Myradyna ýetmedik söýgi(hekaya)3-nji bölüm
Ýuwaş-ýuwaş okuwam tamamlanyp barýardy.Tomusky dynç alşa az wagt galypdy. Näme üçindir, men dynç alşa howlugmaýardym, welaýatdan okuwa giren kursdaşlarym bolsa tersine şeýlebir howlugýardylar. Olaryň her biri öz ýaşaýan ýerleriniň taryply ýatlamalary bilen okuwynyň ilkinji ýylyny geçiripdiler. Bu soň hem şeýle bolar. Dynç alyş wagtymyzam gelip ýetdi. Biz mugallymlarymyz, kursdaşlarymyz bilen hoşlaşyp durduk. Birden ýüregim gysyp, okuw binamyza onuň aýnasyna seretdim. Aýnada Maral mugallymyň şekili göründi. Entegem anyk bilemok ýa hakykatdanam gördüm ýa-da gözüme görünüpdi. Şeýdip, çaltlyk bilen geçip giden talyplyk ýyllarymyň ilkinji ýyly geçip gitdi.
Men indiki täze okuw ýylyna, has ynamly hem gujurly geldim. Bu ýerdäki ähli binalar, baglar, güller, adamlar hat-da çyralaram maňa tanyşdy. Indi bu ýeri meniň öýümden känbir tapawut etmeýärdi. Täze dersler girizilensoň, bizi täze duýgular gurşap alýardy. Biz dürli otaglarda okaýardyk. Sapakda mugallym maňa bir kitap berdi-de, Maral mugallyma eltip bermegimi haýyş etdi. Kitaby alyp kafedranyň gapysyny gyssanman girdim. Sag tarapdan dördünji iş stolynyň başynda Maral mugallym otyrdy. Aljyraňňy ýagdaýa düşüp, ilkinji gezek gyryk ses bilen salam berdim:
-Salam mugallym
-Salam
-Şu kitaby size Bägül mugallym iberdi.
Kitaby stoluň üstünde goýjak bolup durkam, Maral mugallym elini uzatdy, kitaby ýene eline berjek bolamda, eli elime degdi. Bu hadysa mugallym üçin adaty ýaly bolsada, her gezek Maral mugallymy görende ýürek urşy üýtgeýän oglan üçin üýtgeşikdi. Ýüzüm gyzardy.
-Hä bolýar sagbol. Gutardygym ibererin diýäý.
-Bolýar. Sagboluň mugallym.
Kafedradan daşyna çykyp zordan dem aldym. Ýüregim şeýlebir çalt urmaga başlady, sapak gutaran badyna oglanlaryň birine suw getirmegi haýyş etdim.Suw içip azda kände ýeňledim.
Azat ýanyma gelip:
-Nazar ýagdaýyň gowumy, ýüzüň reňki dagy ak tam ýaly, näme boldy? Bolmasa rugsat alda gaýdaý.
-Ýok sagbol. Indi ýagşy. Gowy irdenlik edinmän gaýdanym üçindir.
Bu bahanam oglanlary aldasa-da, özümi aldamady. Aşyk bolmagy islemesemem, söýgä kän bir ynanmaýan oglan bolsamam G.Ezizowyň bir goşgusy ýadyma düşdi.
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän
Soňky günler maňa bir zada bolýar
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar.
Şol gün men özüme näme bolýanyna düşünmedim. Mende hiç bir agyry ýa keselem ýokdy ahyryn. Bolsa-da, bir-iki günden soň bu ýagdaý aýryldy. Talyplyk döwrümiň ikinji ýylynda men Maral mugallymy köp gördüm. Gün-günden ony görmek isleýärdim. Irden okuwa näçede gelýändigini, sagat näçede, haýsy kurslara sapagynyň bardygyny, näçede gaýtýandygyny men onuň ähli ýol düzgünini bildim. Şol wagtlara gabatlap ýörite onuň öňünden çykýardym. Her gezegem salam berip, onuň “salam” diýenindäki sesini eşidip, maýyl bolup geçýärdim. Onuň derek ýaly boýy, kömür ýaly saçy, gar ýaly ýüzi, içinde balyk ýüzübermeli diýlip wasp edilen umman ýaly gözi, salyhatly geýnişi, ýöreýşi, duruşy,oturyşy, gepleýşi, seredişi hemme zady meni özüne çekýärdi. Käteler özüme aşyk dagy bolaýdymmykam, ýeri mugallymy gowy görmäňde, başga söýmäge,köýmäge gyz tapmadyňmy diýsene diýip oýa batardym. Wah, il-gün muny aňaýsa men ýere girerin. Menden beterem Maral mugallyma talyby aşyk bolupdyr diýseler, eşidäýse näme, ol nähili ýagdaýa düşer. Men bu söýgümi hiç wagt, hiç kime aýtman. “Oglan kalbymda dörän söýgi bolmaly, wagt gerek geçer” diýýärdim. Geçmedi. Okuwyň dördünji ýylynyň ahyrydy. Öýdäkiler entegem meni öýermegiň hyýalyndadylar.Ýöne men başga gyza öýlenmekçi däldim. Içimdäkini bolsa hiç kime aýdyp bilmeýärdim, aýtmaly däldim. Iki ýyllap bir mahalky syrymy entegem, hiç kimiň ýanynda çözlemedim. Men 21 ýaşadym, Maral mugallym bolsa 29 ýaşynda. Onuň hyrydary kändi. Ýöne oňa mynasyby azdy. Ol hakykatdanam, özüne mynasybyny gözleýärdi. Men onuň bilen ylalaşýaryn.
Dowamy bar ☘️