we ş.m zatlardan jogapkär.
Meselem aýdaly biziň şäherimizde täze bir muzeý açyldy. Biz şol muzeýe barmak islesek beýnimizde dopamin döreýär. Biz ol muzeý barada hiç zat bilemzok, pikir edýäris "ol muzeý nähilikä?", "içinde nämeler barka?", "adam känmikä?", "içi ulymyka" diýip, we şeýle pikirler bizi dopaminiň täsiri astyna alýar, şat bolýarys. Soň biz ol muzeýe gidýäris, ony dostlarymyza hem aýdyp berýäris. Emma biz bellibir wagtdan, 5-6 günden soň ol muzeýi edil öňkisi ýaly pikir etmeýäris, sebäbi bu adaty ýagdaýa öwrüldi, orginallygy ýitdi, günlük durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi, indi öňki ýaly höwes etmeýäris, dopaminiň täsiri gutarýar. Dopamin çäksiz dowam edýän zat däldir. Sebäbi iň soňunda geljek, şuwagtky zamana öwrülýär.
Bir derňewde, syçanyň beýnine elektrodlar ýerleşdirilýär. Syçana bir kapasanyň içinde nahar berilýär. Syçan nahary görende beýninde dopamin döreýär, soň oňa yzygiderli nahar berlip başlanýar welin, syçandaky dopamin ýitýär. Sebäbi syçan naharyň geljegini bilýär. Emma bellibir wagt aralygynda däl-de, arada bir wagt nahar berip başlanýar welin syçanda ýene dopamin döreýär.
Biz haýsam bolsa täze bir zat etjek bolsak, beýnimizde dopamin döreýär (sebäbi beýin täze zady söýýär), meselem täze bir maşyn, täze bir öý, täze bir gatnaşyk, täze ýer, täze telefon we ş.m. Sebäbi arada garaşylmadyk hadysa bar.
Biz bir gatnaşyga başlan mahalymyz hem, başga garmonlar bilen birlikde, beýnimizde dopamin hem döreýär. Höwesek bolýarys, ol barada pikirler edýäris, tolgunýarys, geljege degişli arzuwlar edýäris. Ony ömrümiziň söýgisi, hakyky söýgimiz yglan edýäris, ony jynsy taýdan hem küýseýäris. We özümizi gaty şadyýan, bulutlaryň üstünde gezip ýören ýaly duýýarys. Soňra onuň bilen durmuş gursak, bellibir wagtdan soň, gatnaşygymyz öňkisi ýaly bolmaýar, bizde öňkisi ýaly höwes bolmaýar. Sebäbi ol öň garaşylmadyk bir hadysa bardy, emma indi günlük durmuşymyzyň bir bölegi, adaty ýagdaýa öwrüldi. Beýnimizdäki dopamin derejesi azaldy. Elbetde ýene biri-birimizi söýüp bileris, emma edil öňkisi ýaly tolgunşyk, höwes, motiwasiýa, keýpihonlyk ýok.
8
102
awadan
13.03.2025 09:50
Myradyna ýetmedik söýgi (hekayañ soñy)
Bu ýagdaý, belki “Maral mugallym meniň ýazgydymdyr” diýen pikiriň döremegine sebäp bolýardy. Bir-iki ýola Maral mugallym bilen çärelere gatnaşmak hem maňa nesip etdi. Şonda men hezil edip ony synlaýardym. Onuň bilen halypa şägirt ýaly bolup söhbet ederdim. Onuň lezzeti başgady. Okuwda gabatlaşamyzda,men hemişe ýöne mugallym däl-de, salam Maral mugallym diýerdim. Ol bolsa ýylgyrypjyk salam diýip geçerdi. Men oňa gözümiň gytagy bilen seretmäge hem utanýardym. Ýöne hakyky duýgy bir gezek, ýa-da ençeme gezek tas özüni ele beripdi. Günleriň birinde, men Maral mugallyma seredip durkam, ol muny aňdy we maňa ilkinji bolup özi deňimde durdy-da salam berdi.
Salam Rahymow. Sapaklaryňa ýetişigiňi mugallymalaryň ählisi öwýär, soňam şeýle dowam et.
Men dogrusy bu sözlere garaşmandym.
-Bolýar mugallym, hökman.
Kellämde aýtmaga hiç hili söz ýokdy. Maral mugallymam hoşlaşyp gitdi. Içimden “wah, maňa seniň ýekeje öwgüňem ýeterlik” diýip yzyndan garap galdym. Men ony hakykatdanam gowy görýärdim. Eger söýgümi aýdyp bilsem, ejem dagyny ugratmaga-da razydym. Ýöne il gün näme diýer, öz mugallymyna aşyk bolupdyr diýseler, onuň abraýyna şek ýetjek bolsa, maňa-da özünden 8-9 ýaş uly gyzy alýarmyş diýseler, bir giden diýseler we ýene-ýeneler meni gaty alada goýýardy. Dördünji kursyň gyşynda Maral mugallym bizi hem okadyp başlady. Men birinji partada oturdym. Her gezek sapak aýdyp, onuň bilen sorag-jogap alyşýardym. Bir gezegem aýdyp duran temamy boldum edip, mugallymyň ýüzüne seredip, doňup galypdyryn. Mugallym maňa ýylgyryp durdy-da sypaýçylyk bilen:“Bolan bolsaň ýeriňe geçäy Nazar” diýdi.
Bu söýgi hiçem aýdyljak däldi. Bu söýgi hemişe päkligine galjak söygülerdendi. Okuwyň soňky ýylynda men azda kände söýgümi duýdurmaga çalyşdym barybir bolmady. Men talypdym, ol hem mugallym. Meniň üçin hem-de Maral mugallym üçin aýylganç wakalaryň biri bolupdy. Maral mugallymyň kakasy ýogalypdy. Bu ýagdaý, meniň elimde bolan soňkuja pursadymy hem ýok edipdi. Okuwyň soňky ýyly hem okuwy gutarýanlygyma gynanyp, hem söýgümiň içimde galjagyna ahmyr çekip, gözüp nemlenip durdy. Ýasly wagty maňa Maral mugallymy görmek gaty agyr degdi. Gyz halyna başynda gara ýaglyk. Sen gyzyl kürtä ýetmelilerdendiň ahyryn. Okuwy üstünlikli tamamlap harby gulluga gitdim. 19 ýaşymda meni öýerjek maşgalam, meni entegem öýerip bilmändi. Harby gullugymam tamamlap, sag-aman öýe geldim. Işe girdim. Işe täze başlanlygym üçin meni bir saý mesele bilen, şol öz okap giden ýokary okuw mekdebime ugratdylar. Barsam Maraly, Maral mugallymy görerin diýen pikir heniz kellämde ýokdy. Okuwyň golaýyndaky duralgada ulagymy goýdum. Okuwyň howlusyna girdim. Hiç bir zat üýtgemändir ähli zat şo durşy. Derwezäniň agzyndaky gözegçi daýy meni görenden tanady:-O-how Nazarjan senmi? Gullugyňam sowduňmy sag-aman? Gowumy ýagdaýlaň?
-Salawmaleýkim Aşyr aga. Işläp ýörsünizmi? Howa, men Nazar, iş boýunça iberildik.
-Tüweleme bolubilýär. Şeýdip gelip duruň.
– Bolýar Aşyr aga, men işlerimi bitireýin, gaýdyşyn ýene gelerin.
Zerur işimi bitirip aýagym öňküje okap giden okuw binamyza tarap ýöredi. Ol ýerde kursdaş oglanlarymyzyň biri mugallym bolup, işe galypdy. Şonuň ýanyna barýardym. Ine-de, birden ýazgydyň oýuny, ykbal maňa ýene Maral mugallymy görkezdi. Entegem durmuşa çykmandyr. Entegem şol öňki Maral mugallym. Wagt entegem ony gorapdyr.
-Salam Maral mugallym. Gowumy ýagdaýlaryňyz?
“-Salam. Nazar Rahymow bu senmi? Tüweleme bu ýerleri, mugallymalary ýatdan çykarmansyň” diýip degişdi.
Içimden “wah asla ýatdan çykmasa näme” diýdim.
-Ýokla mugallym, harby gullugy sowup, täzelikde işe girdim. Iş boýunça şu ýere ugradyldym.
-Hä tüweleme bolupdyr. Çöreklisi bolsun işiňem.
Biz Maral mugallym bilen öňden bäri birek-birege aýdylman galan sözümiz bar ýaly, seredişip durdyk. Men ýürek duýgymy aýtmaga şundan amatly pursat tapmajagymy bildim. Ýöne şol wagtam arkamyzdan bize tarap gelýän kursdaşym Eziz, “Nazarhan” diýip gülüp goýberdi. Muňa menem Maral mugallymam güldi.
8
93
awadan
12.03.2025 14:14
Myradyna ýetmedik söýgi(hekaya)3-nji bölüm
Ýuwaş-ýuwaş okuwam tamamlanyp barýardy.Tomusky dynç alşa az wagt galypdy. Näme üçindir, men dynç alşa howlugmaýardym, welaýatdan okuwa giren kursdaşlarym bolsa tersine şeýlebir howlugýardylar. Olaryň her biri öz ýaşaýan ýerleriniň taryply ýatlamalary bilen okuwynyň ilkinji ýylyny geçiripdiler. Bu soň hem şeýle bolar. Dynç alyş wagtymyzam gelip ýetdi. Biz mugallymlarymyz, kursdaşlarymyz bilen hoşlaşyp durduk. Birden ýüregim gysyp, okuw binamyza onuň aýnasyna seretdim. Aýnada Maral mugallymyň şekili göründi. Entegem anyk bilemok ýa hakykatdanam gördüm ýa-da gözüme görünüpdi. Şeýdip, çaltlyk bilen geçip giden talyplyk ýyllarymyň ilkinji ýyly geçip gitdi.
Men indiki täze okuw ýylyna, has ynamly hem gujurly geldim. Bu ýerdäki ähli binalar, baglar, güller, adamlar hat-da çyralaram maňa tanyşdy. Indi bu ýeri meniň öýümden känbir tapawut etmeýärdi. Täze dersler girizilensoň, bizi täze duýgular gurşap alýardy. Biz dürli otaglarda okaýardyk. Sapakda mugallym maňa bir kitap berdi-de, Maral mugallyma eltip bermegimi haýyş etdi. Kitaby alyp kafedranyň gapysyny gyssanman girdim. Sag tarapdan dördünji iş stolynyň başynda Maral mugallym otyrdy. Aljyraňňy ýagdaýa düşüp, ilkinji gezek gyryk ses bilen salam berdim:
-Salam mugallym
-Salam
-Şu kitaby size Bägül mugallym iberdi.
Kitaby stoluň üstünde goýjak bolup durkam, Maral mugallym elini uzatdy, kitaby ýene eline berjek bolamda, eli elime degdi. Bu hadysa mugallym üçin adaty ýaly bolsada, her gezek Maral mugallymy görende ýürek urşy üýtgeýän oglan üçin üýtgeşikdi. Ýüzüm gyzardy.
-Hä bolýar sagbol. Gutardygym ibererin diýäý.
-Bolýar. Sagboluň mugallym.
Kafedradan daşyna çykyp zordan dem aldym. Ýüregim şeýlebir çalt urmaga başlady, sapak gutaran badyna oglanlaryň birine suw getirmegi haýyş etdim.Suw içip azda kände ýeňledim.
Azat ýanyma gelip:
-Nazar ýagdaýyň gowumy, ýüzüň reňki dagy ak tam ýaly, näme boldy? Bolmasa rugsat alda gaýdaý.
-Ýok sagbol. Indi ýagşy. Gowy irdenlik edinmän gaýdanym üçindir.
Bu bahanam oglanlary aldasa-da, özümi aldamady. Aşyk bolmagy islemesemem, söýgä kän bir ynanmaýan oglan bolsamam G.Ezizowyň bir goşgusy ýadyma düşdi.
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän
Soňky günler maňa bir zada bolýar
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar.
Şol gün men özüme näme bolýanyna düşünmedim. Mende hiç bir agyry ýa keselem ýokdy ahyryn. Bolsa-da, bir-iki günden soň bu ýagdaý aýryldy. Talyplyk döwrümiň ikinji ýylynda men Maral mugallymy köp gördüm. Gün-günden ony görmek isleýärdim. Irden okuwa näçede gelýändigini, sagat näçede, haýsy kurslara sapagynyň bardygyny, näçede gaýtýandygyny men onuň ähli ýol düzgünini bildim. Şol wagtlara gabatlap ýörite onuň öňünden çykýardym. Her gezegem salam berip, onuň “salam” diýenindäki sesini eşidip, maýyl bolup geçýärdim. Onuň derek ýaly boýy, kömür ýaly saçy, gar ýaly ýüzi, içinde balyk ýüzübermeli diýlip wasp edilen umman ýaly gözi, salyhatly geýnişi, ýöreýşi, duruşy,oturyşy, gepleýşi, seredişi hemme zady meni özüne çekýärdi. Käteler özüme aşyk dagy bolaýdymmykam, ýeri mugallymy gowy görmäňde, başga söýmäge,köýmäge gyz tapmadyňmy diýsene diýip oýa batardym. Wah, il-gün muny aňaýsa men ýere girerin. Menden beterem Maral mugallyma talyby aşyk bolupdyr diýseler, eşidäýse näme, ol nähili ýagdaýa düşer. Men bu söýgümi hiç wagt, hiç kime aýtman. “Oglan kalbymda dörän söýgi bolmaly, wagt gerek geçer” diýýärdim. Geçmedi. Okuwyň dördünji ýylynyň ahyrydy. Öýdäkiler entegem meni öýermegiň hyýalyndadylar.Ýöne men başga gyza öýlenmekçi däldim. Içimdäkini bolsa hiç kime aýdyp bilmeýärdim, aýtmaly däldim. Iki ýyllap bir mahalky syrymy entegem, hiç kimiň ýanynda çözlemedim. Men 21 ýaşadym, Maral mugallym bolsa 29 ýaşynda. Onuň hyrydary kändi. Ýöne oňa mynasyby azdy. Ol hakykatdanam, özüne mynasybyny gözleýärdi. Men onuň bilen ylalaşýaryn.
Dowamy bar ☘️
8
80
awadan
12.03.2025 09:28
Myradyna ýetmedik söýgi(hekaya)2-nji bölüm
Şol sebäpli meni okuwyň içindäki köp mugallymlar, özümden uly talyplar tanaýardy. Olar bilen edil dogan ýaly bolupdyk. Günleriň birinde, kitaphanadan çykyp, üçünji gata galyp barýarkam, şol uly kurs dost oglanlarymyň biri, “Nazar” diýip meni çagyrdy. Yzyma seretsem, Arslan maňa toýuny aýdyp, elime toý çakylygyny tutdurdy. Men hökman barjakdygymy aýdyp hoşlaşdym. Öz okuw otagymyza baryp, men emaý bilen toý çakylygy açdym,bu çakylyk ömrümde maňa berlen ilkinji çakylykdy. Içinde uly bezelen hatlar bilen, “Arslan we Gözel” diýlip ýazylypdyr, aşagynda bolsa, toýuň geçiriljek ýeri. Men bu toýa hökman gidäýmelidim. Şol wagtam Oraz çaltlyk bilen elimden çakylygy kakyp alyp, ilki meň maňlaýyma, soňam öz maňlaýyna degrip:
-Dostjan bize-de nesip etsin, şeýdip toý tutup, çakylyk paýlamak.
Oraz, senem oňarýaň-aý, bize entek öýlenerden ir ahyry, entek biz ýaňy bir birinji kursa.
– Nazarhan, biz diläp bir galaly, galanam nesibe görübermeli bolarda. Menä öýlenjek welin, arman halaşýan gyzym entek ir göräýýärdä.
– Oňarypdyrda. Onsaňam, bu wagt öňki döwürdäki ýaly söýgi galdymy?
-Baý bow, söýgä düşünýänem gepledi. Söýseňem, söýmeseňem, esasy biri-birege wepalylyk hem ynam gerekmika diýýän dost. Kän kitaphon bolmasamam, kitaplaryň birinde “Söýgi- bu edil ölüm ýaly, ýaş saýlamaýar hem-de ölüm ýaly, duýdansyz gelýändir” diýip okapdym.
Şahyrlar ýaly geplediň. Ine munuň başga gep.
Men güldim. Orazam meň gülşüme güldi.Şeýdip, bile tirkeşip öýe gaýtdyk. Arslanyň toý günem ýetip geldi. Men toýa ýeke barmaga çekinip, ýanym bilen dost oglanym Azadam alyp bardym. Toý mekanynyň bosagasyndan ätläp içeri girdik. Dürli reňkdäki çyralar gözüňi gamaşdyrýardy. Toýuň şowhuny ýeterlikdi. Azat ikimiz tanyş oglanlaryň stoluna geçip oturdyk. Ýaşlaram geldi. Toý hasam gyzykdy. Adamlara syn edip oturşyma bu toýa okuwymyzyň mugallymlarynyň hem gelendigini gördim. Alypbaryjy Arslanyň kursdaşlaryny, mugallymlary toýy gutlamak üçin meýdança çagyrdy. Mugallymlar ýeke-ýekeden süýji sözler bilen toýy gutlaýardylar. Ýöne şol gutlagda sesi şeýlebir gulaga ýakymly zenan maşgala gürledi, men ýaşlara seredip durdum. Ses bolsa özüne çekip barýardy. Sesiň gelýän tarabyna seretsem owadan geýnüwli , uzyn boýly, ak ýüzli,salyhatly görünýän bir gyz toýy gutlap dur. Ol gyz toýy gutlanyndan soň hem, men oňa erksiz halda seredip galypdyryn. Içimden” sesi ýag ýaly, özem owadanja eken” diýip galdym. Ýöne içimden dälde. pyşyrdap aýdypdyryn.Ony hem Azat eşidipdir.
Kimiň sesi ýag ýaljak?
– Hol ýerde,ýaňy bir gyz toýy gutlady, sesi şeýlebir ýumşak, mylaýym eken. Hana ol gyz, gaýdyp barýar eýýäm. Arslanyň kursdaşlaryndan öýtýän.
Azat ýerinden turup gyza seretdi:
– Seň ol diýýäniň talyp däl-de, mugallym. Maral mugallym,ol çykmadyk gyz, uly kurslary okatýar. Nesip bolsa, bizem geljek ýyllarda okadar.
– Maral mugallym, şeýdiýsene, a näme üçin men ony häzire çenli görmedim?
-Aý Nazar men näbileýin. Hana indi gördüňä‼
– Howa indi gördüm.
Şeýdip biz toýam sowup, Azat bilen öýe gaýtdyk. Ertesi irden zordan okuwa gitdim. Toýuň ýadawlygy duýulýardy. Men arakesmede oýaly- ukuly ýöräp barýarkam, öňümden ilkinji gezek toýda gören Maral mugallymym çykdy. Men şol bada ukudan açyldym. Men oňa salamam berip ýetişmedim. Elinde birgiden depder, kitaplary bilen özişi gümra halda ýene gözümden ýitip gitdi. Näme üçin, men şu çaka çenli şeýle ajap adamy görmedimkäm? Ýa üns bermedimmikäm? Maral mugallym hakynda gyzyklanyp, ol barada tanyş oglanlardan soradym. Görüp otursam, ol biziň ýokary okuwymyzyň talyby eken. Zehinli bolansoň, ony mugallym edip alyp galypdyrlar. Ol 27 ýaşlaryna golaýlan eken. Bu maglumatlardan soň, men şeýle gyzyň nädip maşgala tutunman galandygyna geň galdym.
Dowamy bar ☘️
8
62
awadan
11.03.2025 13:32
Myradyna ýetmedik söýgi(Hekay) 1-nji bölüm
Bu gün, meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri. Ahyry, maňa-da ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak nesip edipdi. Ähli tanyş-bilişlerime, dost-ýarlaryma bu habary telefon üsti bilen buşlap ýetirdim. Şeýdip, güýz paslynyň ilkinji güni bolan sentýabr aýynyň 1-i hem ýetip geldi. Men öz okuw lybasymy geýip,elime torbamy alyp,okuwa tarap ilkinji ädimim bilen ýola düşdüm. Näme üçindir,bu gün howa arassa, hem şeylebir tolgundyryjydy. Mawy asmanda ýekeje buludam ýokdy. Asman giňişligine bakyp duran goňur gözlerim, birden, mawy reňke boýalaýjak ýaly bolup görünýärdi. Ine-de, ulagdan düşüp okuwa geldim. Öňümde üç gatdan ybarat bolan ,giň howluly ymarat, meni garşy almaga taýýardy. Men entek wagtymyň barlygyna göz ýetirip, öz maýdalyma bu gündäki bu wakanyň soň, asla gaýtalanmajakdygyny bilip, ilkinji gezek okuwyň ýaşyl derwezesinden ätledim. Derwezäniň ýanynda gözegçi bolup oturan ýaşuly bilen salamlaşyp, ýolumy dowam etdim. Häzirki görünýän görnüş meniň üçin diýseň täze, üýtgeşik, şol bir sanda örän ýakymlydy. Okuwyň howlusynyň içinde gyzyl köýnekli, iki örüm saçly gyzlar, ak köýnek, gara jalbarly oglanlar,öz sapak geçjek binalaryna tarap barýardylar. Olaryň her biri öz işleri bilen gümrady. Biz bu ýerde birnäçe ýyl okasak-da, bu okuw jaýy her bir gapysyny kakan adama mynasyp dost, kär, ýar tapmaga uly mümkinçilik berýärdi. Men bu ajap görnüşi hiç wagt ýatdan çykaryp bilmen. Şeýle oýlanmalara gark bolup, daş-töweregime syn edip ýörşüme, men öz okajak binamyza golaýlandygymy hem duýman galdym. Jaň kakylyp, ähli talyplar okuw otagyna girdiler. Okuwyň ilkinji hepdesidigine garamazdan,men eýýäm bir-iki sany oglanlar bilen dostlaşyp ýetişdim. Olar örän şahandaz, göwnüaçyk oglanlardy. Şonuň üçin olar maňa degişip ”Nazar han” diýip ýüzlenerdiler. Şenbe güni okuwdan soň öýe gelsem, atamyň bize gezmäge gelendigini gördüm. Atam bilen salamlaşyp, üsti-başymy çalşyryp men, ýene atamyň ýanyna geldim. Atam biziň ýaşaýan ýerimizde “Nurmuhammet aga” diýlip sylanýan ýaşulularyň biridi. Okuwa girenimden soň, men atamyň üýtgeşik bir mesele boýunça bize gelendigini aňdym. Atam bu gezek gepi aýlap durmady-da, gönüledi:
Nazarjan, ine, sag-aman, nesip edenden okuwada girdiň. Hä diýmän, eliňe käriňi alyp, bir wezipäniň başyna geçersiň. Ýöne, şondan öň özüňe mynasyp ömür ýoldaşyňam saýlamagyňy isleýäs, oglum.
Kakam atamyň körpe ogly, men bolsa kakamyň körpe ogly. Menden uly gyz hem bir oglan doganym bar. Olaryň ikisi hem eýýäm öýli-işikli bolup, gujaklary perzentlidi. Atam ähli agtyklarynyň toýuny göresi gelýärdi, şonuň üçin ol menem gyssaýardy. Ýöne, entek men öýlenmek islemeýärdim. Uly geplemeklik ýaly bolsa-da, içimden öz-özüme “Enem-atam ýanymda, jaýym taýýar, iýjegim-içjegim bar, okuwa-da girsem başga zat gerek däl” diýýärdim. Edil şu wagt hem şu pikirde. Atamyň göwnüne degmezlik üçin nähilidir bir bahana tapmalydy. Olam okuw bahanasy boldy.
Ata, entek gowusy gyssanmaly-la, men ýaňy okuwa girdim, arkaýyn okaýyn, tejribe gazanaýyn, heniz 20 ýaşymam dolanok ahyry. Belki okuwda göwnüme laýyk gyz tapylar.
Näme üçindir bilemok, ýöne, atam öz diýenini tutup durmady. Meniň bilen razylaşdy. Megerem, okaýan ýerimde mynasyp gyza duşaryn diýenim üçindir. Her näme bolsa-da, men atam ikimiziň arasyndaky bu gürrüňiň entek gutarmadygyny, tä öýlenýänçämem gutarmajagyny, magat bilýärin. Aýlar, pasyla garaman geçip durdy. Eýýäm noýabr aýynyň ortalarydy. Gyş sowuk geljegini aňdyrýardy. Sapaklaryma oňat bahalar bilen ýetişýärdim. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, sylagdyr-medallary, baýrakly orunlary eýeleýärdim.
Dowamy bar ☘️
11
139
awadan
11.03.2025 09:19
Gayn ene günakarmi ya ykbal?
Meniň nebir Jumagözel adym hem ýatdan çykara geldi. Gelin bolyp şu öýe gelen günüm Junagözel adyma Jenýa öwrüldi. Maňa uly kiçisi Jenýa ýa Jenýa gelneje diýýadiler. Serdarada men Serdar diýaýmesem bary Serik diýýadiler....!?
Ynha obadan gelin bolyp şähere düşüp ors tipçe düzgüne hem öwrenişip gitdim, öwrenmän gitjek ýeriň niri diýsene, gaýnym görgüli Jenýam, Jenýam diýip kökenegä meniň üstümde
Aý gün geçip durdy. Bir gün nahar iýip başladym welin birden ýüregim bulanyp gaýtaryp başladym. Indi nahar görsem ýüregim bulanýa iýmegä beýlede dursun
Gaýnym ertesi işden ruhsat alyp meni anyklaýyş we maslahat beriş bölüme barlaga äkitdi
Barlaglaryň netijesi belli bolýança iki gezek gaýtaryp geldim Barlagyň netijesi belli boldy. Men göwreli ekenim 12-13hepde
Lukmanlar derrew hasaba aldylar
Gaýnym yolda öýe gaýdyşyn magazina meni salyp çaga eşik, özüme taýýar öýde geýer ýaly köýnek alyp berdi. Men diňe näme diýse bor diýip yzyna düşüp ýörün, ogul boljakmy gyz boljakmy o barada pikirem edenokdy, kiçi wagty ogla gyza geýdirseňem bolýan eşikler diýip alyp berdi. Ýygnada goý, hä diýmän geýdirersiň, diyip
Menem bor diýip ýygnap goýdym
Meniň aş saýym örän agyr geçdi
Bir gün gaýnym saňa ýagly et bolanok diýip bir eti gyzylja gowuryp, üstüne ukrop petruşga, reýhan sepip maňa iýdirdi.
Men bu et nämäň eti bir hili balygyň tagamyny berýar, ýöne bu balyga däl
-iýiber Jenýam senem kuwwatlanmala, ýöne gaýtaryp ýörsüňa
-bor iýdimä,, diýip bir tarelka gowyrlan eti iýdim
Bar zada ynam derek diýilşi ýaly, soň ýuwaş yuwaşdan ýagdaýym gowlanyp gitdi
Aý gün geçip durdy
Garaşylýan pursat geldi.
Meniň gyzym boldy. Biz begenip oňa garry enelerni ýatlap Enejan goýdyk. Enejan goýsakda onyň ady derrew Eni boldy.
Barsy Eni diýip tutýardy
Bar zat 7 günlük çagany suwa düşüremizde başlady.
Gaýnym iki aýagyny legene salyp gyzymy suwa saldyk welin 7 günlük çaga suwda çyrpynýar, göýä meni suwa goýber diýýan ýaly. Gaýnym bilen ikimiz haýran galdyk, ýöne üns hem bermedik
Şo günden soň gyzymy suwa salsam suwda ol şeýle bir begenýär suwa düşmäni halaýar. Bizem günaşa suwa düşürýadik
Bir gün gaýnym iki aýlyk gyzymy eline alyp oýnadyp otyrka hany kellejigini tutmany öwrensin diýip garnynda ýatyrdy welin iki aýlyk çaga öýiň içinde garnyny ýere degdigi bes sünip gidip barýar. Gaýnym göz degaýmesin diýip oňa dakyp bilen gözmonjygyn hem dakyşdyryp çykdy. Ondada kän üns beremedik
Çaga 6 aýlyk boldy. Ony arkan ýatyrsam aglaýar ýüzün ýatyrsam bolsa öýiň içinde emedeklemän diňe ýylan ýaly sünüp ýör, ondada uns bermedik
Aradan bir ýyl geçdi. Enejanjan bir ýaşady .
Doglan günunde üsti başyny görer ýaly etmedi diýip men ony uly legene suw salyp içinde otyrtdym welin ol suwyň içinde çyrpynyp ýüzýar. Gaýnymy çagyrdym. Oda muny geň görüp birden hem ihhhhhhh edip içini çekdi
-näme boldy enesi, diýip ýüzlendim
-Jenýam gorkma sen meni bagyşla men ozal hem guman etdim, bu ýöne möne çaga däl, haçanda saňa aş saýyň aşa agyr bolanda maňa, gelniňe ýylan etini gowrüp ber, emi ýomy şo bolar we gelniň hem sagdyn bolar diýdiler. Menem soň ýylan tutýançy tapyp ony soýdyryp arassaladyp saňa gowrup berdim
Indäm muňa seret diýip Enejany eline alyp arkan ýatyrýa welin aglaýar, a ýüzün ýatyrýa welin öýiň içinde sünüp, süşenekläp ýör
Men näme diýjegim bilmedim
Ertesi lukmana barlatdyk. Hiç hili kesel ýok gaýtam sagdyn gowy ösüş kemi yok diýip goýberdi.
Bolman gyzym kesel däldi, ol bir gezek hem kesellemedi, onyň bir kem ýeri ýüzün ýatyraňda we suw görende şoňa bolan höwesi güýçlidi
Bu syry diňe gaýnym bilen men bilýädim...
Aý gün geçip durdy. Şu wagt gyzym 5 ýaşynda. Ony gaýnym suwda ýüzmäge höwesek sportyň suwda ýüzmek görnüşine gatnatdy.
Ol 5 ýaşynda bolsada eýýam iki gezek öz ýaşy boýunça geçirlen suwda ýüzmek boýunça ýaryşda birinjiligi alyp geldi
Gyzym ykbaly nä bolar bilmedim, ýöne ol suwda ýüzmek boýunça geçirilýän ýaryşlaryň birinjiligini welin hiç kime bermejegini, gaýnym bilen men bilýän......!?
~~~soňy~~
13
160
awadan
10.03.2025 21:10
Gayn ene günakarmi ya ykbal?
Talyplar
Gaýyn enem günäkärmi ýada ykbal...!? (Hekaýa)
Her bir gyzyň durmyşa çykyp bagtly ýaşamak arzuwy bar , baran ýerinde ol öýiň ody bilen girip, küli bilen çykmak bir bada çyda agyr degýär.
Öwrenişmek kyn.
Özüm oba gyzy bolamsoň, mekdebi tamamlap şäherdaki litseýiň bugalteriýa bölüminde okuwym dowam etdim.
Şo taýda hem men Serdar diýen yigit bilen tanyşdym. Serdar şäherli ýigitdi.
Men Serdar bilen 1,5 ýyl okap diplomym alyp, menä oba gaýtdym, oda okuwyny dowam etdirmek üçin daşary ýurda gitdi
Men obada arçynlyga tanyş üsti bilen katip bolyp işe girdim.
Işlerim gaty agyr däldi, derrew öwrenişdim we kollektiwim hem obada öň hem tanyş adamlar bolansoň, kollektiwa garylyp gitdim
Men Serdar bilen internetiň üsti bilen hat alşyp, günde günaşa jaňlaşyp durýadym
5 ýyl hem öz aýralygy bilen geçip gitdi.
Serdar bu ýyllarda bir gezejik yurda, bir aý gelip gitdi, galan wagtlary o taýda okuwyndan daşary işleýardi
Serdar okuwyny dynyp diplomyn tassykladyp şäherde bir ederada işe goýyldy
Soň biz Serdar bilen maslahatlaşyp toý tutmaly diýen netija geldik
Iki gapdal goldawy bilen toýymyzy kän uzaklaşdyrman tutdyk
Türkmen däp dessurlary bary edilmeli, düzgün tertipde edildi
Men indi täze gelin, men haladym geçip toý köýneklermi tikinip ýörkäm Serdar maňa şeý diýipdi
-Jumagözel meniň ejem ors tipli zenandyr. Kän köýnekleriň ýeňini uzyn etmegin, birem modaça tikingin,, diýdi
-Serdar täze gelin bolyp ýeňi kelte geýmäge menä utanýan
-bilmedimdä ejem soň beýlä geýdirmez, galanynam öziň bil
-bolýa,,, diýip, geýýän özüm diýip bar köýnegim ýakaly, ýeňi uzyn edip tikindim
Toýdan soň bir iki gün geçdi welin gaýnym ýaşmagymy açdyrdy, men açmajak bolsam ýeke gelnim bar dymma dymma oýnajak däl diýip açdyrdy.
Men welin gymmat gymmat öýme ýaglyk alynypdym höwes etýadim uz ýaşynyp gelinsiremäni, oda boljak däl öýtýan, ýaşmagym açmaly bolsam
Gaýyn atam bolsa mydama diýen ýaly işdedi. Ol welaýat häkimlikde işlänsoň öýde bolýan wagtyndan işde bolýan wagty kändi
Gyrpa däldiler. Üç gelnejem bolansoň meniň terbiýäm başgaçady. Meniň gelnejelerime ejem dagy ýaşmagyny açdyrmady. Menem şeýle terbiýede ulanamsoň menem ýaşynmaly diyip pikir etýärdim, emma gelin bolyp gelen ýerim beýle däldi, bular ýarym orsynça düzgüne garylyp gidipdir.
Menem gelen ýerim bilen bolmalydym
Gaýyn enem uly kitaphanada kassir bolyp işleýardi.
Ol meni hem bir aý bolmaňka perewod etdirip öz ýanyna bugalteriýa hasapçyň kömekçisi edip işe geçirdi
Indi günde ikimiz bile işe gitýädik. Işden gelip hem bile nahar etýäs bile iýýas
Bular stol stulda otyryp kuhniýada nahar iýýaler, bu düzgin ilki bada maňa agyr degdi, men nirede gören zadym, öýde klenka ýazyp üşüp nahar iýýadik, özäm bir nahar, a bularda bolsa iki nahar iýmeli, umuman bişirýan naharlarmyz hem ors naharlarydy, uýgunlaşmaly bolýadym.
Men bolsa çorba nan dograp sogan bilen tutyp iýesim gelýadi, a bularda bolsa tarelka nahar guýmaly aýra aýra tarelkada naharlanmaly.
Serdar bilen hiçem bir okaradan nahar iýip gormedim. Bizde bolsa kakam gelnejem bilen doganym aýra okaradan nahar iýdirmezdi. Her ýeriň bir düzgüni bar eken
Menem ýuwaş ýuwaş uýgunlaşdym
Gaýnym maňa günde bir täze köýnek hökman alyp berýadi. Ol işden çykyp türk magazina girip taýýar köýnekden alyp gaýtýa, özüne-de maňada meňzeş edip.
Soňra erte işe şony geý diýip gaýnym bilen meňzeş köýnek geýip gitmelidim. Men bolsa toyymda tikinen köýneklerim geýesim gelýadi. Olary geýmage mende mümkinçilik hiçem goýanokdy. Bezenmäni we bezemani gowy görýärdi. Meni gelindir öýdenokdy öz gyzy ýaly görýärdi.
Dowamy bar ☘️
11
304
awadan
09.03.2025 17:54
Ynsap (Hekaýa)6-nji bölüm
— Indi diňe ýatlamalarym bar.
— Hawa, ýöne geografiýa, meselem, geografiki kartalar näme?
Kartalar manysyz, biderek zatlar. Gury — ýerler, bogazlar, dag gerişleri, düzlükler — bularyň bary onuň ýatlamalary. Onuň öz gaýalary, öz deňizleri bar. Öz kölleri, öz depeleri bar. Kiçijik adalaram, tutuş älemem onuň eliniň astynda. Ol islese şäheriň içine-de, bütin Ýer şaryna-da, hatda galaktika-da aýlanyp bilýär. Ol her gün irden oýanyp, öz planetalaryny täzeden döredýär. Öz ýyldyzlarynam döredýär, bary-ýogy elini uzadaýmaly. Şu gün şol ýyldyzjyklaryň biri paltunyň ýakasyna gonupdyr. Planetalary bolsa ol zenanlara öwrüp bilýär.
— Ýeri boldy. Onuň yzyndan ýetmeli ahyry. Häziriň özünde ony tapsana, körpe.
Serž dükana tarap eňdi, eglenmänem yzyna gaýdyp geldi. Serž aýdylmaly zatlaryň baryny birin-birin aýtdy, emma ol eşitmedik boldy. Belki-de, hakykatdanam, eşiden däldir? Hanym kassir bilen gürleşip durdy ahyry.
— Mesýö, ol indi köp eglenmän çykarmyka diýýän.
— Eýýämmi? Onuň näme satyn alandygyny gördüňmi?
— Lyžaly typmak üçin geýilýän ýörite eginbaş alypdyr.
— Anyk gördüňmi?
— Elbetde. Hanha-da ol.
— Gyssan.
Ol çatrykdan öwrüldi.
— Siziň şol tanaýan diýýän hanymyňyz lyžaly typmagy gowy görýärdimi?
— Gowy görýärdi.
— Aý, indi ikiň biri lyžaly typýar.
Ol mesýöni gynandyrasy gelmese-de, ýuwaşlyk bilen:
— Birden bulam şo hanym däl bolsa näme?! — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Zenan ýene bir jaýa girdi. Otuzynjy jaý. Ol şu ýerde ýaşaýarmyka?! Ahmal şeýledir. Olar diň saldylar. Aýak sesi basgançak bilen ýokarlygyna barýar, ýokardan açarlaryň şakyrdysy eşidilýär, birdenem dym-dyrslyk bolýar.
Bäşinji gatda — diýip, oglanjyk gygyrdy.
— Sag bol, Serž, görüşýänçäk hoş. Men ýokarky gata çykaýyn.
— Ýeke özüňizmi?
— Hawa, indi kyn däl ahyry.
— Diýmek, siz şol hanymdygyna ynanýaňyz-da…
— Men hemişe ynanýaryn, ynanç — meniň gözüm, görşüm. Hoş gal, oglum, men gatlary sanaryn, alada etme — diýip, germewden ýapyşyp, ýokary çykyp başlady: ikinji gat. Ol şu ýerde ýaşaýarmyka?! Näme üçin ýaşamaly dälmişin?! Şäher etekden şu ýere göçendir-dä. Ol asylam şo ýerde galasy gelenokdy ahyry. Üçünji gat. Kakasynyň ýagdaýy nähilikä?! Dükandakak oglanjyk bir sorag berjek bolupdy-da. Emma edil şol pursadam ýitigimiz peýda bolupdy, Serž hiç zada ýetişmän galypdy. Aý, bor-la, munuň känbir ähmiýetem ýok-la. Soragyň nähiliräk terzdedigini ol şeýle-de güman edýärdi. Indi on ýyldyr ol şo soraga jogap berýär, hatda her gezek gabaklaryna elini degirmek indi halys endigine-de öwrüldi. Hawa-a, on ýyl. Serž: «Oňa-da on ýylmy?» diýip, soramagam ahmaldy. Dördünji gat. Hawa, oňa-da on ýyl: ajaýyp aw bolupdy, tokaý tutuşlygyna bir hazyna. O ýeri «hemmetaraplaýyn öwüsýän ýel» diýip atlandyrýardylar. O ýer durşuna arçalykdy, köpdi, gaty köpdi. Tüpeňiň sesi gyrymsy agaçlaryň arasyndan çykypdy. Onuň gözlerinde Gün edil aýna bölegi ýaly çym-pytrak bolupdy. Özi bolsa onuň gyýçaklarynyň üstüne ýykylypdy. Bäşinji gat. Baýramçylyk gijesi bolsa şo-ol dowam edip dur, dowam edip dur. Ireniň kakasy «Sizden gowy mugallym çykar» diýipdi. Şol döwürde olar bir liseýde işleýärdiler. Ol ýaňy işe başlan ýaş mugallym, Ireniň kakasy bolsa gimnastikadan ders berýärdi. Ol ýaş mugallyma ilkibaşdan gowy garaýyşly bolan ýeke-täk adamdy öýdýän. Ol näme öwredip biler?! Heý-de, ylymda el bilen görüp bolýa diýen düşünje barmy?! Ol eliniň aşagynda süýri zady duýdy. Bu nämekä? Boşluk barlyga öwrüldi. Ol biraz aýak çekdi: birden bärde birnäçe gapy bar bolsa näme? Ol:
Dowamy soñ aşakda👇
6
57
awadan
09.03.2025 08:56
Ynsap (Hekaýa) 5-nji bölüm
Oglanjyk sesini çykarmady. Bu gezek ol, hatda dem almaga-da ýürek edip bilmedi. Hemmesi düşnükli. Jogabyň äheňi onuň dilini tutduran bolarly.
— Men özümi gaty gelşiksiz alyp barýan ahyry. Päheý, özüm teklip edip, özümem ýüz dönderýän. Serž!
— Hawa, mesýö?
— Sen gowuja oglan, men saňa gödegräk daraşdym. Öýke-kine etmäweri. Gulak as, saňa bir zatjyk sowgat edesim gelýär. Ak ýürekden. Kiçeňrägem bolsa, nähili sowgatlygynyň ähmiýeti ýok. Saýla. Göwnüňe näme ýarasa saýla, ýöne şol aýdýanyňy bir saýlama. Awy ýatladýan zat gerek däl. Aw ýaragy. Tüpeň, ok. Tüpeň, atyşyk. Atyşyk, gije. Nämeler sarnap durun-a? Baryny ýatdan çykaraly. Hany, derrewjik saýla!
Oglanjyk ahyry reňkli suratly «Beýik işler» atly ullakan kitaby saýlady.
— Daşynda bendiň suraty bar — diýip ýylgyrdy. — Gowuja zat — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Soňam, hamala, söhbetdeşligi soňlamak isleýän ýaly, sesini çykarman durdy. Soraglara-da, diňe ümlük bilen jogap berdi. Ol bir zada utandy. Sowgat bilen-ä baglanyşygy ýok öýdýän.
— Serž!
— Mesýö, hanym şol ýerdedi — diýip, oglanjyk boýnuna aldy.
Ol hanymyň alkymyna-da bardy, ýöne biragyz gürlemäge ýürek edip bilmedi… Lakam sebäpli. Ol, hakykatdanam, het edip bilmedi.
— Siziň gaharyňyz geldimi? — diýip, oglanjyk müýnli sorady.
— Geçeni geçdi bil, ýatlap oturasy iş ýok. Gowusy, gözlegi dowam edeli.
— Nirede?
— Her ýerde, hut şu ýerde. Ýok, daşarda.
Olaryňky oňuna boldy.
— Ol edil öňýanymyz çykan ýaly-la — diýip, oglanjyk şatlandy. — Ýöne ol eýýäm esli ýere ýetipdir, bäh, gaty çalt ýöreýän eken-aý. Ä-hä!
— Saklandy gerek?
— Haýaljakdan ýöräp, tekjelere göz aýlaýar.
Serž onuň yzyndan derrewem ýetip biler, ýöne oňa näme diýsin?! Ol gaty çekinýärdi. Lerua neneň? Oňa hakyky ady has ýaraýardy. Žan Lerua neneň, doly at hem erbet eşidilenok ahyry. Näme, näme? Ýok-la, gowusy, Žan bolaýsyn? Aý, onuň känbir ähmiýetem ýok-la. Ol arkaýyn Žan Lerua hem diýip biler…
— Gidýän, mesýö, gidýän, gidýän… Bu näme boldugy?! Wah, näletsiňmiş! Ol ýene bir ýere-hä girdi. — Olar şol ýere golaýladylar. — Ikinji gatda, aýal eşikleri satylýan bölümde — diýip, Serž niredeligini düşündirjek bolup jan etdi. Onuň göwnüne bolmasa, penjiräniň aňyrsynda duran şol hanym ýaly-la.
— Ýeri, bolýar, biz oňa garaşaýarys.
— Nirede?
— Şu töwereklerde bir kafe bolmaly. Şol ýerden dükanyň girelgesi gowy görünýärdi, düşünýäňmi?
— Hakykatdanam, hanha kafe bar.
Olar ornaşdylar, emma oglanjygyň içini it ýyrtyp gelýärdi:
— Näçe wagt garaşmaly boljagymyz belli däl? — diýip, oglanjyk hüňürdedi. — Meniň uýam ýaly bolsa, ilki saýlan bolar, soň deňäp görer, geýip görer…
Birsalymdan soň Serž ýene-de uludan demini aldy. Bu onuň endigidi. Ol ýitiren wagtyna birjik-de gynanmaýar. Barybir, ol şu gün uzakly gün boş. Ene-atasy gezelenç etmäge rugsat beripdi. Kakasy: «Baýramçylyk bazaryna aýlan, ýöne gijä galman öýe gel» diýipdi. Bu wagt bolsa sagat ýaňybir dört. Roždestwo baýramynda berilýän dynç günlerinde ol, köplenç, toplan markalaryny tertipleşdirýärdi. Onuň syýahatçy ýa-da binagär bolasy gelýär. Emma bärde däl-de, başga yklymlaryň birinde. Onsoňam bu gowy hünär. Ol mesýö Žan Leruanyňam geografiýa bilen gyzyklanýandygyna şeýlebir begendi. Hä-ä, onuň nämüçin Magellan diýen lakamlydygyna indi düşündi: ol edil şol pursat beýik deňizçiniň terjimehalyny öwrenýärdi.
— Geografiýa bilen ýüzleýje gyzyklandyňyz, özüňiz üçin, şeýlemi?
— Özüm üçinem, beýlekiler üçinem.
— Indi?!.
— Näme indi?
— Siz näme?..
Dowamy bar ☘️
8
39