Myradyna ýetmedik söýgi(hekaya)2-nji bölüm
Şol sebäpli meni okuwyň içindäki köp mugallymlar, özümden uly talyplar tanaýardy. Olar bilen edil dogan ýaly bolupdyk. Günleriň birinde, kitaphanadan çykyp, üçünji gata galyp barýarkam, şol uly kurs dost oglanlarymyň biri, “Nazar” diýip meni çagyrdy. Yzyma seretsem, Arslan maňa toýuny aýdyp, elime toý çakylygyny tutdurdy. Men hökman barjakdygymy aýdyp hoşlaşdym. Öz okuw otagymyza baryp, men emaý bilen toý çakylygy açdym,bu çakylyk ömrümde maňa berlen ilkinji çakylykdy. Içinde uly bezelen hatlar bilen, “Arslan we Gözel” diýlip ýazylypdyr, aşagynda bolsa, toýuň geçiriljek ýeri. Men bu toýa hökman gidäýmelidim. Şol wagtam Oraz çaltlyk bilen elimden çakylygy kakyp alyp, ilki meň maňlaýyma, soňam öz maňlaýyna degrip:
-Dostjan bize-de nesip etsin, şeýdip toý tutup, çakylyk paýlamak.
Oraz, senem oňarýaň-aý, bize entek öýlenerden ir ahyry, entek biz ýaňy bir birinji kursa.
– Nazarhan, biz diläp bir galaly, galanam nesibe görübermeli bolarda. Menä öýlenjek welin, arman halaşýan gyzym entek ir göräýýärdä.
– Oňarypdyrda. Onsaňam, bu wagt öňki döwürdäki ýaly söýgi galdymy?
-Baý bow, söýgä düşünýänem gepledi. Söýseňem, söýmeseňem, esasy biri-birege wepalylyk hem ynam gerekmika diýýän dost. Kän kitaphon bolmasamam, kitaplaryň birinde “Söýgi- bu edil ölüm ýaly, ýaş saýlamaýar hem-de ölüm ýaly, duýdansyz gelýändir” diýip okapdym.
Şahyrlar ýaly geplediň. Ine munuň başga gep.
Men güldim. Orazam meň gülşüme güldi.Şeýdip, bile tirkeşip öýe gaýtdyk. Arslanyň toý günem ýetip geldi. Men toýa ýeke barmaga çekinip, ýanym bilen dost oglanym Azadam alyp bardym. Toý mekanynyň bosagasyndan ätläp içeri girdik. Dürli reňkdäki çyralar gözüňi gamaşdyrýardy. Toýuň şowhuny ýeterlikdi. Azat ikimiz tanyş oglanlaryň stoluna geçip oturdyk. Ýaşlaram geldi. Toý hasam gyzykdy. Adamlara syn edip oturşyma bu toýa okuwymyzyň mugallymlarynyň hem gelendigini gördim. Alypbaryjy Arslanyň kursdaşlaryny, mugallymlary toýy gutlamak üçin meýdança çagyrdy. Mugallymlar ýeke-ýekeden süýji sözler bilen toýy gutlaýardylar. Ýöne şol gutlagda sesi şeýlebir gulaga ýakymly zenan maşgala gürledi, men ýaşlara seredip durdum. Ses bolsa özüne çekip barýardy. Sesiň gelýän tarabyna seretsem owadan geýnüwli , uzyn boýly, ak ýüzli,salyhatly görünýän bir gyz toýy gutlap dur. Ol gyz toýy gutlanyndan soň hem, men oňa erksiz halda seredip galypdyryn. Içimden” sesi ýag ýaly, özem owadanja eken” diýip galdym. Ýöne içimden dälde. pyşyrdap aýdypdyryn.Ony hem Azat eşidipdir.
Kimiň sesi ýag ýaljak?
– Hol ýerde,ýaňy bir gyz toýy gutlady, sesi şeýlebir ýumşak, mylaýym eken. Hana ol gyz, gaýdyp barýar eýýäm. Arslanyň kursdaşlaryndan öýtýän.
Azat ýerinden turup gyza seretdi:
– Seň ol diýýäniň talyp däl-de, mugallym. Maral mugallym,ol çykmadyk gyz, uly kurslary okatýar. Nesip bolsa, bizem geljek ýyllarda okadar.
– Maral mugallym, şeýdiýsene, a näme üçin men ony häzire çenli görmedim?
-Aý Nazar men näbileýin. Hana indi gördüňä‼
– Howa indi gördüm.
Şeýdip biz toýam sowup, Azat bilen öýe gaýtdyk. Ertesi irden zordan okuwa gitdim. Toýuň ýadawlygy duýulýardy. Men arakesmede oýaly- ukuly ýöräp barýarkam, öňümden ilkinji gezek toýda gören Maral mugallymym çykdy. Men şol bada ukudan açyldym. Men oňa salamam berip ýetişmedim. Elinde birgiden depder, kitaplary bilen özişi gümra halda ýene gözümden ýitip gitdi. Näme üçin, men şu çaka çenli şeýle ajap adamy görmedimkäm? Ýa üns bermedimmikäm? Maral mugallym hakynda gyzyklanyp, ol barada tanyş oglanlardan soradym. Görüp otursam, ol biziň ýokary okuwymyzyň talyby eken. Zehinli bolansoň, ony mugallym edip alyp galypdyrlar. Ol 27 ýaşlaryna golaýlan eken. Bu maglumatlardan soň, men şeýle gyzyň nädip maşgala tutunman galandygyna geň galdym.
Dowamy bar ☘️