Ynsap (Hekaýa)6-nji bölüm
— Indi diňe ýatlamalarym bar.
— Hawa, ýöne geografiýa, meselem, geografiki kartalar näme?
Kartalar manysyz, biderek zatlar. Gury — ýerler, bogazlar, dag gerişleri, düzlükler — bularyň bary onuň ýatlamalary. Onuň öz gaýalary, öz deňizleri bar. Öz kölleri, öz depeleri bar. Kiçijik adalaram, tutuş älemem onuň eliniň astynda. Ol islese şäheriň içine-de, bütin Ýer şaryna-da, hatda galaktika-da aýlanyp bilýär. Ol her gün irden oýanyp, öz planetalaryny täzeden döredýär. Öz ýyldyzlarynam döredýär, bary-ýogy elini uzadaýmaly. Şu gün şol ýyldyzjyklaryň biri paltunyň ýakasyna gonupdyr. Planetalary bolsa ol zenanlara öwrüp bilýär.
— Ýeri boldy. Onuň yzyndan ýetmeli ahyry. Häziriň özünde ony tapsana, körpe.
Serž dükana tarap eňdi, eglenmänem yzyna gaýdyp geldi. Serž aýdylmaly zatlaryň baryny birin-birin aýtdy, emma ol eşitmedik boldy. Belki-de, hakykatdanam, eşiden däldir? Hanym kassir bilen gürleşip durdy ahyry.
— Mesýö, ol indi köp eglenmän çykarmyka diýýän.
— Eýýämmi? Onuň näme satyn alandygyny gördüňmi?
— Lyžaly typmak üçin geýilýän ýörite eginbaş alypdyr.
— Anyk gördüňmi?
— Elbetde. Hanha-da ol.
— Gyssan.
Ol çatrykdan öwrüldi.
— Siziň şol tanaýan diýýän hanymyňyz lyžaly typmagy gowy görýärdimi?
— Gowy görýärdi.
— Aý, indi ikiň biri lyžaly typýar.
Ol mesýöni gynandyrasy gelmese-de, ýuwaşlyk bilen:
— Birden bulam şo hanym däl bolsa näme?! — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Zenan ýene bir jaýa girdi. Otuzynjy jaý. Ol şu ýerde ýaşaýarmyka?! Ahmal şeýledir. Olar diň saldylar. Aýak sesi basgançak bilen ýokarlygyna barýar, ýokardan açarlaryň şakyrdysy eşidilýär, birdenem dym-dyrslyk bolýar.
Bäşinji gatda — diýip, oglanjyk gygyrdy.
— Sag bol, Serž, görüşýänçäk hoş. Men ýokarky gata çykaýyn.
— Ýeke özüňizmi?
— Hawa, indi kyn däl ahyry.
— Diýmek, siz şol hanymdygyna ynanýaňyz-da…
— Men hemişe ynanýaryn, ynanç — meniň gözüm, görşüm. Hoş gal, oglum, men gatlary sanaryn, alada etme — diýip, germewden ýapyşyp, ýokary çykyp başlady: ikinji gat. Ol şu ýerde ýaşaýarmyka?! Näme üçin ýaşamaly dälmişin?! Şäher etekden şu ýere göçendir-dä. Ol asylam şo ýerde galasy gelenokdy ahyry. Üçünji gat. Kakasynyň ýagdaýy nähilikä?! Dükandakak oglanjyk bir sorag berjek bolupdy-da. Emma edil şol pursadam ýitigimiz peýda bolupdy, Serž hiç zada ýetişmän galypdy. Aý, bor-la, munuň känbir ähmiýetem ýok-la. Soragyň nähiliräk terzdedigini ol şeýle-de güman edýärdi. Indi on ýyldyr ol şo soraga jogap berýär, hatda her gezek gabaklaryna elini degirmek indi halys endigine-de öwrüldi. Hawa-a, on ýyl. Serž: «Oňa-da on ýylmy?» diýip, soramagam ahmaldy. Dördünji gat. Hawa, oňa-da on ýyl: ajaýyp aw bolupdy, tokaý tutuşlygyna bir hazyna. O ýeri «hemmetaraplaýyn öwüsýän ýel» diýip atlandyrýardylar. O ýer durşuna arçalykdy, köpdi, gaty köpdi. Tüpeňiň sesi gyrymsy agaçlaryň arasyndan çykypdy. Onuň gözlerinde Gün edil aýna bölegi ýaly çym-pytrak bolupdy. Özi bolsa onuň gyýçaklarynyň üstüne ýykylypdy. Bäşinji gat. Baýramçylyk gijesi bolsa şo-ol dowam edip dur, dowam edip dur. Ireniň kakasy «Sizden gowy mugallym çykar» diýipdi. Şol döwürde olar bir liseýde işleýärdiler. Ol ýaňy işe başlan ýaş mugallym, Ireniň kakasy bolsa gimnastikadan ders berýärdi. Ol ýaş mugallyma ilkibaşdan gowy garaýyşly bolan ýeke-täk adamdy öýdýän. Ol näme öwredip biler?! Heý-de, ylymda el bilen görüp bolýa diýen düşünje barmy?! Ol eliniň aşagynda süýri zady duýdy. Bu nämekä? Boşluk barlyga öwrüldi. Ol biraz aýak çekdi: birden bärde birnäçe gapy bar bolsa näme? Ol:
Dowamy soñ aşakda👇