awadan
11.03.2025 13:32
Myradyna ýetmedik söýgi(Hekay) 1-nji bölüm
Bu gün, meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri. Ahyry, maňa-da ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak nesip edipdi. Ähli tanyş-bilişlerime, dost-ýarlaryma bu habary telefon üsti bilen buşlap ýetirdim. Şeýdip, güýz paslynyň ilkinji güni bolan sentýabr aýynyň 1-i hem ýetip geldi. Men öz okuw lybasymy geýip,elime torbamy alyp,okuwa tarap ilkinji ädimim bilen ýola düşdüm. Näme üçindir,bu gün howa arassa, hem şeylebir tolgundyryjydy. Mawy asmanda ýekeje buludam ýokdy. Asman giňişligine bakyp duran goňur gözlerim, birden, mawy reňke boýalaýjak ýaly bolup görünýärdi. Ine-de, ulagdan düşüp okuwa geldim. Öňümde üç gatdan ybarat bolan ,giň howluly ymarat, meni garşy almaga taýýardy. Men entek wagtymyň barlygyna göz ýetirip, öz maýdalyma bu gündäki bu wakanyň soň, asla gaýtalanmajakdygyny bilip, ilkinji gezek okuwyň ýaşyl derwezesinden ätledim. Derwezäniň ýanynda gözegçi bolup oturan ýaşuly bilen salamlaşyp, ýolumy dowam etdim. Häzirki görünýän görnüş meniň üçin diýseň täze, üýtgeşik, şol bir sanda örän ýakymlydy. Okuwyň howlusynyň içinde gyzyl köýnekli, iki örüm saçly gyzlar, ak köýnek, gara jalbarly oglanlar,öz sapak geçjek binalaryna tarap barýardylar. Olaryň her biri öz işleri bilen gümrady. Biz bu ýerde birnäçe ýyl okasak-da, bu okuw jaýy her bir gapysyny kakan adama mynasyp dost, kär, ýar tapmaga uly mümkinçilik berýärdi. Men bu ajap görnüşi hiç wagt ýatdan çykaryp bilmen. Şeýle oýlanmalara gark bolup, daş-töweregime syn edip ýörşüme, men öz okajak binamyza golaýlandygymy hem duýman galdym. Jaň kakylyp, ähli talyplar okuw otagyna girdiler. Okuwyň ilkinji hepdesidigine garamazdan,men eýýäm bir-iki sany oglanlar bilen dostlaşyp ýetişdim. Olar örän şahandaz, göwnüaçyk oglanlardy. Şonuň üçin olar maňa degişip ”Nazar han” diýip ýüzlenerdiler. Şenbe güni okuwdan soň öýe gelsem, atamyň bize gezmäge gelendigini gördüm. Atam bilen salamlaşyp, üsti-başymy çalşyryp men, ýene atamyň ýanyna geldim. Atam biziň ýaşaýan ýerimizde “Nurmuhammet aga” diýlip sylanýan ýaşulularyň biridi. Okuwa girenimden soň, men atamyň üýtgeşik bir mesele boýunça bize gelendigini aňdym. Atam bu gezek gepi aýlap durmady-da, gönüledi:
Nazarjan, ine, sag-aman, nesip edenden okuwada girdiň. Hä diýmän, eliňe käriňi alyp, bir wezipäniň başyna geçersiň. Ýöne, şondan öň özüňe mynasyp ömür ýoldaşyňam saýlamagyňy isleýäs, oglum.

Kakam atamyň körpe ogly, men bolsa kakamyň körpe ogly. Menden uly gyz hem bir oglan doganym bar. Olaryň ikisi hem eýýäm öýli-işikli bolup, gujaklary perzentlidi. Atam ähli agtyklarynyň toýuny göresi gelýärdi, şonuň üçin ol menem gyssaýardy. Ýöne, entek men öýlenmek islemeýärdim. Uly geplemeklik ýaly bolsa-da, içimden öz-özüme “Enem-atam ýanymda, jaýym taýýar, iýjegim-içjegim bar, okuwa-da girsem başga zat gerek däl” diýýärdim. Edil şu wagt hem şu pikirde. Atamyň göwnüne degmezlik üçin nähilidir bir bahana tapmalydy. Olam okuw bahanasy boldy.
Ata, entek gowusy gyssanmaly-la, men ýaňy okuwa girdim, arkaýyn okaýyn, tejribe gazanaýyn, heniz 20 ýaşymam dolanok ahyry. Belki okuwda göwnüme laýyk gyz tapylar.

Näme üçindir bilemok, ýöne, atam öz diýenini tutup durmady. Meniň bilen razylaşdy. Megerem, okaýan ýerimde mynasyp gyza duşaryn diýenim üçindir. Her näme bolsa-da, men atam ikimiziň arasyndaky bu gürrüňiň entek gutarmadygyny, tä öýlenýänçämem gutarmajagyny, magat bilýärin. Aýlar, pasyla garaman geçip durdy. Eýýäm noýabr aýynyň ortalarydy. Gyş sowuk geljegini aňdyrýardy. Sapaklaryma oňat bahalar bilen ýetişýärdim. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, sylagdyr-medallary, baýrakly orunlary eýeleýärdim.

Dowamy bar ☘️
11
139
alma___
12 Mart 2025
Gyzykly eken
awadan
11 Mart 2025
@lite, Dowamy bar ertir goyjak👍
lite
11 Mart 2025
Dowamy bamyka??🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.