awadan
14.03.2025 09:19
Söýgi näme üçin gutarýar? 2
Beýnimiz garaşylmadyk zady islemäge, şol sebäpli her-hili höwes, tolgunşyk berýän ýagdaýy başdan geçiriljek geljege kodlanandyr. Eger söýgiden başlap haýsam bolsa bir zat garaşylan bir ýagdaýa öwrülse, bu tolgunşyk ýitýär we täze zatlar ünsümizi çekip başlaýar.

Täze bir telefon alsak, beýnimizdäki dopamin ulgamy herekete geçýär we şat bolýarys, keýpli bolýarys, emma ol telefon wagt geçdigiçe adaty ýagdaýa öwrülýär we soňabaka hiç bu ýagdaýdan şat bolmaýarys, dopamin ýitýär. Jynsy hyýaly fantaziýalar bizde dopamin täsiri döretse, şol bir fantaziýa 2-3 gezekden soň bizi tolgundyrmaz, emma täze bir fantaziýa ýene bizde dopamin döredýär. Şeýlelik bilen, täze bir gatnaşygam bizde dopamin döredýär. Sebäbi bu täze bir hadysadyr, heniz elimizde däl, syrlar bilen dolup ýatyr. Şol sebäpli öňki gatnaşygymyzyň arasyndaky sowuklygy täze bir gatnaşyk bilen dolduryp başlaýar. Netijede hem aýal hem-de erkek, täze bir gatnaşygyň signalyny alandan soň, ýene şol öňki gatnaşygyndaky duýan zatlaryny duýup başlaýar.

Bir derňewde bir erkek syçanyň kapasasyna 2-3 sany urkaçy syçan goýulýar. Urkaçy syçanlar jüwütleşmek döwründe. Erkek syçan hemme urkaçy syçan bilen jüwütleşýär, soňra erkek syçanyň güýji we islegi hem galman, bir gyra süýşüp, depressiýa düşen ýaly oturýar. Soňra ýene bir täze urkaçy syçan goýýarlar, erkek syçan ýene höweslenip, güýçlenip onuň bilenem jüwütleşýär. Ýene birini goýýarlar, ýene jüwütleşýär, ýene birini goýýarlar we ýene-de... Erkek syçan hiç durman jüwütleşmek isleýär. Jynsy islege bolan arzuw, täze bir kişi bolanda has artýar.
Söýginiň başynda gatnaşygyň derejesi gaty ulalýar. Söýginiň başlangyjyndaky bu motiwasiýa elbetde bellibir wagt aralagyna çenli dowam edýär. Biz bu wagt aralygynda, ýagny söýginiň ýaňy başlan iň süýji wagtynda söýgülimiziň diňe gowy taraplaryny görüp, nähili oňaýsyz taraplary bar bolsa ony görmeýäris. Söýgülimizi erbet tankytlamazlyk üçin beýniň tankytlaýjy bölümleri ýuwaşladylýar. Gözümiz onuň erbet taraplaryny görmeýär, gözümize bir perde goýlan ýaly bolýar. Bu söýginiň başyndaky bir illýuziýadyr. Ýöne bu illýuziýa soň wagtyň geçmegi bilen aýrylýar we oňuşmazlyklar başlaýar. Şol sebäpli öz pikirimizdäki idealy real kişide gaty ulaltmaly däl, sebäbi idealymyza ters gelen hereketler wagt geçdigiçe ýüze çykyp başlaýar we sögüşler, çekeleşikler başlaýar.

Söýginiň ömri barmy?

Gözleglere görä bir söýginiň ömri 18 we 36 aý aralygyndadyr (käbir beýleki çeşmelere görä 12-18 aý). Dünýäde "ömürlik söýgi" diýlen düşünje bar bolsa-da, beýindäki himiki täsirleriň adaty ýagdaýa gelmegi barlanan-da şeýle netije çykýar. Ýene-de gözlegçiler bu wagty bir çaga dünýä indirmek we ýetişdirmek üçin wajyp bolan wagt bilen baglanyşdyrýarlar. Aşyk bolmak gaty uly, duýguly, tolgundyryjy bir wagt aralygyny öz içine alýandyr we bulam ortaça köp kişi üçin 3 ýyldyr.
8
112
krol
15 Mart 2025
Soygi mydama tayyn tapandan sondoreuann
awadan
15 Mart 2025
@alma___, Aydylanlaryñ uğrunda bardyr
alma___
14 Mart 2025
Täze küýzäň suwy sowyk ,,-diýipdirlermi ata-babalar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.