Söýgi näme üçin gutarýar?Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zad-a, ýa-da halk dili bilen aýdylanda "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimizem bilsegem, biri-birimize aýtman, seredişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris.
Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt – söýülmekdir", "söýgi – bu hemme zatdan geçip, birlikde ýaşamakdyr", "adamlary söýgi ýaşadýandyr" we ş.m "söýgi şeýledir", "söýgi pylandyr" ýaly sözlere kän gabat gelýändiris.
Köp adam söýenden soňra, söýen kişisini hiç unutmajakdygyny, şonuň bilen mydama bagtly bolup, bir ömür sürjekdigini pikir edýär. Emma ol işler beýle pikir edişleri ýaly bolaýanok. Gatnaşyklar gaty çalt bozulýar, ýa-da jüwütler gaty çalt aýrylyşýarlar. Durmuş guranlaryndan soňra aralaryna sowuklyk düşüp, aýrylyşýarlar. Beýle bolmagynyň sebäbi näme?
Beýnimizde "dopamin" atly bir garmon bar. Bu garmon, biziň şat bolmagymyzdan, lezzet almagymyzdan, motiwasiýa we ş.m zatlardan jogapkär.
Meselem aýdaly biziň şäherimizde täze bir muzeý açyldy. Biz şol muzeýe barmak islesek beýnimizde dopamin döreýär. Biz ol muzeý barada hiç zat bilemzok, pikir edýäris "ol muzeý nähilikä?", "içinde nämeler barka?", "adam känmikä?", "içi ulymyka" diýip, we şeýle pikirler bizi dopaminiň täsiri astyna alýar, şat bolýarys. Soň biz ol muzeýe gidýäris, ony dostlarymyza hem aýdyp berýäris. Emma biz bellibir wagtdan, 5-6 günden soň ol muzeýi edil öňkisi ýaly pikir etmeýäris, sebäbi bu adaty ýagdaýa öwrüldi, orginallygy ýitdi, günlük durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi, indi öňki ýaly höwes etmeýäris, dopaminiň täsiri gutarýar. Dopamin çäksiz dowam edýän zat däldir. Sebäbi iň soňunda geljek, şuwagtky zamana öwrülýär.
Bir derňewde, syçanyň beýnine elektrodlar ýerleşdirilýär. Syçana bir kapasanyň içinde nahar berilýär. Syçan nahary görende beýninde dopamin döreýär, soň oňa yzygiderli nahar berlip başlanýar welin, syçandaky dopamin ýitýär. Sebäbi syçan naharyň geljegini bilýär. Emma bellibir wagt aralygynda däl-de, arada bir wagt nahar berip başlanýar welin syçanda ýene dopamin döreýär.
Biz haýsam bolsa täze bir zat etjek bolsak, beýnimizde dopamin döreýär (sebäbi beýin täze zady söýýär), meselem täze bir maşyn, täze bir öý, täze bir gatnaşyk, täze ýer, täze telefon we ş.m. Sebäbi arada garaşylmadyk hadysa bar.
Biz bir gatnaşyga başlan mahalymyz hem, başga garmonlar bilen birlikde, beýnimizde dopamin hem döreýär. Höwesek bolýarys, ol barada pikirler edýäris, tolgunýarys, geljege degişli arzuwlar edýäris. Ony ömrümiziň söýgisi, hakyky söýgimiz yglan edýäris, ony jynsy taýdan hem küýseýäris. We özümizi gaty şadyýan, bulutlaryň üstünde gezip ýören ýaly duýýarys. Soňra onuň bilen durmuş gursak, bellibir wagtdan soň, gatnaşygymyz öňkisi ýaly bolmaýar, bizde öňkisi ýaly höwes bolmaýar. Sebäbi ol öň garaşylmadyk bir hadysa bardy, emma indi günlük durmuşymyzyň bir bölegi, adaty ýagdaýa öwrüldi. Beýnimizdäki dopamin derejesi azaldy. Elbetde ýene biri-birimizi söýüp bileris, emma edil öňkisi ýaly tolgunşyk, höwes, motiwasiýa, keýpihonlyk ýok.